Akmyrat Gürgenli

Taryh ylymlaryň kandidaty

goliarne@yahoo.com

 

Türk hakany Madaý hanyñ (Mete hanyñ-Alp är Tunganyñ) Media/Mad  patyşasy Keýhosrow tarapyndan namartlyk bilen öldürilmegi we Ferdowsiniñ şahnamasyna syn

 

   Bu waka Türkmeniň taryhynda eneçeme gezek gaýtalandy, her gezeginde-de pajygaly tamamlandy, ýöne ondan sapak alara biziň henizem gözümiz açylmadyga meňzeýär.

  Türki halkynyň baş hakany Maday hany, Midia şasy Keýhosrow namartlyk bilen öldürdi, Kuroşuň ýanyna ilçi bolup baran Tumar hanymyň ogluny, bu zalym patyşa hilegärlik bilen öldürdi. Parslardan bolan aýaly, gije uwklap ýatan Aba serdaryň başyny aldy, jany-teni bilen Agamämet gajara gulluk eden Hojamberdi hana awy berip öldürdiler, Kümüşdepeli Ata hany, Astrabadyň häkimi namartlyk bilen atyp öldürtdi, Tumaç we arakadaşlaryny, Tahran režimi baryp ýatan namartlyk bilen öldürdi...

  Söweş güni asly ýada bil baglasak, beýle ýagdaýyň gaýtalanmajayna kim kepil geçip biler?

 

   Türki halkalarynyñ taryhynda gaty kän hökümdarlaryñ atlary saklanyp, bakylyga siñip galypdyr. Olaryñ biri, Maday-Hytaý çeşmelerinde bu at Mode görnüşinde görnüşinde ýazylýar.[1] Ol atly Hakan bolup biziñ eýýamymyzdan öñki 7-njy asyrda ýaşap geçipdir we Türki halkalaryny birleşdirip, «Skit-kimmer» ady bilen şöhrat gazanan ägirt uly döwleti esaslandyrypdyr. Häzirki geografik karta boýunça göz öñüne getirilse, onuñ emperiýasy Hytaýdan Kawkaz respublikalaryna, Orsýden Kiçi Aziýa topraklaryny öz içine aýlar.

   Madaýyñ adynyñ yzyna «gara» lakamy dakylypdyr. Gadymy Türki dilde bolsa, bu söz «batyr» manyny berýär eken. Şeýle-de Türki halklar Madaýa «Alp är Tunga»-da diýipdirler. Bu diýldigi, «ýolbars ýaly batyr, gaýdusyz» diýldigi eken. Pars-täjikler bolsa oña «Afrasiýab» diýipdirler. Gadymy Pahlevi, parfiýa çeşmelerinde ol «Frasiýab» görnüşinde ýazylypdyr. «Fra, şan-şöhratly» bolup, «siýab, siýah» gara diýmekdir. Aslynda ol Afrasiýab däl-de, «Afre-siýah» görnüşinde bolmaly we ol Madaý hanyñ parsça adydyr.

   İñ gadymy Türki kowumlaryndan bolan Altaýlylaryñ arasynda «Madaý gara» ady bilen dessanlar toplumy biziñ günlerimize çenli saklanyp galypdyr.

  Herodotyñ bize galdyran maglumatlaryna görä, Maday gara, Alp är Tunga, Afrasiýabyñ Kiçi Aziýanyñ halklarynyñ üstünden hökümdarlygy 28 ýyl dowam edipdir. Madaý hanyñ Midia eden hüjümi bolsa pajygaly tamamlanypdyr. Bu waka şeýle bolupdyr:

   Medianyñ şasy Forat, Assiriýalar bilen bolan urşda ýeñilýär we özi-de ölýär. Onuñ ogly Kiaksar-Keýhosrow[2] atasynyñ goşuny ýañdan toplap, tertibe salýar we Assiriýalaryñ üstüne çozup Nim şäherini gabaýar. İne şol mahalam Madaý hanyñ ägirt uly goşuny Midianyñ üstüne dökülýär. Kiýhosrowyñ olary öz ýurtlarynyñ çäklerinden kowup çykarmaga güýji ýetmänsoñ hilä ýüz wurýar. Madaý hana ýaraşmagy teklip edýär. Onuñ bu teklibi kabul edilýär we ýaraşyk mejlisi başlanýar. Midia şasy Madaýa we onuñ esgerlerine bihuş ediji derman goşulan şerap berýär we şol mejlide-de olary tygdan geçirýär.

   Midia-Eýranyñ şasy Keyhosrow bilen Turanyñ hökümdary Madaý-Alp är Tunganyñ özara urşlary, Keýhosrowyñ hilegärlik, namartlyk bilen Madaý hany öldürişi baradaky wakalar pars-täjik we Türki halklarynyñ folklorlarynda, Ferdosynyñ «Şahnama» eserinde hem öz beýanyny tapypdyr. Ýöne Şahnamada Madý hanyñ-Afrasiýabyñ ölümi başgaçarak beýan edilýär, ýagny Keýhosrow ony söweşde ýeñýär we jezalandyryp öldürýär. Gadymy Türkiler bolsa Alp är Tungany öldüren Keýhosrowy näletläp, dessanlar, aýdymlar, rowaýatlar döredipdiler. Şeýle dessanlaryñ birinden bölekler Mahmyt Kaşgarynyñ «Diwan lugat Türk» eserinde-de getirlipdir.

   Alp är Tunga zäherli badany içirip, onuñ pajygaly takdyrynyñ üstünden gülýän Keýhosrow şeýle diýýär:

«Onuñ işin bitirdim,

Dostumny gaçyrdym,

Ölüm zährin içirdim,

İşte ýüzün tüýkürdim.»

 

   Alp är Tunganyñ ölümi bilen agylary M.Kaşgarly öz kitabynda getiripdir. Ol 14 setirden ybaray bolup, şu günki Türkmen zenanlarynyñ öz ýakyn adamlary ýogalandaky agylaryna gaty meñzeş. Şondan birnäçe setir:

«Alp är Tunga öldümi,

Ýaman dünýä galdymy,

Ýaman öjün aldymy,

İndi ýürek ýyrtylar.

 

Böri bolup öldüler,

Ýaka ýyrtyp durdular,

Aglap-aglap ýördüler,

Göz ýaşlary syl boldy.

 

Ýüregim täk-täk boldy,

Biten ýaramy dildi,

Geçmiş hatyra galdy,

Tün-tün ony küýsedim.

 

***************

 

Ferdowsi we onuň şahnamasy barasynda kelam agyz söz

 

   Pars edebiýatçylary şahnama poeziýasyny pars mifologiýasy esasynda dörän uly manumental diýip gürleýärler. Eseriñ döreýşi barasynda şeýle maglumat bar: «Türk hökümdarlary Gaznaly soltan Mahmyt "Eýran-Turan" taryhy hakynda bir eser ýazylmagyny buýrupdy. İlki şahnama eserini 996-njy ýylda Maryly "Mesudi Märwäzi" ýazyp başlaýar, ondan soñ "Dakyky" bu işi dowam edýär, Dakyky ölenden soñ Ferdowsi iş başyna geçýär. Parslaryñ toslan rowaýatlaryna görä soltan Mahmyt eseriñ her beýtine bir altyn berjegini wada berenmiş. Ferdowsi öz "şahnamasyny" ýazyp soltana hödürleýär. Soltan Mahmyt eser bilen tanyş bolanda soñ, ony halaman, altyn ýerine kümüş derem (derhem) berenmiş, Ferdowsi muny görüp, soltanyñ adyna ýazgaryjy goşgy goşup, sora gorkusyndan başga ýere gaçyp gidenmiş. Aradan bir näçe wagyt geçenden soñ, soltan öz eden işinden puşman bolup altynlary ýollaýar. Ýükli kerwen şäheriñ bir derwezesinden girende, dünýäden öten Ferdowsini jaýlamak üçin, adamlar şäheriň ol bir derwezesinden çykyp baran, şahyryñ gyzy bolsa iberilen altynlary yzyna gaýtaranmyş.»

   Pars edebiýatçylaryñ toslap tapan bu rowaýaty bu ýerde bitýär. Ýöne bu  rowaýat bilen baglanşykly birnäçe sorag ýüze çykýar:

1-    Şahnama dogrudan pars mifologiýa esasynda ýazlylanmy?

2-    Näme üçin soltan Mahmyt Ferdowsa altyn bermändir, soltan bu işi bilen nämäni añlatmak isläpdir?

 

  Şahnamanyñ Türki halklarynyñ mitologiýasy esasynda dörändigi barasynda Çiniň çeşmelerinde maglumat bar. Ferdowsiniñ düzen eseri şol ynançlara daýanyp ýazylan. Ferdowsi «ussatlyk» bilen rowaýatyñ orginalyny degişdirip, ony pars ruhuna uýgun äheñde ýazýar. Ol pars mifologiýasyndan peýdalanyp, Rüstemeniñ atasynyñ bir simrug guşy tarapyndan beslenendigini we ş.m-ler beýan edýär.

   Ferdowsi öz eserinde parslary jomart, batyr, türkleri bolsa wagşy, zelil, gorkak diýip häsýetlendirýär. Söweşlerde mydam parslar üstün gelip, türkler bolsa ýeñilýär. Ferdowsi türklere: "Bu siziñ alyn ýazgydyñyz, öz pesligiñzi boýun alyñ, parslaryñ beýikligini, türkleriñ elleriniñ astyndygyna ynanyñ, pars päliwany Rüstemi, hiýç bir türk päliwany ýeñip bilmez, ýeñse ony diñe öz ogly (Sohrap) ýeñer" diýip, eserinde türkleri ruhy taýdan basgylaýar. Bulara sin etseñ Ferdowsiniñ şahnamasy ynsanlary kemsidiji, baryp ýatan şownistik ideýadan ylham alan eserdigi mese mälim.

 

  Eseriñ dili arassa pars dili diýlip öwülýär. Pars diliniñ lekstologiýsynyň üstünde işlän rus alymy Peysiokowyñ hasaplamagyna görä häzirki pars dilinde 250 müñ söz bar, onuñ 175 müñi arap dilinden alnan sözle, dimek, pars dilindäki sözleriñ 75%-i arapça, galan 25% sözler bolsa türk, mongol we Ýewropa dillerinden alnan sözler. Esasan pars dilindäki sözleriniñ 10-dan 9-i alynma söz.

  Parslar tarapyndan "dünýäniñ uly mitologiýasyny beýan edýän " hökmünde öwlüp arşa çykarylan şahnamada diñe 4 müñ sözden peýdalanylypdyr. Deñeşdirme hökmünde aýytsak rus dilinde 200 müñ söz bolsa, Puşkin öz eserinde 17 müñden artyk sözden peýdalanypdyr. Göwrüm taýdan beýle uly bolan şahnamada 4 müñ sözden peýdalanylan bolsa, bu, eseriñ poetik mazmunyny aç-açan orta çykarýar.

  Muña garamazdan Ferdowsiniñ öñe süren şowunistik äheñli 60-müñ beýitli eserinde başga dillerden ýekeje-de söz alynman, arasynda çäre bolmansoñ diñe bir näçi arap sözlerinden peýdalanany üçin ol, öz okyjylaryndan ötünç soraýar.

  Ferdowsi öz eserinde diñe türkleri däl, edil şol bir wagtyñ özünde araplary hem kemsidip, olary "düýe südüni içip, paşlak etini iýip ýören wagşylar" diýip kemsidýär. Ferdowsi pars we umuman bütin gündogar edebiýatynda şowunistik dünýägaraýyşly ýeke-täk «şahyr». Ne Ferdowsiden öñ, ne-de ondan soñ gündogar edebiýatynda 2-nji bir şowunist söz ussadyna gabat gelinmeýär.

 

     Gaznaly soltany Mahmyt Ferdowsä şahnama eseri ýazmaga buýruk berende, Eýran-Turan söweşleriniñ obeýektiw görnüşini beýan edilmegini talap edipdir. Eser düzlüp, soltana hödürlenende, maslahatlaşylan zatlaryñ terisine gabat gelinýär. Soltan Mahmyt özüni "Alp är Tunga"-nyñ (Ferdowsi ony Afrasiýab adyna ütgedýär) hakyky mirasdüşeri saýärdy. Ol döwürde Alp är Tunganyñ gahrymançylykly keşbi il arasynda giñden ýaýrapdy. Bu milli dessanda Alp är Tunganyñ mertligi, başarjañlygy, il-gün hem toprak üstünde görkezen batyrlygy wasp edilýär. Bu milli destan türkleriñ arasynda giýñden ýaýran, hatta aradan ýüz ýyllar geçse-de türkleriñ Alp är Tungany ýüreklerinde ebedileşdirmekleri barasynda 11-nji asryñ uly Türk dilçi alymy Kaşgarly Mahmyt öz "Diwan-e logat-e türk" eserinde Alp-är Tunganyñ ölümi barasynda agylary ýerleşdiripdir.

  Şeýle-de 11-nji asryñ uly türk şahyry, "Gutadgubilik" (bagyt beriji ylym) eseriñ ýazyjysy Balasagunly "Ýüsüp hajeb-e has" hem öz eserinde Alp är Tungany hormat bilen ýatlaýar.

 

  Ferdowsi öz şahnamasynda türkleriñ milli gahrymany Alp är Tunganyñ adyny Afrasiýaba üýtgedip, ony ýüregi gara, erbetligiñ yzynda bolan adam hökmünde sypatlandyrýar. Ferdowsidan soñam pars edebiýatynda ony şeýle tandyp gelýärler.

   Ferdusiniñ ýaşan döwri(934-1020) Eýran, Gaznaly türk häkimiýeti astyndady. Ferdowsiniñ öz eserini şeýle şowunistik ruhda ýazmagy, türkleriñ hökümetine çydap bilinmedik reaksiýa, garşylyk we onuñ netijesidi. Gaznaly soltanyñ we türk halkynyñ Ferdowsi tarapyndan kemsidilmegi geçip bolmajak günädi. Şoña görä soltsan Mahmyt altyn ýerine kümüş ýollaýar. Muña meñzeş başga bir hadysa hem Omar Haýýamyñ döwründe bolýar. Haýýam "Nowruz-nama" eserinde parslary batyr halk edip görkezmäge synanşýar. Haýýam öz eserini Seljulky soltan "Börük-ýaryga" hödürläp, uly serpaýa garaşýar, emma soltan ony sowuk garşy alýar. Haýýam eden ýalñyşyna düşnüp galýar. Şahnamanyñ ýazylmagyndan 300 ýyldan köp geçenden soñ türkleriñ beýik serdary "Emir Temir"(agsak Teýmur) Ferdowsiniñ mazarynyñ üstüne baryp: "Gal aýaga, gorkoklygyna gülüp, masgaralan Türki gör" diýenmiş. Bu faktiñ özi Ferdowsiniñ pars şowunizmine gullhk edendigini görkezýär.

   Parslaryñ orta atan rowaýatynda göýe soltan Mahmyt soñundan puşman bolup, eseriñ gadryny bilip şahyra altyn ýollandygy aýdylýar. Bu düýbünden ýasama we toslanyp tapylan gürrüň. Soltan Mahmyt puşman bolar ýaly hiç bir ýalñyş iş etmändi.

   Ferdowsiniñ ýazan şahnamasynyñ galplaşan destanlaryny ýüze çykaran şahyr Ahmat Şamlu (Şamly), 1994-nji ýylda Amerikanyñ Berkli uniwersitetinde gyzykly çykyş etdi. Onuñ pikirine görä "demirçi Kave"  we gerişlerinden aždarha çykyp duran "Zahhak" destany düýbünden tersine. Zalym diýlip görkezilen Zahhak ýuwrtda baý-feodallaryñ bähbitlerini howpa salýan, garyp-gasarlaryñ peýdasyna reformlar geçireni üçin, tagytdan agdarylan Ferýdun şanyñ küşgürmegi bilen demirçi Kave aýaga galyp, Zahhaky agdaryp, Ferýduny tagta çykarýar. Ferdowsi şahnamasynda Zahhaky baryp ýatan ýawuz adam hökmünde sypatlandyrýar, gerişlerinden çykyp duran aždarlaryny köşetmek üçin her gije iki ýigidi öldürip, onuñ beýnisini aždarlaryna idirýän adam görnüşinde beýan edilýär.

  

 

 

 

 



[1] Onuň aydy «Awestada Färnegersin» diýilip getirilýär, bu sözüň manysy bolsa «gorkunç» diýilip görkezilýär. Gadymy Pahlewi dilinde ol «Frasiýaw» diýilipdir. Ferdowsi Afrasiýabyň atasynyň adyny «Ýeşeng» diýip belleýär.

[2] Ferdowsynyň Şahnamasynda Keýhosrowyň atasy Siýawoş, enesiniň adyny bolsa Färengis (Ferigis) diýip görkezýär. Siýawoşyň ölümine buýruk berenligi sebäpli, Keýhosrow, Afrasiýaby öldürmek bilen atasynyň aryny alýar.