Bahar baýramçylygyny ilkinji oýlap tapanlar

(Sumerliler)

 

Ynsan taryhyny öwrenen alymlaryň şu güne çenli alan netijelerine görä, adamzayň medeniýet binasynyň düýbüni tutanlar, şol sanda birinji gezek bahar baýramçylygyny oýlap tapan halk sumerlilerdir. Sebäbi olar dünýäde ilkinji gezek (b. e. ö. 3000) ýazuwy (çüý hatyny) oýlap tapmak arkaly jemgiýetiň ähli tejrbelerini, düşünjeleridir däp-dessurlaryny beýleki ynsanlara ýetirip geljegki nesillere galdyrmagy üpjün etdiler. Hut şonuň üçin hem, uly sumerolog S. N. Kramer aýtmyşlaýyn “Taryh Sumerden başlanýar”.

Sumerliler Mesopotamiýada (Häzirki Yrakda) ýaşapdyrlar. Emma olar Mesopotamiýanyň ýerli ilaty bolman eýsem, başga bir medeniýetiň ösen ýurdundan ähli tejribeleri bilen gelip ol ýurdy az wagtyň içinde özgerdipdirler. Dilleri ne Indogerman ne-de Samid dillerine degişli bolan bu halkyň ata-watanlarynyň nire bolandygy hakda aýry-aýryrak pikirler öňe sürülse-de, alymlaryň aglaba köpüsi olaryň Orta-Aziýadan, has anygyragy biziň iňňän gadymy ata-watanymyz Türkmenistandan göçüp gelendiklerini ykrar edýärler. Biz aşakda birnäçe tanymal alymlaryň garaýýşlary bilen tanyş bolarys:

Emirkanyň hem bütin dünýanyň tanymal alymy, ençeme uly tomlardan ybarat „Dünýä medeniýetleriniň taryhy; atly eseri döreden ;Will Dorant; özüniň bu işiniň birinji tomunyň “Medeniýet sallançaklary, Orta-Aziýa ;Änew; - akly haýran edýän ýollar” diýen sözbaşyly bölüminde şeýle ýazýar: << Haçan-da biz geologlar taryhdan öňki uzak geçmişleriň dumanyna aralaşmaga synanşanymyzda, şu günki Orta-Aziýanyň gurak çölleri, irki zamanlarda çygly hem maýyl kilimaty bolandygyna ynanýarys hem-de bu ýerlerde gölleriň we bol suwly akabalaryň bolandygyny görýäris. Buzlaryň iň soňky gezek çekilen geologik döwründe bu ýerlere gurakçylyk aralaşýar, ýagyn suwlary bolsa bu ýerde döredilen obalardyr şäherleriň saklanyp galmagy üçin ýeterlik bolmaýar. Hut şonuň üçin hem bu medeniýetleri döreden adamlar, öz ýurtlaryny taşlap suw gözleginde dünýäniň dört ýanyna  dargamaly bolýarlar. Bakteriýa ýaly ýary göwresi çölüň çägesine gömülip galan şäherlerde gaty köp ilatyň ýaşandygyny görýäris. Hatda 1868-nji ýylda-da Günorta-Türtüstanyň 80,000 ýaşaýjysy, süýşüp gelýän çägelerden howatyrlanyp ýurtlaryny terk etmäge mejbur bolupdylar.

1907-nji ýylda ;Pumpelli; Änewde (Günorta-Türküstanda) biziň eýýamymyzdan öňki 9-njy müň ýyla degişli medeniýetiň galyndysy hasaplanýan daş gurallary hem başga zatlary gazyp çykardy…

Biz bu ýerde arpa, bugdaý we dary ýaly gallalaryň ýetişdirilendigini, mis ýaly metallaryň ulanylandygyny, haýwanlarň ekdi edilip ýetişdirilendigini hem-de taňsykdan (kramikadan) ýasalan bezeg şaýlaryň ulanylandygyny görýäris. Şu düşünjeden hereket etmek bilen biz, öz bilip bilmeýän zatlarymyz üçin şeýle bir pikiri öňe sürýäris:  

Ýagynsyz asmanyň abanmagyna we guraklyga uçran topraklardan emele gelen çölleriň basgysyna çydap bilmedik ilat üç ýana dargap, döreden medeniýetlerini hem özleri bilen alyp gidýärler… olar, gündogara tarap Hytaý, Mençury hem demirgazyk Emirka, gönorta tarap Demirgazyk Hindistana, günbatara tarap bolsa Ilama, Sumere we Müsüre hatda Italya we Ispanýa çenli baryp ýetýärler. Susada (häzirki günorta-günbatar Eýrandaky Şuş) irki Ilamda tapylan köne medeniýet galynydlary-da Änew medeniýetiniň tipi bilen şeýle bir meňzeş welim, adamzadyň medeni taryhynyň ümüş-tamyşynda, takmynan biziň eýýamymyzdan 4 müň ýyl öň, Änew bilen Susanyň arasynda medeni gatnaşyk saklanandygna  esas döreýär. Şeýle bir meňzeşligiň hem yakyn garyndaşlygyň bolsa, Änew bilen Mezopotamiýadyr Müsüriň gadymy sungat we el işlerinde görülmegi, bu ülkeleriň arasynda-da taryhdan öňki döwürlerde gatnaşygyň bolandygyny hakyda getirýär…>>[1]

Alym sözüniň dowamynda sumerlileriň hem Orta-Aziýadan ýa Hindistandan ýa-da Kawkazdan gelen bolmak ähtimallaryny öňe sürenden söň, sumerlileriň dili bilen mogul (mangul) diliniň arasynda bar bolan meňzeşlikleri-de nygtap geçmek bilen, özüniň bu baradaky jemleýji pikrini şeýle açyklaýar:  

<< Ýazuwa geçen taryhyň azyndan 6 müň ýyl ýaşy bar. Biziň elimizdäki maglumatlara görä bu döwrüň deň ýarysynda ynsanlyk hereketiň merkezi ýakyn gündogar bolupdyr. Ýakyn gündogar diýip gümürtigiräk salgy bermekden biz, bütin Gündogar-Aziýany göz öňünde tutýarys. Bu giňişlik, Orsýet we Garadeňziň günortasyny, Ýakyn-Gündogar bilen gatnaşykda bolan Müsüri-de öz içine alýar.

Bu giňişlikde ýaşaýan örän işeňňir hem dörediji halkyň döreden dürli medeniýetleriniň bir-birine ýetiren garşylykly täsiri netijesinde: Ekerançylykdyr söwda gatnaşyklary, at ýetişdirmekdir araba ýasamak, zikge kakmakmakdyr kredit düzgüni ýola goýmak, dokmaçylykdyr el işleri, döwlet hem kanun, ýazuwdyr elipbi, matematikdir meditsine, ylmy esasda ýer suwaryş sistemasy, geometriyadyr astronomiýa, edebiýatdyr saz sungaty we… ýüze çykypdyr.

 “Türk ensiklopediýasynda” bu barada şeýle setirler bar: << Günorta-Mezopotamiýada geçirilen derňewlerde, ylaýta-da URUK şäheriniň harabasynda kesgitlenen medeni gatlaklary bilen, başga-da aýry-aýry ýazuw merkezlerinde bulara deňeşdirmek arkaly alynan maglumatlara görä, sumerlileriň Mezopotamiýanyň ýerli ilaty bolmandygyny görkezýär…

Sumerlileriň umuman gündogardan gelendikleri ykrar ediýär. Bu pikiriň, arheologik hem-de filologik taýdan bir topar gatnaşyklaryň hem meňzeşlikleriň barlygyndan ýüze çykmagy örän tebigydyr…

Tanyma sumerolog alym ;S. N. Kramer; hem sumerlileriň b. e. ö. dördünji müň ýylyň ikinji yarymynda gelen bolmaklaryny, ata ýurtlarynyň bolsa doly kesgitlenmändigini ýatlaýar. Onuň ynamyna görä “Enmerkar we Aratta” barada gürrüň edilýän ;epiki urug;lardan kesgitlenip boljakdygyna esaslanmak arkaly, belki-de Hazar töwereginde gurulan şäher-döwleti bilen ýakyn baglanşykda hem gatnaşykda bolandyr diýmek bolar. Belli möçberde Ural-Altaý dillerini hakyda getirýän Sumer dili-de biçiwi taýyndan bir Agglutinativ (Iltisaky) dildir. Bu dil hadysasy-da ;Aratta; dessany ýaly edil şol ýurt çäklerine (Hazar töweregine, m.) yşarat edýär.>>[2]

Biz ýokarda prof. Krameriň tarapyndan, sumerlileriň ýakyn gatnaşykda  bolan hem-de onuň pikrine görä Hazar töwereginde ýerleşen ;Aratta; şäheriniň irki türkmenistanda ýerleşendigi barada, öňki şurewiniň görnükli alymlarynyň tarapyndan ýazylan TSSRiň taryhynda şeýle maglumatlara gabat gelýäris: << “Margiýananyň oturan tutuş welaýeti dogrusynda aýdylanda, olaryň ýerleriniň köp bölegi suwuň azlygy sebäpli çol bolsa-da, olaryň birnäçesi bar” diyen gös-göni görkezme bar. Parfiýa Margiýanasynyň şäherleriniň has doly sanawy, onda-da koordinatynyň gorkezilmegi bilen, ýöne welin, koordinatynyň asla dogry bolmadyk görkezilmegi bilen biziň eýýamymyzyň ikinji yüz ýylynyň birinji ýarymynda ýaşan awtor ;Klawdiy Ptolemeý tarapyndan ýazylandyr. Bu şäherleri gündogar uzaklygyň 102 gradusy bilen 106 gradusy aralygynda diýip görkezip, şäherleri günortadan demirgazyk tarapa sanamak bilen, ol şu aşakdaky dokuz şäheriň adyny ýazýar: Nigeýa (Niseýa), Gurýana, Reýa, Antihoýa, Margiana, Nasoiý, Argadina (Aradena), Sena (Sina), ARATA we Ariaka.>>[3]

Eýranly taryhçy Dr. M. Mäşkur hem bu ugurda seýle ýazýar: << Wawilonyň ilkinji oturumly uruglarynyň sumerliler ýa-da samidler bolandygy hakynda, dürli garaýyşlar bar. Bu gün alymlaryň köpüsi sumerlileriň Wawilonda oturumlylyga geçendigini nygtaýarlar. Sumer ýurdy Töwratda ;Şen-ar; ady bilen geçýär… Sumerden tapylan bürünç şaýlardan düşünilşine görä, olary Ýefrat derýasynyň ýakalaryna birden, garaşylmadyk ýagdaýda gelip, medeniýetlerini bolsa Hzar deňziniň günorta-gündogaryndan özleri bilen getiripdirler. Emma alymlaryň kä birleri bolsa, olaryň deňiz tarapyndan bosup gelendiklerini öňe sürýärler. >>[4]

Ýene bir Eýranly taryhçy Hasan Pirniýa bu barada şeýle ýazýar: <<… Emma akkadlaryň we sumerlileriň nireden gelendigi hakynda, Aşgabadyň golaýyndaky Änew, Astrabadyň ýakynyndaky (Türkmensähradaky B. G.) Tureňdepe( kä çeşmelerde Turandepe B. G.) hem-de Daraýgezden (Mäne-Çäçe töweregi B. G.) tapylan taňsykdan (keramikadan) ýasalan gap-gaçlar we şoňa meňzeş zatlaryň ýasalşy Ilam istili bilen deň bolup, altyn küýzeleriň ýüzünde bolsa sumerlileriň suratlary gazylandygyny göz öňünde tutmak bilen kä alymlar, Ilam medeniýeti bilen Zakaspy (Günorta we Günbatar Türkmenistan B. G.) medeniýetiniň bir-birine baglanşygy bolupdyr, belki-de sumerliler hem demirgazyk tarapdan pars aýlagyna hem-de Wawilon jülgesine gelendirler diýen pikri öňe sürýärler…>> [5]

Bu alym kitabynyň giriş bölüminde, dünýädäki ähli dilleri bir näçe topara bölüp, Sumer hem Ilam dillerini-de Ural-Altaý we beýleki Agglutinativ (iltisaky) dil toparynda goýýar.

 Alym ;Andre Parrot;yň pikrine görä: << Sumerleriň şeýle çalt ösüp bilmeginiň sebäbi olaryň özleriniň ençeme müň ýylyň dowamynda gazanan tejribelerinden peýdalanmaklarydyr…

Mezopotamiýa täze gelen bu uruglaryň nireden gelendigi we olaryň nädip biri-birleri bilen birleşendikleri baradaky soraglar bu gün hem alymlaryň arasynda jedelli meseledir, çünki oňa anyk jogap bermek gaty kyndyr. Şeýle-de bolsa, aýdyp boljak zat olaryň samid uruglaryndan däldikleri, dilleriniň bolsa häzirki tanalýan diller bilen derňäp bolmaýandygy hem-de olaryň Ata-Watanlarynyň Hazar deňziniň aňyrsyndan (alym deňziň gündogaryny göz öňünde tutýar, B. G.) we ondan hem aňyrrakdan gözlenmelidigidir. Has anygyrak aýdyp boljak zat bolsa, olaryň gelmekleriniň Mezopotamiýa medeniýeti üçin örän uly ähmiýeti bolup, özlerinden ölmez-ýitmez yz galdyrandyklarydyr…>>[6]

Elbetde alymyň bu ýerde “Sumer dilini häzirki tanalan diller bilen derňäp bolmaýar” diyip, haýsy dilleri göz öňünde tutup aýdýandygy bize belli däl. Biziň pikrimizçe eger-de Sumer dilini aýry-ayry türki diller ylaýta-da biziň iňňän gadymy sözlere baý türkmen dilimiz bilen derňemek mümkinçiligi bolsady, onda başgarak pikir etmegi-de mümkin bolardy.

Almanly alym prof. ;Werner Stein;yň bu baradaky iň täzeräk öňe süren pikiri bilen tanyş bolalyň: << Sumerlileriň (b. e. ö. 3300) Orta-Aziýadan gelen bolmak ähtimaly şu aşakdaky faktorlardan ýüze çykýar: Olaryň dilleriniň Altaý türk diline çalymdaş bolmagy, çokunma jaýlarynyň (ybadathanalarynyň) formasy we şonuň ýaly-da çokunma jaýy suratlandyrmak üçin ulanylan belgileriň ;dag motiwi; bolmagy hem-de umuman yazuwda ulanylan belgileriň dag ýurtlary bilen kybapdaş gelmegidir.

Sumerlileriň dini ynançlarynyň köküniň-de Orta-Aziýadan ya-da Bakteriýadan bolmaly diýen manyny aňladýan zatlar bolsa, dag çokunma jaýlary, dag öküzine sejde etmek ýaly faktlardyr…>>[7]

Indi, Türkmenistanyň gadymy taryhyny öwrenmekde iň esasy işler edip, bu ugrda örän ylmy eserler ýazan, tanymal alym ;Vadim M. Masson;yň eden açyşlarynyň esasynda öňe süren pikirleriniň biziň temamyza degişli taraplary bilen gysgaça tanyş bolalyň:

<< Altyndepe töwereginde ilkinji ekerançylaryň oturumly ýurtlary iň giç b. e. ö. 5000 ýylda ýüze çykandygy bellidir. Olardan, ýüzi ýönekeý geometrik nagyşlar bilen bezelen küýze döwükleri galypdyr. Şol döwriň ýaşaýjylary öz döreden medeniýetlerini ösdürip ýaýratmagy başarypdyrlar. Biz bu ösüşi yzarlanymyzda, küýzeler yzygiderli owadanlaşýar hem bezegleri artýar. Bezeglere haýwanlaryň we ynsanlaryň suratlary-da girýär, şonuň ýaly hem çylşyrymlaşýar. Sazlaşykly iki reňkli nagyşlar, keçäniň ýüzüne salynýan nagyşlary ýatladýar.

Gazuw işlerinde köp gabat gelýän bürünçden guýulan, owadan daşlardan şekillendirilen gap-gaçlar, tehnikanyň ösendigini aňladýar. Olar, ekerançylykda has öndümliräk tehnikalary girizmek üçin, dürli suwaryş gurallary döredipdirler…

Radio-karbon usuly bilen kesgitlenende, döredilen gadymy şäherleriň taryhy b. e. ö. Üçünji müň ýyla gabat gelýär…

Altyndepedäki şäheriň aýry-aýry böleklerinde (etraplarynda) geçirilen gazuw işleriň netijelerini şeýle suratlandyryp bileris: şäheriň ýaşaýjylary aýry-aýry gatlaklara bölünip, ol gatlaklaryň arasynda bolsa manyly çäkler saklanypdyr. Bu şäheriň ähli böleklerini öwrenmek arkaly onuň ilatynyň sanynyň hem takmyny belli bolýar.

Bu gadymy şäherleriň ilatynyň sany bir çaklama bilen 6000-7500 ýaşaýjydyr. Bu san şol döwür çin örän manylydyr. Sumer medeniyetiniň merkezi bolan UR şäheriniň ilaty hem b. e. ö. 2500 ýylda 10000 adamdan ybarat bolupdyr…>>[8]

Alym Altyndepäniň arhitektura we heýkeltaraşlygynyň aýratynlyklary hem onuň din bilen bolan baglanşygyny düşündirýän bölüminde, şol sanda şeýle ýazýar: <<Daşdan ýasalan bir plaketiň ýüzündäki bir haç (atanak) bilen ýarym aýy suratlandyrýan, şonuň ýaly hem bir gurt bilen öküziň kelleleriniň heýkelleriniň tapylmagy, aýratyn üns çekiji hem manylydyr. Öküziň gözi, hem-de bir aý görnüşindäki heýkeljigiň ýanyndaky ýyldyz, ýakutdan ýasalypdyr. Bu tapylan zatlary bilelikde alanyňda, belli bir çylşyrymly hem köp taraply funksiýany aňladýar. Gadymy Mezopotamiýadaky dini tekstleriň düşündirişine görä, aý taňrysy Nin-Sun, güýçli hem gyzma öküz görnüşinde ýüze çykypdyr. Heýkeltaraşlar ony altyndan ýasalan öküzüň heýkeli bilen suratlandyrypdyrlar. Aý taňrysy Sumeriň UR şäheriniň iň ýokary derejeli goraýjysydyr. Hut şonuň üçin hem örän uly hem çylşyrymly çokunma jaylary (kultkopleksi) oňa hödürlenipdir. Bu şäheriň meşhur zigguraty hem şoňa degişlidir (bu ybadathananyň ady ANUdyr, B. G.). Nin-Siniň Altyndepedäki ýerli wariýanty bolan bir erkek ;aý taňrysy; hem ünsi çekýär. Oňa-da bu şäheriň bir dini kompleksi hödürlenipdir. Bu kompleksiň köp gatly diňi (minarasy) Sumeriň zigguratlarynyň prototipidigi (irki nusgasydygy) aýdyňdyr. Bu merkez, Altyndepäniň şäher gurluşynyň aýratynlygynyň simbolydyr…

Arhitektura derňemeler, Altyndepede-de Sumerde bolşy ýaly uzynlyklary ölçmekde belli bir sistemanyň ulanylandygyny subut edýär. Köp sanly agram daşlaryň (kileleriň) ýüze çykmagy bolsa, agramlary ölçmekde-de belli sistemanyň bolandygy hakda gürrüň etmäge ýol açýar. Seýle ölçegler bilen, ýygnalan hasyllaryň möçberini hasaplapdyrlar. Şonuň ýaly hem metalorglar (demirçiler) aýry-aýry metallaryň agramyny örän dogry hem inçelik bilen ölçüp bilelikde eretmek arkaly täze metallar döredipdirler…

Heýkeltaraşlykda örän uly kelleleri kiçi göwreleriň üstünde goýulmagy hem-de bütin ünsi özüne çekýän iňňän uly gözleriň oturdylmagy görülýär. Sumerlilerde şeýle uly gözleriň hem gulaklaryň, bilim hem hüşgärlik organlary hökmünde, taňrylaryň bar zady görýän hem eşidýändiginiň simboly bolmagy ýerliksiz däldir…  

Biz, Altyndepe medeniýetinde suratlandyrylmagy we düşündirilmegi täze metodlar hem gurallar talap edýän bir dini sistemanyň ýüze çykandygyny kabul edip bileris.>>[9]

Alym soň, Altyndepede medeniýetinde belli bir ýazuwyň ýüze çykandygyny subut edýän alamatlaryň tapylandygy hakynda örän gyzykly hem manyly maglumatlar berýär:

<<Jemgiýet strukturasynyň özgermegi bilen çygry örän giňelen maglumatlary bellige alyp saklanmalydy. Bu mesele bolsa, bu gazanylan bilimleri özünde saklap bilmek üçin ynamly hem mynasyp belgileri oýlap tapmak zerurlygyny ýüze çykarýar. Şeýlelikde Altyndepäniň ýaşaýjylarynyň belli bir ýazuw sistemasyny ulanan bolmaklary örän ähtimaldyr. Dogrudan-da, taňsykdan ýasalan aýal heýkelleriniň ýüzüne gazylan bir näçe belgiler tapyldy. Bu belgileri, bir-birine ylaýyk gelýän alty topara bölmek mümkindir. Olar dowamly gaýtalanýar, her bir heýkelde aýry-aýry belgiler topary, belli formalarda biri-birine baglanýar… birinji hatarda bir ýyldyz belgisi bilen asmandaky bir hanym taňryny, gülläp oturan bir agajyň pudagy bilen bolsa, belli ösümlikleriň ýa-da bugdaýyň goraýjy taňrysyny suratlanyrylan bolmalydyr. Bu belgileriň bir näçesi protoilam (Ilam ýazuwynyň aňyrsy) piktografiýasynda-da gabat gelýär.

Tapylan ýeketäk nusga bolan bir möhüriň ýüzünde bolsa protohind (Hind ýazuwynyň aňyrsy) ýazuw sistemasyna degişlidigi açyk belli bolýan belgiler bar. sowet alymlarynyň Ý. V. knorozowyň ýolbaşçylygynda, protohind tekstlerini ýüze çykarmakda ulanylan metodlar bilen derňänimizde, Altyndepeden tapylan bu ýazuwy “belli bir uly hanym ýa erkek taňryny aňladýar” diýip ýrup bileris…

Bularyň barysyny göz öňünde tutmak bilen biz, Altyndepäniň ýaşaýjylarynyň özleriniň hem bir protohind ýazuw sistemasy bolan bolmaly ýa-da her halda protohind ýazuw tekstlerini okap düşünipdir diýip bileris…>>[10]

 << Altyndepäniň ýerli medeniýeti bilen Mezopotamiýa medeniýetiniň arasyndaky gatnaşygy aňladýan iň gyzykly nusga, bu ýerden tapylan altyndan ýasalan öküziň kellesiniň heýkelidir. Bu kelläniň durky, gözüniň we gulaklarynyň biçiwi we… bizi UR şäher-döwletinden başlanýan we şalaryň mazarynda gabat gelýän öküz kelleleri bilen meşhur bolan, sumerlileriň heýkeltaraşlyk sungatyna äkidýär…                                                                                       

Biz gürrüňimizi şeýle netijeler bilen jemläp bileris: Altyndepe medeniýeti gadymy gündogaryň ägirt giň medeniýetiniň örän görnükli bölegi bolup ol, Mezopotamiýa we gadymy Hindistan ýaly uly medeniýetleriň çatrygynda, olar we beýleki gadymy ýurtlardyr halklar bilen garşylykly täsir etmek hem täsir almak ýagdaýynda çylşyrymly prosesi başyndan geçiripdir… >>[11]

 Sumerlileriň biziň gadymy topraklarymyzdan göçüp gidendigi hakda gürrüň edýän çeşmeler gaty köp. Biz bu ýerde gürrüňimizi ors arheologiasynyň atasy hasaplanýan N. Nikolskiniň sözleri bilen jemleýäris: << sumerlileriň ata watany Türkmenistanyň Aşgabat şäheriniň töweregidir. Bu ýeriň kurganlaryndan (depelerinden) tapylan, daşdan, kümüşden we taňsykdan ýasalan zatlar, Mezopotamiýanyň günortasyndaky sumerlilere degişli depelerden tapylan zatlara gaty meňzeşdir. Bütin bu zatlar “sumerlileriň şu günki Türkmenistandan Mezopotamiýa göçüp baran bolmagy güýçli ähtimaldyr” diýen netijä  eltýär. Bu iki medeniýetiň  iň soňky analizleri, olaryň arasynda köp sanda ortak zatlary ýüze çykarypdyr.

Sumerlileriň baş taňrylary bolan ;En-Lil;iň tutan orny, Mezopotamiyanyň günortasyndaky düzlükler bolman eýsem, daglyklarda bolupdyr. Belki-de ;Köpetdagyň; etekleri olaryň ata watany bolandyr…>>[12]

 

 

 

 

 

 ---------------------------------------------------------------------------------------------------

 

 

----------------------------------------------------------------------------------------------------

                          Vadim M. Massonyň ýokarda ady geçen kitabyndan, s. 38

 

   

“Täze ýyl baýramyna ilkinji gezek gidişim”

(bir sumerli şahyr hem mugallymyň ýatlamalaryndan)

 

Çagalyk ýyllaryma degişli ilkinji ýatlamam, bir bada hopukdyrýan gaty uly märeke bilen çokunma jaýa (mejjide) tarap ylgap gidişimizdi. Adamlar uly joşgun hem şatlyk içinde ;hanym taňrymyz; bilen taňrymyzyň öýlenjegini bir-birine gutlaýardylar. Munuň nämedigine bi hili düşünip bilmeýärdim. Ýakynladygymyzça gulagmyza dürli aýdym sazlaryň owazy gelip başlady. Nämeler görjegime uly tolgunma bilen garaşýardym. Garşymdan edil göge degäýjek ýaly beýik ziggurat (basgançakly diň, minara) bilen, ýaňy salynan ýaly ýaldyr-ýuldyr edip parlap duran ;Ekur; mejjidi göründi. Meýdanda şeýle bir ilat bardy welin, dünýäniň ähli adamlary bu ýerik ýygnanan ýalydy…

Men uly tolgunma bilen, ýene nämeler bolarka diýip garaşýardym. Ýanymdaky ulularyň gürrüňine pugta üns berip başladym: “Bu ýyl bahar baýramçylygmyz örän gyzykly hem gözel geşjege meňzeýär, howanyň nähili oňatlygyna seretsenäň! Güneş taňrymyz ;Utu;-da biziň begenjimize goşulýar we ýetişi bildiginden şöle saçýar. Taňrymyz Dumuzi ýeriň aşagyndan çykyp, söýgüli hanym taňrymyz In-Anna bilen bir öýlensin bakaly! Ekinimize, ahyrymyza we agyllarymyza gör nähili bolçulyk geler! Ähli önümlerimiz köpeler, haýwanlarymyz urbar, towuklarymyz bol-bol ýumurtga guzlar, balyklarymyz bol-bol tohum ýaýradar!” diýýärdiler…

Birneme ulalamsoň, täze ýyl baýramynyň ýatlamasyny ýazmagy ýüregime düwdim-de soraşdyryp öwrenmäge başladym. Okuwda bu däbi jikme jigi bilen öwrendim. Onuň goşgy görnüşinde ýazylan tekstini ençeme gezek ýatdan okadym diýip bilerin. Men bu ýerde şuny-da aýtman geçip bilmerin: biz sumerliler her zady goşgy bilen ýazmaklygy gaty halaýan, ozan ruhly, şahyr gylykly halkdyrys.

Meniň idäp-sorap öwrenşime görä, bu baýramyň başlangyjy biz sumerlilere degişli bolup, gürrüňi bolsa şeýledir:

Söýgüli hanym taňrymyz In-Anna ;bilbad; ýyldyzyndan gelipdir ýa-da onuň bilen bir baglanşygy barmyş. Biz, ol ýyldyz gaty yssydyr diýip düşünýäris. Ol ýyldyzyň şeýle yssylygyny biziň ata-babalarymyzyň nädip bilendiklerine düşünmeýärin. Ol hakykatdan hem şeýle yssymy? Ony-da bilmegim mümkin däl. Ynanjymyza görä bu ýyldyzyň yssylygy, hanym taňrymyza yssylyk hem jynsy güýç berýänmiş. Şonuň üçin hem oňa ;söýgi taňrysy; diýip at berilipdir. Bize söýgini hem söýmegi öwreden hem oldyr. Şonuň ýaly-da ýigrenjimiz, gaharymyz we söweşjeňligimiz hem ondan ýetenmiş. Her bir söweşde şalarymyzyň öňüne düşüp, olara ýeňişi üpjün eden sol hanym taňrymyz, hem örän gözel, hem-de çenden aşa özüne çekiji eken. Oňa aşyk bolanlar gaty köp bolupdyr. Emma olaryň içinde iň ýüregi otlusy çopan taňrymyz Dumuzi bolupdyr. Gaty ir döwürlerde biziň Dumuzi adynda bir şahymyz bolupdyr. Şalarymyz özlerine ;çopan; diýipdirler. Belki-de olar „mallary çopanlaryň idedişi ýaly biz-de ynsanlary idetýäris“ diýip düşünendirler. Dumuzi halkymyzyň tarapyndan örän söýülen adamdyr. Halkymyz gaty hormatlany üçin oňa ;taňry; gözi bilen seredipdirlermi ýa-da ol dogrudan-da taňrymydy, onçasyny bilmeýärin. Hanym taňra aşyk bolanlaryň biri-de daýhançylyk taňrysy ;Enkimdu;dyr. Bularyň ikisi-de özlerini hanym taňra aldyrjak bolup bir-biri bilen ýaryşa giripdirler. Biri oňa öz önümlerinden süýt hödürlese, beýlekisi arpa suwy (piwe, bier) eltip beripdir. Biri goýun eltip berse beýlekisi egin-eşik hödürläpdir. Hanym taňrynyň göwni has köpüräk Enkimduda bolanmyş, emma Dumuzi haýsydyr bir ýol tapyp, hanym taňrynyň erkek dogany bolan güneş taňrysy UTUwy ara salýar-da gözel hanym taňrymyzyň ýüregini awlap onuň bilen öýlenýär.

Günlerde bir gün hanym taňrymyz, yer astynyň hanym şasy bolan aýal dogany ;Ereşkigal;y görmek üçin ýeriň aşagyna gitmegi ýüregine düwýär. Belki-de asyl maksady, ýer astynyň şalygyny-da eýelemekdi. Ol, ýeriň astyna gidenleriň yzyna dönüp bilmeýändigini bilse-de, özüniň bir hanym taňry, aýal doganynyň bolsa ol ýeriň şasy bolandygy üçin, yzyna çykyp bilerin diýip umyt edýär. Emma şeýle-de bolsa öz weziri (ministri) bolan hanym taňry ;Ninşubur;a: „bardy-geldi men üç gün içinde ýer astyndan çykyp bilmesem, taňrylarymyzyň ýygnagyna git-de meni gutarmaklary üçin olara ýalbar!“ diýýär...

Aradan üç gije üç gündiz geçýär, weziri garaşyp otyr, emma ne giden bar, ne gelen! Ol derrew taňrylaryň ýygnagyna tarap ylgap barýar, olara ýekän-ýekän ýalbarýar, emma hiç biri oňa üns bermeýär. Hatda ;En-Lil; atamyz, onuň garry kakasy bolmagyna garamazdan: „gitmese bolmaýamydy, ol ýerde näme işi bardy?“ diýýär-de ýardam etmäge ýanaşyp bilmeýär. Ýöne onuň bagtyna biziň bilim taňrymyz ;En-Ki; bardy. Ol, derew ;Kurgarra; we ;Kalaturra; atly iki jyny ýaradyp, ellerine dirilik suwy bilen dirilik imiti berdi-de ýer astyna iberdi. Olar ellerindäki dirilik suwy hanym taňrynyň üstüne serpen badyna ol, direldi-de ýeriň aşagyndan çykjak boldy, emma ol ýerdäkiler: „dur heniz! Bu ýerden beýle aňsat çykylmaz, ýeriňe birini goýmak gerekdir!“ diýýärler. Hanym taňry: „men derrew kimi ýerime goýup biljek? Emma ýeriň ýüzüne baramda birini iberip bilerin“ diýýär.

Hanym taňry ýanyndaky iki sany gorkunç keşpli ýer asty jyny bilen ýeriň ýüzüne çykýar we ýerine birini tapyp ibermek üçin oba-oba aýlanyp başlaýar. Baran her bir obasynda, hanym taňrylarynyň ýogolanyna matam tutup ýas eşigini geýen taňrylary görýär-de olaryň hiç birsini gara ýere bermäge dözmeýär. Iň soňy, adamsy Dumjuziniň oturan şäheri ;Kullab;a barýar. Bir görse, adamsy iň owadan eşiklerini geýinip, başyna jygasyny sanjyp, tagtyna buýsanyp otyr, hanymyň öleni parhyna-da däl! Hanym taňrymyz bu ýagdaýy görüp şeýle bir gahary geldi welim, gazabyndan: „alyň şuny meniň ýerime ýeriň aşagyna äkidiň!“ diýýär. Jynlar onuň ýakasyndan tutup idirdedip äkidýärler. Dumuzi gaýyn agasy, güneş taňrysy Utuwa özüni ýer astyndan gutarmagy üçin ýalbarýar. Ol hem, onuň el-aýagyny ýylana öwrüp, gaçar ýaly edýär. Emma jynlar onuň yzyndan galmaýarlar, nirä gaçsa tapyp getirýärler...         

Bu ýagdaýa gaty gynanan hanym taňrymyz Geştin-Anna, taňrylar ýygnagyna baryp: „Erkek doganymyň ýerine meni iberiň!“ diýip olara ýalbarýar. Emma hanym taňrymyz In-Anna, adamsynyň oňa eden hormatsyzlygynyň we rähimsizliginiň jezasyz galmagyna göwni yrazy bolmany üçin, onuň eden teklibine garşy çykýar. Şonuň üçin Geştin-Anna: „Beýle bolsa ýylyň ýarysyny men ýeriň aşagynda geçireýin, beýleki ýarysyny-da doganym geçirsin“ diýýär. Gaty gaharda bolsa-da adamsynyň bütin ýyl ýeriň aşagynda ýaşamagyna dözmedik hanym taňrymyz, bu teklibi uýgun görip, ony taňrylar ýygnagyna tassykladýar.

Şol hadysadan soň, taňrymyz Dumuzi gyş aýlaryny yeriň aşagynda geçirenden soň, ýaz başynda ýeriň ýüzüne çykyp, söýgüli hanymy bilen birleşýär. Biz bu birleşmäniň, ýeriň ýüzüne bolluk hem bereket getirjegine ynanýarys. Şonuň üçin hem, taňrymyzyň yerine şahymyz, hanym taňrymyzyň yerine bolsa ruhany hanymlaryň baş tutany, ýylda bir gezek bile bolýarlar. Olaryň bile bolan günlerinde sazandalardyr bagşylar söýgi hakda örän tolgundyryjy hem ýangynly aýdymlar aýdýarlar, sazlar çalýarlar...

Biziň bu, täze ýyl baýramymyza-da kesekiler eýe çykýarlar, hamana biziňki däl-de olaryňky ýaly. Hanym taňrymyzyň adyny (In-Annaň ýerine) ;Iştar;, taňrymyzyň adyny bolsa (Dumuziň ýerine) ;Tammuz; edip üýtgetdiler. Özleriniň başga ýurtlardaky soýdaşlaryna-da öwretdiler. Şeýlelikde, biziň ýurdumyzyň çäginden aşyp, her ýana ýaýramaga başlady biziň bu däbimiz. Bilip bolmaz, belki-de şeýle ýagdaý ýene-de ýüzlerçe ýyl dowam eden ýagdaýynda, bu däbiň kimden we nireden gelip çykandygyny hiç kim bilmez. Gör nähili haýyp! nähili ajy! şeýle dälmi?

Ludingirranyň ýatlamalary, üçünji tabella (tagta)[13]

 

Bahar baýaramy we beýleki Sumer tekstlerinde geçýän

bir näçe atlaryň yzy türkmen dilinde

 

Dingir: Sumerolog alymlaryň ykrar etmeklerine görä, bu söz şu günki türki dillerdäki taňry (tengri, tanry) sözi bilen birdir. Sumer dilinde-de şu günki türkmen dilinde bolşy ýaly ;burun sesi; bolandygyny göz öňünde tutmak bilen kä alymlar ony ;diňir; görnüşinde-de ýazypdyrlar. Bu sözüň belgisi bir ýyldyz (*) bolup, ol Sumer dilinde iki hili okalypdyr. Bir okalşy ;dingir; ýene bir okalşy bolsa ;AN; bolup ol, asman, ýokary hem uzak ýaly manylary aňladypdyr[14].

Ýokarda görşümiz ýaly, V. M. Massonyň açyklamasyna görä ýyldyz (*) belgisi Altynddepe medeniýetinde-de şeýle manylary aňladypdyr.[15]

Edil sumerlilerde bolşy ýaly gadymy türki dillerde-de ;taňry bilen “asman” deň manyda gelipdir, ýagny ;dengir; sözi, hem taňry hem-de asman (gök) diýen mynyda ulanylypdyr[16].

 

An: Bu sözüň manysy ýokarda görşümiz ýaly asman, uzak we ýokary ýaly manylary bardyr. Bu söz türki dillerde-de uzak we ýokary ýaly manylarda bar. Bilşimiz ýaly ähli dini ynançlarda “uçma;nyň (jennetiň) ýokarda, asmanda we ;tamug;yň (dowzahyň) bolsa ýeriň aşagynda ýerleşendigine ynanylýar. Biziň dilimizdäki ;uçma; söi hem şony aňladýar. Şamanlaryň hem bir näçe pygammarlary uçup ýa-da uçýan haýwanlara münüp asmana ýa uçmaha (jennete) gidýärler. Hut şonuň üçin hem, biziň umumy türk edebiýatymyzda-da, türkmen edebiýatynda-da ;anda; sözi ýokarda, asmanda, uçmahda we ol dünýäde ýaly manylarda gelýär. Muňa mysal hökmünde milli şahyrymyz Magtymgulynyň şu aşakdaky setirlerine üns bereliň:

Ýa Hyzyr-Ilýas ile şa Süleýman ;andadur;

Ýa Selimşa Mekke hany Ibni-sultan ;andadur;

Baýezid Sultan-Oweýs Harykan-Migan ;andadur;

Daýanur Musa Hasasy, mary gördüm ;andadur;

 

Anu: Sumerlileriň iň uly taňrysy bolan ;asman taňrysy; şonuň ýaly hem Uruk şäherinde ýerleşýän, sumerlileriň iň uly metjidiniň ady. Bu sözüň ;Änew; bilen bir sözdigine şuhelenmek mümkin däldir, sebäbiÝewropalylar biziň Änew sözümizi hem Anu ýa Anau görnüşinde ýazýarlar. Mundan başga-da Sumer dilinde bu söze ýakyn bolan ENU ýagny asman, ENNU ýagny goraýjy, Indeýji (inneýji) ýaly sözleriň hem barlygyny göz öňünde tutulmalydyr[17].

 

In-Anna: Sumerlileriň ;gözellik taňrysy; bolup, kä uly taňry ANUwyň gyzy käte bolsa onuň hanymynyň ornunda çykyş edýär. Bu goşma sözüň başyndaky ;In; sözi ikinji bölümi ;Anna; sözüne goşulma ornunda gelýär. Bu ýerde örän manyly hem üstünde durulmaly mesele, ;Anna; sözi Sumer dilinde-de edil şu günki türkmen dilinde bolşy ýaly, belli goşulmalary kabul etmek bilen, aýal hem erkek atlary hökmünde giňden ulanylypdyr. Mysal üçin ýokardaky tekstden:;Kuli-Anna; we ;Uşumgal-Anna;(Dumuziniň lakamlary), Geştin-Anna (Dumuziniň aýal dogany), şonuň ýaly-da ;Anna-tu; (uly taňrynyň hanymy)[18]. Türkmen dilinde Annakuly (Annaguly), Annagözel, Annaberdi, Annaoraz ...

;Kuli-Anna; sözüni alyp görenimizde bolsa, Sumer dilinde taňrynyň ýakyny, taňrynyň dosy ýa guly ýaly manylary aňlamak bolýar. Sebäbi ;Anna; sözi taňrynyň ady we KULI sözi bolsa öz nobatynda iki sany sada söz bolan ;ku; we ;li; sözlerinden düzülen goşma sözdir. KU sözi

gonmak, oturmak we LI sözi bolsa ;bile; diýen manyny aňladýar.[19], [20]  Netijde Kuli-Ann goşma sözüniň manysyna taňrynyň ýakyny, taňrynyň dosy belki-de taňrynyň guly diýip düşünýäris. Türkmen diliniň grammatikasyna uýgunlykda ondaky aýyrgyjy adyň soňuna geçirenimizde bolsa ol ;Anna-Kuli; bolýar. 

;Anna;  sözünden türkmen dilinde-de taňry diýen manyny aňlamak mümkin, sebäbi biz ähli dinlerde taňrynyň güni, dynç güni hem sogaply, hormatly hasaplanýan (taňry alty günde dünýäni ýaratmak işini gutaryp, ýedinji güni dynç gün hasaplaýar) juma gününe ;anna güni; ýagny taňrynyň güni diýýäris. Galyberse-de Anna ýa Annap sözi gadymy turan dilinde Parfia döwründe-de ;taňry; manysynda ulanylypdyr[21], hatda Parfia şalarynyň atlarynyň düzüminde hem bar (Am-inapes). Netijede Annakuly (Annaguly), Annaberdi ýaly atlary biziň ata-babalarymyzyň tarapynda Taňryguly, Taňryberdi, Hudaýguly, Hudaýberdi ýaly atlara sinonim hökmünde paralel ulanylypdyr diýip bileris.

 

Lu-dingir-ra: Ýokardaky ýatlamanyň awtory bolan Sumer ýazyjy hem şahyrynyň ady bolup onuň manysy „taňrynyň adamsy“ dimekdir[22]. Bu goşma söz, iki sany sada söz ýagny ;lu; we ;dingir; hem-de ;ra; goşulmasyndan ýüze çykypdyr. ;lu; sözi Sumer dilinäki özbaşdak manysy ;adam; bolup, sypat ýasaýjy goşulmasy hökmünde gelende bolsa, edil şu günki türki dillerdäki ;lu; ýa ;li; ýaly bir ýurda ýa bir halka degişli adam diýen manyny aňladýar. Mysal üçin Eýran türklerinde Ýazerlu ýa Ýazyrlu (Ýazyrli), Gengerlu (Kengerli), Baharlu (Baharly), Tekelu (Tekeli) ýaly atlar köp gabat gelýär. ;Dingir; sözi bolsa türki dillerdäki ;tengri; , ;taňry; bilen bir sözdigi alymlaryň tarapyndan ykrar edilýär. Bu goşma sözüň soňundan gelýän ;-ra; goşulmasy, hem Sumer dilinde[23], hem-de gadymy türkçede[24], aýry-aýry  düşümleriň goşulmasy hökmünde ulanylypdyr. Sumer diliniň grammatikasynda köplenç ýagdaýda aýyrgyjyň atdan öň gelýändigi üçin bu Sumer sözünde ;lu; öňden gelipdir. Eger-de biz ony şu günki türki dilleriň grammatikasyna uýgunlaşdyryp (-ra goşulmasyny aýrmak bilen) ýazsak ;Dingir-lu; ýagny ;taňryly; ýa-da  şu günki türkmen dilindäki ;Taňryguly; bolup çykýar.

 

Dumuzi: Bu Sumer sözi ähli çeşmelerde hasyl we bereket taňrysy hem-de Iýun-Iýul aýlarynyň bilelikdäki adydyr. Bu söz türkmen dilindäki ;tomus; sözi bilen gabat gelýär. Sebäbi, hem tomus aýlarynyň ady hem-de tomus paslynda hasyllar ýetişip bereketiň köpelýän möwsimi bolansoň sumerlilerde hasyl hem bereket taňrysynyň adyna öwrilen bolmaly. Bu söz ýokarda sumerli şahyryň ýatlamalarynda-da görşümiz ýaly ;tammuz; görnüşinde dini hem beýleki tekstler arkaly samid, olaryň üsti bilen bolsa Ýewropa dillerine geçipdir. Biziň pikrimizçe bu ;Anna; sözünde-de şeýle bolan bolmaly, sebäbi bu söz mesihi (kiristian) halklarda-da, olaryň häzirki dillerinde belli manyny aňlatmaýandygyna garamazdan, adam ady hökmünde ulanylýar.  

 

 En-Lil: Bu sözüň manysy Sumer dilinde ýeliň taňrysy diýmekdir[25](we başga çeşmeler). Bu goşma sözüň birinji sada sözi ;lil; türkmen dilinde ;ýel;, gadymy türki dilde ;tial;[26] ;ýil;[27], ikinji sada sözi ;En; bolsa türkmen dilinde ;eýe; , gadymy türki dilde bolsa ;E; diýmekdir. Aýyrgyjy adyň yzyna geçirenimizde bolsa ol ;Lil-En; ýagny ;Ýeliň eýesi; bolup çykýar. Bu sözleriň hem form, hem-de many taýdan çalymdaşlygy üns berilmeli meseledir. Eýe sözi hem Sumer hem-de türkmen dilinde taňry manysynda hem ulanylypdyr (Eýesin tanan derwişler, säher göz ýaşda bellidir. Magtymguly).

Alym ;Helmut Uhlik;iň açyklamasyna görä, Sumer diliniň syryny çözmekde örän uly ähmiýeti bolan ilkinji okalan sözlemleriň biri „En-Lil-ti“dir. Onuň manysy bolsa En-lil diri(dir), azat terjime edilende bolsa „En-Lil taňry dirilik eçilýär“ diýmekdir[28]. Bu sözlemdäki ;ti; sözi Sumer dilinde ;diri;, kä türki halklarda ;tirig; diýmekdir. ;Ti; sözi gadymy türki dillerde-de ;hemişelik;, ;sag; diýmekdir[29].

 

E-Kur: En-Lil taňrynyň çokunma jaýy (mejjidi)[30]. Bu goşma sözüň birinjisi ;E; (ab, eb görnüşlerinde-de bar, ser. sözlük bölüme) Sumer dilinde ;öý; dimekdir. Bu Sumer sözüniň ;ab; görnüşi gadymy türkçede-de ;ab; , ;aw; we ;eb; görnüşlerinde bardyr[31]. Iknji ;kur; sözüniň Sumer dilinde iki manysy bar (iki hili aýdylşynyň bolan bolmagy-da gaty ähtimaldyr). Onuň bir manysy, ýokarda görşümiz ýaly türkmen dilindäki ;gör; sözüne gabat gelýär. Ikinji manysy bolsa öňki manysynyň tersine ;beýiklik;, ;dag;, ;depe; dimekdir(ser.sözlü bölüme). ;kur; sözi gadymy Turan dilinde-de edil ýokardaky ýaly, ;galdyrmak;, ;beýiklik; we ;beýgeltmek ýaly manylarda ulanylypdyr we ;depe; diýen manydaky ;kurgan; sözi hem şöndan gelip çykypdyr[32]. Häziki türkmen dilindäki ;gorgan; sözi-de şol sözdir. Türkmensähranyň garşysyndaky beýik dagyň örküjine, şol dagyň eteginde ýaşaýan gadymy ýazyr türkmenleri (Ýazyrlular) ;Ýylangorgan; diýýärler, parslar bolsa oňa ;Gal-e maran; (ýylanlar galasy) diýýärler.

Netijede ;E-Kur; sözi Sumer dilinde ;Beýik öý; we ;Beýik mejjid; diýen manyny aňladýar. Sebäbi ähli Sumer çokunma jaýlarynyň adynyň öňünde ;E; sözi gelýär.

 

Barak: Ýyndam manysynda hem-de Uçah (jennet) haýwany bolan itiň ady. Prof. K. weliýewiň açyklamasyna görä: << Şamanlar-da Barak atly ite münüp asmana çykar ekenler. Gyrgyzlar-da töýs ite ;barak; diýipdirler. Oguz dessanynda ;It-barak; atly bir urugdan gürrüň geçýär. Olaryň-da totemi, guşdan dörän bir köpek bolupdyr.>>[33] 

Biziň pikrimize görä bu sözüň köki ;bar; bolup, işlikden sypat ýsaýjy ;-ak; goşulmasyny kabul edip, barak, baragan, ýyndam ýaly manylary aňladan bolmaly. Sebäbi ;bar; sözi Sumer dilinde-de barmak, gitmek manyda gelýär.(ser. sözlü bölüme)

 

Tigi:  Tigi sözi ýokarda görşümiz ýaly ;aýdym; diýen manyny aňladýar. ;Ti; sözi hem Sumer dilinde (;di; görnüşinde)[34] hem-de Orhun-Ýeniseý ýazgylarynda[35] ;diýmek;, ;aýtmak; diýen manyny aňladýar. Onsoň ;tigi; sözüniň manysynyň ;aýdym; bolmagy Sumer we türki dillerde bir-birine doly gabat gelýär..         

   

 



[1] : Will Durant  Kulturgeschichte der Menschheit“  Köln-1985, s. 109-110

[2] : “Türk Ansiklopedisi” 30-njy tom, s. 115-119

[3] : “TSSR-niň taryhy” Aşgabat-1959, 1-nji tom, s. 108

[4] : Muhammedjäwad, Mäşkur  Iran där ähde bastan” Tähran-1985, s. 115

[5] : Hasan, Pirniýa  Taryhe Irane bastan“  Tähran- birinji tom, s. 113-114

[6] : Andre Parrot  „Sumer“ München-1969, s. 63-64

[7] : Werner, Stein „Der grosse kultur Fahrplan, München“  Berlin-1993, s. 20

[8] : Vadim M. Masson „Das Land der tausend Städte“  München-1987, s. 22-28

[9] : ýene şol. S. 37-38

[10] : ýene şol. S. 38-40

[11] : ýene şol. S. 41-43

[12] : K. Matweew, A. Sazonow  Zemlýa Drewnego Dwureç-ýa“  Moskwa-1986, s.38

[13] : Muazzez Ilmiýe Çyg  „Sumerli Ludingirra » Istanbul-1996, s. 19-25

[14] : Friedrich Delitzsch „Sumerische Glossar“ Leipzig-1914, s. 12-13

[15] : V. M. Masson “Das …“ s. 38

[16] : Muzaffer Sancer „Dinin türk toplumuna etkisi“ Istanbul-1974, s. 57-58

[17] : F. Delitzsch „Sumerische Glossar“  s. 34-35

[18] : Murat Uraz, s. 54

[19] : A. Deimel „ Sumerische Grammatik mit...“  s. 83 we sözlük bölümi

[20] : M. I. Çyg „Ibrahim Peýgamber” Istanbul-1997, s. 90

[21] : J. Rawlinson  „The Sixth Great Oriental Monarchy“ London-1873,s. 23

[22] : M. I. Çyg „Sumerli Ludingirra“ s. 10

[23] : Friedrich Delitzsch  „Kleine Sumerische Sprachlehre...“ Leipzig-1914, s.40

[24] : K. Grönbech  „Türkçenin yapysy“ Ankara-1995, s. 35

[25] : Helmut Uhlig  „Die Sumerer, ein Volk am Anfang der Geschichte“ B. Gladbach-1989,s. 18

[26] : K. Grönbech, ö. iş s. 42

[27] : A. von Gabon  „Eski türkçenin grameri“ Ankara-1995, s. 35

[28] : H. Uhlig, ö. iş, s. 84

[29] : A. von Gabon, ö. iş, s. 229 we K. Grönbech, ö. iş, s. 20

[30] : M. I. Çyg, „sumerli...“ s. 16

[31] : Wilm. Thomsen  „Orhon we Ýeniseý ýazytlarynyň çözümi” Ankara-1993,s. 193 we A. von Gbon, ö. iş, s. 258

[32] : A. Vambery  „Das Turkenvolks“ Osnabrück-1970, s. 25

[33] : K. Weliew, ö. iş, s. 22

[34] : F. Delitzsch, ö. iş, s.125 (ser. sözlük bölüme)

[35] : Wilm Thomsen, ö. iş, s. 174