(şahyryñ taryhy orny hem edebi mirasyna bir
garaýyş)
Giriş:
Her bir beyik şahsyýatyň
hakyky ornuna göz ýetirmek üçin onuň yaşap geçen döwrüni öwrenip,
ony öz önüp-ösen jemgyýetiniň şol günki şertlerinde hereket
etdirmek bilen mümkin bolup biler. Sebäbi her ynsanyň mertebesi, öz
ýaşan döwrüne we onun talaplaryna dogry düşünmek bilen özüniň taryhy
wezipesini nä derejede ýerine ýetirendigi, öz halkyna we bütin
adamzada
Türkmenistan we türkmen
milletiniň 8 müň ýyl çemesi dokumental medeni taryhy bu gün
ylym dünýsinde aýdyňlaşdy. Güneşli Türkmenistanymyz
ençeme medeniýetiň ojagy we türkmen milleti bolsa bu
medeniýetleriň hakyky hem kanuna laýyk mirasdüşeridir.
Änewdir
Altyndepe medeniýetlerinden Marguş medeniýetine çenli, beýik
Part fedrativ döwletinden beýik fedrativ Seljuk döwletine çenli,
Horezmşalardan
Garaşsyz
bitarap Türkmenistan Jemhuriýetine çenli, onlarça ululy-kiçili
döwletler guran hem biziň ata-babalarymyzdyr. Şonuň
ýaly-da türkmen halky ähli türki halklaryň we türk
dünýäsiniň iň gadymy agzalarynyň biridir we 16-njy
ýüz ýyla çenli olar bilen bilelikde ýaşap deň ykbaly
paýlaşan halkdyr. Emma gynansak-da 13-nji
ýüzýylyň başlaryndan ýagny Çeňňiz
Hanyň ýykyp ýumrujy hüjümlerinden soň
Türkmenistanyň we türkmen halkynyň ýa-da has anygyrak edip
aýtsak uly Oguz-Türkmen halkynyň ata watanda galan
az sanly toparynyň taryhynda iň agyr hem gara döwür başlanýar.
Geliň şol döwürleriň tä beýik şahyryň ýaşan dörüne
çenli bölegine bir göz aýlalyň:
Türkmenler bilen Gypjaklar
tarapyndan döredilen Horezmşalar döwleti 13-nji ýüz ýylyň
başlarynda (1219 m.) Çeňňiz hanyň agyr hüjümine sezewar
bolýar. Bu agyr hüjümiň öňünde durup
ýurdy goramalymy ýa-da gol galdyryp boýun egmelimi?
diýen soragyň ýuze çykmasy bilen
agzalalyk döreýär. Gypjaklar, Muhammedşanyň ejesi
Türkan Hatunyň syýasaty bilen söweşe girmeden yurdy basybalyjylara
tabşyrmaly diýen karara gelýärler. Emma
türkmenler bolsa Muhammedşanyň türkmen aýalyndan bolan
Jelaleddiniň töweregine ýygnanyp, onuň baştutanlygynda watany
goramak üçin aldym-berdimli söweşe girýärler. Häzirki
zaman Köneürgençden Nişapura çenli ýaýylan türkmen
topraklarynyň ädim-ädim garyş-garyşynda “gylyç-galkanyň”
aýylganç heňi ýaňlanýar. Iki tarapdan hem
gaty köp ynsan gyrylýar. Bu gahrymançylykly söweşiň netijesinde
Çeňňizhan Türkmenistanyň belli bölegini resmi
ýagdaýda türkmenlere bermäge mejbur bolýar, emma beýleki tarapdan bolsa halk gaty güýçden
düşýär. Uly-uly şäherler, şol sanda şol döwürde
kitaphanasynda 12 müň jild kitaby bolan Mary şäheri tep-tekiz
edilýär. Ine, ýurdy ýumrulyp ilaty boşara gelen az sanly halkymyz üçin, şol döwürden başlap, geçmişlerdäki
ýaly özbaşdak hem erkana döwlet gurap azat ýaşap bilmeklik,
hasratly arzuwa öwrülýär. Seljuk döwründen başlan günbatara tarap göçler
has güýçli depgin bilen dowam edýär. Owşar, Baýat,
Gaýy, Halaç, Begdilli, Zulkadar ýaly güýçli Oguz-Türkmen
illeri Azerbeýjana, Eýrana, Anadola çenli baryp
ýerleşýärler hem-de Anadolyda beýik Osmanly döwletini,
Diýarbekir we Tebriz şäherlerini paýtaht etmek bilen
Akgoýunly we Garagoýunly döwletlerini esaslandyrýarlar.
Hakykatda Sefewi döwleti-de olaryň eli
ýa-da aýgytlaýjy roly bilen guralýar. Emm weýrana
öwrülen Türkmenistanda azalyp galan türkmenler bolsa
ýarym oturumly, ýarym çarwa ýagdaýda
ýasamaga mejbur bolýarlar.
Şeýle agyr taryhy
ýagdaýlarda-da buýsançly geçmişe eýe bolan köki
çuňňur halkymyz tapdan düşmedi. Ilkinji pursatda özüne gelip
özbaşdak döwlet gurmak arkaly geçen buýsançly ornuny eýelemek
ugrunda dinuwsyz talaşyny dowam etdirdi. Teýmurylaryň
döwründe ylaýta-da Emir Teýmuryň ogly Şarohyň döwründe
Türkmenistan abadanlaşýar we ýumrulan şäherler gaýtadan
janlanyp başlaýar. Aslynda-da Teýmurylar döwleti belli
derejede Özbek-Türkmen karaktere eýe bolupdyr.Alyşir
Nowaýynyň eserleri hem-de onuň Soltansöýün bilen
aralaryndaky rowaýatlar, bagşylaryň aydym-sazyna we
dessançylarymyzyň gürrüňlerine şeýle bir ornapdyr welim,
halkymyz olary türkmen şahsyýatlary hökmünde
15-nji yüzýyldan başlap bütin türkmen
tire-taýpalary bir-biri bilen jebisleşip milli barlyklaryny has
güýçli duýduryp başlaýarlar. Iňňän
irki döwürlere degişli bolan dessanlarymyzdyr eposlarymyz gaýtadan halk
arasynda giňden ýaýrap ýoň bolýar.
Geçen taryhymyz, mitoloji görnüşinde direlýär. Oguznama, Görogly, Korkut-Ata, Asly-Kerem, Sasenem-Garyb
ýaly dessanlar, hakykatda iň gadym döwürlerden başlap,
Saklaryň we Partlaryň zamanynda kämilleşen umumy-türk
mitologiýasynyň yslamy döwürde, yslamy öwüşgün bilen
direldilmesidi. Milletimiziň şeýle bir galkynyş
prosesiniň başlan döwri ýene-de türkmen we ähli türki halklar üçin
örän gynandyryjy hem weýrançylykly döwür başlanýar:
Bu makalada ustunde durup bolmajak
belli geopolitiki özgerişleriň netijesinde Awrupada uly kolonýalist
döwletler ýüze çykyp, dünýäniň aýry-aýry
ülkelerini öz aralarynda paýlaşyp talamak prosesi başlanýar. Mundan
soňraky syýasy hadysalaryň aňyrsynda bu döwletleriň
özara bäsleşikleri hem-de dürli ýollar bilen halklaryň arasynda
agzyalalyk döredip olary güýçden düşürmek maksady bilen alyp
barýan syýasatlary durýar. Şeýle
hadysalaryň iň ýamanynyň biri-de bütin yslam dünýasi,
ylaýta-da türki halklar üçin örän weýrançylykly netijesi bolan
şyga-sünni dawasydyr. Bir tarapdan Sefewi döwleti bilen Osmanly
Türkiýesiniň, ýene bir tarapdan bolsa ýene Sefewiler
bilen Özbek-Türkmen arasynda ýüz beren weýrançylykly uruşlar,
hakykatda mezheb dawasy bilen örtülen dogan-dogany gyrmakdan başga zat däldi. Bu şum hadysalar türkiýe, Eýran, Türkmenistan,
Özbegistan we Owganystan ýaly ýurtlarda uly
weýrançylyklara ýol açýar, ylaýta-da
ýaňy aýaga galyp barýan biziň halkymyza gaty
agyr düşýär. Gaýtadan rowaçlanyp
barýan şäherler bozulyp ilatdan boşaýar. Munuň
üstesine-de 16-njy ýüzýylyň ortalarynda Hazar deňizine
guýýan Amy derýanyň öz ugruny Aral gölüne tarap
sowmasy, Türkmenistanyň has çölleşmesi hem-de Köneürgenç we Dehistan
ýaly şäherleriň ilatdan boşap galmasyna sebäp bolýar. Emma şeýle agyr ýagdaýlarda-da halkymyz öz
milli kimligini saklap ýurdy goramak ugrunda alyp barýan talaşyny
gowşatman dowam etdirýär. 17-nji ýüzýylyň
aýaklarynda türkmeniň beýik şahyry hem dessan ýazany Nurmuhammed
Andalib orta çykýar. Ol, halkyň arasynda
we bagşylaryň dilinde ýaşap gelýän ençeme dessanlary öz
döwrüne görä gaýtadan ýazýar. Nurmuhammed
Andalib, Leýli-Mejnun, Ýusup-Zuleýha, Zeýnel-Arab,
Baba Röwşen ýaly dessanlary hem-de Oguznama, Emadeddin Nesimi
ýaly poemeleri ýazmak bilen halkynyň ruhy galkynyşyna hem
ösmegine uly hyzmat edýär. Abaserdar we Keýmirkör
ýaly syýasy şahsyýatlar-da şol döwürlere(16,17-nji
ýüzýyllara) degişlidir.
18-nji ýüz ýylyň başlarynda Nedirşanyň
güýçlenip, diňe bir Eýrana däl eýsem bütin Orta we
Alyn Aziýa, Kawkaza, Hindistana hatda Hytaýa agalyk etmek
hyýalyna atlanyp ony durmuşa geçirmek ugrunda hereket etmesi, biziň
halkymyz üçin ýene-de agyr hem ajy taryhy hadysa bolýar. Nedirşanyň özi türkmeniň owşar ilinden bolup onuň
esasy atly güýçleriniň hem-de ynanýan adamlarynyň
birnäçe türkmen illerinden bolandygyna garamazdan, kesekileriň hyzmatynda
bolany üçin özbaşdaklygy hem erkin ýaşamagy söýýän halkyna
garşy-da weýrançylykly ýörişler edip Türkmenistany
tozdurýar. Hatda iliň gündelik ýaşaýşynda
ulanýan demir we mis gap-gaçlaryna çenli ýygnadyp, top
ýasamak üçin eretdirýär. Ine şeýle
çykgynsyz ýagdaýa düşen halk, özüni gorap ýurduna
eýeçilik etmek üçin bütin güýjüni we maddy mümkinçiliklerini bir
ýere birikdirip belli maksada ugrukdyrar ýaly, merkezleşen bir
döwletiň gerekdigine has-da güýçli göz ýetirýärler.
Ine şeýle agyr taryhy pursatda, bu taryhy zeruratlara doly göz
ýetiren, Magtymgulynyň atasy Döwletmämmed Azady, meýdana
girip Il-Güni bu ýagdaýdan gutarmak üçin çykalga gözleýär.
Ol, Wagzy Azat atly kitabyny goşgy
görnüşinde ýazyp halka hödürleýär. Dört bölümden ybarat
bolan bu kitap hakykatda, gurulmaly Türkmen döwletiniň esasy
kanunynyň ugurlaryny düşündirýärdi…
1747-nji ýylda Nedirşanyň
öldürülmeginiň yzysüre onuň agalyk edip oturan ägirt giň
topraklary öz içine alýan hökümeti agyr krizise düşüp çagşaýar.
Diňe güýç bilen saklanyp oturan Azerbeýjan, Gürjüstan, Yrak,
Owganystan we beýleki ýurtlar aýaga galýarlar we özbaşdak
döwlet gurmak ugrunda herekete geçýärärler. Ine, şeýle galagoply
hem çylşyrymly döwürde halkymyzyň beýik ogly, beýik akyldary
hem mili şahyry Magtymguly Pyragy orta çykýar. Ol, atasy
Döwletmämmed Azadynyň milli idiýalaryny we orta goýan
ýörelgesini durmuşa geçirmek ugrunda, has ynamly, has paýhasly,
has batyrgaý, mähriban halkynyň maddy we ruhy
ýagdaýyna hem-de dünýä şertlerine uýgunlykda
hereket edip, halkyň arasynda eýýäm başlanan
gozgalaňlaryň dogry ýola ugrukdyrylyp, belli netijä gowuşmagy üçin
özüniň taryhy wezipesini ýerine ýetirýär.
Magtymgulynyň ömür ýoly hakda:
Magtymguly, Köňle gaýgy getirme!
Bu bir iş wagtydyr, özüňi ýitirme!
Sözümi diňlän ýok diýp,ümsüm
oturma!
Jahan
giňdir, çendan bilen-de bardyr.
Magtymguly Pyragy takmynan 1733-nji ýylda türkmensähranyň “Çaýgowşan” obasynda dünýä inýär. Ol, türkmeniň gökleň iliniň Gerkez urugyndandyr. Şahyryň özi bu barada şeýle ýazýar:
Bilmeýen
soranlara aýdyň bu garyp adymyz,
Asly
Gerkez, ýurdy Etrek, ady Magtymgulydyr.
Magtymguly başlangyç ylmy,
terbiýäni öz atasy Döwletmämmed Azadydan alýar. Ol, öz ata-babalarynyň
ýonaçylyk, teletinçilik hünärlerini özleşdirmegiň daşyndan, döwri
üçin zerur bolan demir hem kümüş ussaçylygy-da öwrenýär. Şahyryň bu hünärleri öwrenmegi, agyr maşgalany eklemek üçin
bolşy ýaly, okaýarka özüne gerek bolan çöregini gazanmak üçin hem
zerurdy. Magtymguly 20 ýaş töwereginde Amy
derýa boýlarynda ýerleşýän Gyzylaýak
obasyndaky Idris Baba medresesinde bir ýyl çemesi okaýar. Soň, takmyn 1754-nji yylda Buharadaky Gögeltaş atlandyrylan
taryhy medresä okuwa gidýär. Şahyr şol
ýerde ýörite ders bermek üçin çagyrylyp getirilen Nury kazym atly
Suryýaly türkmen alym bilen tanyşýar. Aradan
bir ýyl gowrak geçýär, şol medresede okaýan
talyplaryň arasynda ýüze çykan käbir ahlaky bozuklyklar bu iki
dosta ýaramayar. Ilki Nury Kazym, soň Magtymguly bu
medresäni taşlamaly bolyarlar.
Rowaýata görä, hakyky ylym,
azatlyk arzuwynda bolan iki dostuň sergezdançylyklary şu yerden
başlanýar.
Nedirşanyň öňki gol astyndaky halklaryň özbaşdak
boluşlary ýaly, türkmenler-de erkinlik ugrundaky şu hili pikirler,
özbaşdaklyk ugrundaky hereketler ýüze çykyp ugraýar.
Özbaşdaklyk ugrunda türkmen halkynyň
Gündogar klassyklarynyň eserlerini köp
okamagy, köp yurtlara syýahat etmegi Magtymgulynyň
göz-ýetimini has hem giňeltýär. Şirgazy
medresesinde okap ugramagynyň ikinji ýylynda ol, beýleki
talyplaryň halypasy bolýar, soň bolsa medresäň müderresi
bir ýerik giden wagty onuň yerine ders berip başlaýar.
Magtymguly bilen onuň dosty Nuri Kazym Hywada bolan
wagtlarynda, Şirgazy medresesinde türkmenler üçin ýörite bir bölüm
açylýar. Şondan soň Hywa medresesinde
türkmenlerden okamaga barýanlarynyň sany köpelip başlapdyr.
Seýdidir Zelili hem Magtymgulynyň Şirgazy medresesindäki
ýaşan hüjüresinde bolupdyrlar.
Magtymguly “Medresäniň üç ýyl
duzuny iýip, bahar-ýazyny ötürýär, taglym alyp, akyl
käsesi dolansoň”, 1760-njy yylda Etrek tarapa gaýdyar:
Mekan
eýläp üç yyl iýdim duzuňy,
Gider
boldum, hoş gal, gözel “Şirgazy”.
Ötürdüm
gyşyňy, bahar-ýazyňy,
Gider
boldum, hoş gal, gözel „Şirgazy“.
Şahyryň şeýle göwnünden turan medrese bilen gyssagly hoşlaşmasyna ýurtda bolup geçýän galagoply ýagdaýlar, türkmen halkynyň ykbaly bilen baglanyşykly zerur çözülmeli, Magtymgulynyň gatnaşmagyna garaşýan meseleler sebäp bolupdyr. Oňa:
„Hakdan
bize buýruk, baglydyr bilim,
Sende
tälim aldy, açyldy gözüm.
Gelsin
diýp garaşýar,ol kökleň ilim,
Diýen setirler onuň ýörite çagyrylandygyny, Arkaç sebitlerinde oňa sabyrsyzlyk bilen garaşylýandygyny görkezýär.
Magtymguly milli-syýasy şahsyýat:
Magtymgulynyň ençeme ýurtlary aýlanyp, Türküstanyň ylmy merkezlerinde bolup, okap, örän baý hem gymmatly tejribeleri gazanandan soň mähriban halkynyň arasyna gaýdyp gelmegi bilen onuň ömrüniň, syýasy-jemgyýetçilik meýdanynda iň jogapkärçilikli ýyllary hem-de taryh öňündäki synagy başlanýar. Bütin durky il-gününe bolan çäksiz söýgüsi bilen ýugrulan, gözel türkmen topragy iň arzyly käbesine öwrilen Magtymguly, bu synagdan başyny dik tutup geçdi. Diňe öz döwriniň däl eýsem halkynyň geljegki we geljegki nesilleriniň ruhunda we kalbynda ebedi ýaşajak mukaddes ideallaryny, beýik mekdebini, aýdyň ýörelgesini goýup özboluşly tagmasyny basyp gitdi. Biziň dürli kitapdyr makalalardan edinip bilen maglumatymyza görä hem-de onuň öz ölmez-ýitmez eserinden belli bolşy ýaly şahyr, atasynyň eserinde çeper beýanyny tapan, türkmen halkynyň taryhy arzuwy bolan „özbaşdak, erkin döwlet gurup döwletli ýaşamak“ arzuwyny durmuşa geçirmek ugrunda, bütin tejribedir ylmyna daýanmak bilen,dürli ýollara pikir aylap, içeri we daşary ýagdaýlaýlary, halkynyň maddy we ruhy potansiýallaryny gözden geçiryär hem-de ähli mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmaga çalyşýar. Her zady ilki özüňden başlamalydygyna, esasy daýanjyň bolsa öz halkydygyna, emma agzybir halkydygyna ynanan Pyragy, halkyna şeýle ýüzlenýär:
Bir-biriňi
çapmak ermes ärlikden,
Bu iş
şeýtanydyr, ýogsa körlikden.
Agzyalalyk
aýrar ili dirlikden,
Döwlet
dönüp, nobat duşmana gelgeý.
Ol, bu ugurda bar güýji bilen
talaş edip, ähli ýollary synaýar. Birleşen güýç bilen nämeler edip
boljakdygyny, Il-Güni gysyp gowurýan, ynsanlyk derejesini
kemsidýän, hor-homsy gözgyny ýaşaýşa sebäp bolýan
şertleri özgerdip, azatlygyň, ynsanlarça ýaşamagyň ýeke
täk girewi bolan garaşsyz hem erkin döwlet gurmagyň diňe agzybirlik
bilen hakykata öwrilip biljekdigini, halkyň dili bilen halkyna
ýüzlenip aydýar, halkyny galkyndyrýar, gayrata
getirýär:
Köňüller,
ýürekler, bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn, erär topraklar,daşlar.
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.
Türkmenler baglasa, bir ýere bili,
Gurudar Gulzumy,derýaýy
Nili.
Teke,
Ýomut, Gökleň, Ýazyr, Alyly,
Bir
döwlete gulluk etsek bäşimiz.
Şayhr, halkynyň maddy hem ruhy
taýdan belli derejede taýýarlanandan soň, gulçulykdan
gutarmak üçin bar güýji bilen herekete geçmelidigini şeýle
beýan edyär:
Gorka-gorka yflas ýagdaýa düşdük,
Takdyr
näme bolsa, görülsin indi;
Pikir
gazanynda gaýnadyk,bişdik,
Degme,
ol joş urup ýörülsin indi!
Oturmasyn kempir, ýaşlar dul bolup,
Galmaňlar, türkmenler, ile dil bolup,
Rakyp ähli musulmana gul bolup,
Ilersi Soňydag sürülsin indi.
Üstümizden duşman höküm sürendir,
Mü-mün bary jebri-jepa görendir,
Ogul-gyzy har öňüne berendir,
Hemmeler ol jaýdan syrylsyn indi.
Pyragy ýüz tutar türkmen iline,
Duşman gol urmasyn gyzyl gülüne,
Dostlar, bizi ahyratyň siline
Gark etmänkä, rakyp gyrylsyn indi.
Magtymguly bu çagyryşlaryň yany bilen, daşary we halkara şertleriň ähli mümkinçiliklerinden peýdalanmak ugrunda-da örän paýhasly hem ugurtapyjylykly syýasatlara ýüz urýar. Türkmen Han-Begleri bilen yzygiderli geňeş geçirip pikir alyşyp durmagyň daşyndan hem, şol wagtlar garaşsyzlyk ugrunda Owganystanda hereket edýän, asly Abdal türkmenlerinden bolan Ahmat Dürrany bilen arkadaşlyk etmek ýollaryny geňeşmek maksady bilen, onuň öz çakylygy esasynda, Çowdurhanyň baştutanlygynda birnäçe adam, şol sanda öz dogany Abdyllany Owganystana iberýärler. Emma gynanç bilen olar, ýolda duşmanlar tarapyndan şehid ediýär. Şahyr bu pajygaly waka hakynda, ilki Çowdurhany, soň bolsa öz dogany Abdyllany ýatlap şeýle ýazýar:
Ahmet Patyşadan habar almaga
Umyt etdi iller Çowdurhan üçin,
Sag baryp, salamat gaýdyp gelmäge,
Oňmady ykballar, Çowdurhan üçin.
Çowdurhan görejim, köňül diregim,
Sen wepat bolup sen
zarlar içinde
Gökleňde pälwanym, ile geregim,
Halky goýup gitdiň
narlar içinde.
Gülüp-oýnamadyk bile şat bolup,
Başdan gitdi, bütin bizden ýat bolup,
Magtymguly zar aglapdyr, mat bolup,
Kaýda mesgen tutduň,
gardaş Abdylla.
Magtymguly, bulardan başga-da,
Gajarlardan dil hem aslymyzyň bir bolmagyndan, Owganlylardan bolsa mezhep
birligimizden peýdalanyp haray gözlemelidigini Il-Gününe maslahat
berýär. Şahyr, ömrüniň yekeje salymyny-da halkynyň ykbalyndan
sowa geçirmeýär. Hut şonuň üçin hem halk oňa „Milli
şahyr“ diýen beýik ady berýär.
Dogry, magtymguly özüniň derýa ýaly giň
ýüreginde beslän we bütin ömrüni ýolunda sarp
Türkmenler baglasa bir ýere bili,
Gurudar gulzumy deryaýy Nili.
Teke, ýomut, gökleň,ýazyr,alyly,
Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz.
diýen sargydynyň ýerne ýetirilmegi hem dowamydyr.
Magtymguly köňle gaýgy getirme!
Bu bir iş wagtydyr özüňi ýitirme!
Sözüm aňlan ýok diýp ümsüm
oturma!
Jahan
giňdir,çendan bilen-de bardyr.
Türkmen edebiyaty,
umumy-türk edebiýatynyň aýrylmaz bir bölegidir. Sebäbi, ýokarda-da
belläp geçişimiz ýaly, türkmen milleti, türki halklaryň we türk
dünýäsiniň iň gadymy agzalarynyň biri, hatda onuň
köki hem gönezligidir diýsek-de ýlňysmarys. Hut şonuň
üçin hem türkmen edebiýatyny we onuň beýik hem görnükli
wekili Magtymguly Pyragynyň döredijiligini, umumy-türk edebiýaty
bilen birlikde, hatda bütin Gündogar edebiyatynyň çygrynda ele alyp
öwrenmelidiris. Biz munuň şeýledigini beýik şahyryň
ölmez-yitmez diwanynda-da görýäris. Magtymgulynyň eserinde
umumy-türk edebiýatynyň, ylaýta-da Ýusup
Balasagunlynyň “Kutatgu-Biligi”(11-nji ýüzýyl), Ahmat
Ýasawynyň “Diwany Hikmeti”
(12-nji ýüzý.), Rabguziniň
“Kysasol-Enbiýasy”(14-nji ýüzý.), şonuň
ýaly-da Emadeddin Nesiminiň, Alyşir Nowaýynyň, Muhammed
Fuzulynyň we başgalaryň täsirini we yzyny görýäris. Bulardan
başga-da şahyryň bütin arap we pars dillerinde ýazylan
edebiýat bilen-de doly tanyşdygy bellidir. Şu aşakdaky setirlere üns
bereliň:
Jam
göterip, baryp ýetdim bir bapdan
Hyrka
geýip, il içinde san bolsam
Tün
içinde baryp beýtulla tapdan
Zar
ýyglaýan sahyplara hun bolsam
Abuseid,
Omar Haýýam, Hemedany
Ferdowsi,
Nizamy, Hafez Perwany
Jelaleddin Rumy, Jame-olmany,
Olarnyň ýanynda men hem kän bolsam.
Damganyda ýörgen ussat Nowaýy
“Çardiwany”, “Perhad-Şirin” zybany
Zähireddin Babur, “Mizan-Owzany”
Gaşlaryna baryp,men
Mejnun bolsam.
Okyp bildim men Sagdiniň Bossany
Gör ne ajap,Haganynyň
Medaýyny
Istar men şahnama, sakynamany,
Halyf Omar bilen Süleýman
bolsam.
Salaman Afsaly serhoş eýleýip
Bahram guri tutup, medhuş eýleýip
Äzädoddowlany bir guş
eýleýip,
Abumahfuz, Gyzyl Aslan Han bolsam.
Arbalet golunda eý Magtymguly!
Rusteme isgender hiç tutmaz ýoly
Ne bolsa bilgeý sen ilat hyýaly
Dertliler alnynda men lukman bolsam.
Magtymgulynyň dünýägaraýşynda, pelsepesinde Eflatunyň, Ebni-Sinanyň, Haýýamyň, ynanç dünýäsinde bolsa, täsäwwofuň beýik şahsyýatlary bolan Mansur Hallajyň, Ahmat Ýasawynyň, Emadeddin Nesiminiň, Şyh Nejmeddin Kubranyň, Baha-eddin Nakşbendiniň we Şahabeddin Sohrewerdiniň yzlaryny duýýarys. Şahyr özüniň aýry-aýry goşgularynda olaryň her birinden hormat bilen at çekýär. Emma bularyň ýanynda, Magtymguly öz döredijiliginde iň esasy orny, halkynyň egsilez baýlygy we ata-babalarynyň gözel mirasy bolan halk folkloryna berýär. hut şonuň üçin hem onuň goşgulary bütin halk köpçüligi üçin örän düşnükli hem-de şeýle bir ýakymly, täsirli bolup, olaryň ruhuna we bütin durkuna ornaýar, hatda şu gün hem ýekeje türkmeni Magtymgulysyz göz öňüne getimek mümkin däldir. Ol öz edebi däbinde uly bir täzelik getirýär, ýagny goşgularyny umumy-türk resmi dili bolan Çagataý türkçesinde däl-de öz döwründäki türkmen halk köpçüligine örän düşnükli, folklorik äheňde ýazýar. Hakykatda ol, „täze türkmen edebiýatynyň“ düýbüni tutýar. Mgtymgula Milli Şahyr diyilmegiň bir sebäbi-de şundan ybaratdyr. Bu barada türkmen alymy G. Ataýyf şeýle yazýar: „Nowaýy özüni türki dilden eser ýazmagyň baýdak göterijisi hasaplan bolsa, Magtymguly bu ýörelgäni zamanasynyň talaplaryna laýyklykda ösdürýär. Ol, sada türkmen dilinde-de uly edebiýaty döredip boljakdygyny, onuň çeper döredijilik üçin mümkinçiliginiň örän uludygyny subut edýär“. Şahyrdan galan we biziň elimize gowşan diwanynyň göwrimi onçakly uly bolmasa-da, onuň mazmuny gaty baý hem örän köptaraplydyr. Onuň goşgularynda adamzat ýaşaýşynyň, durmuşyň ähli tarapy, maddy we ruhy ýüzleri, özüniň aydyň beýanyny hem öwüşginini tapýar. Şu hakykaty göz öňünde tutmak bilen gündogary öwreniji beýik ors alymy prof. Bertels, Magtymgulynyň diwanyny, bütin dünýäni öz içinde görkezýän, ertekilerdäki „Jemşidiň Jamyna“ meňzetýär. Hut şonuň üçin hem Magtymgulyny öwrenmeklik örän çynlakaý hem yzygiderli isiň yany bilen, pelsepe, tasawwuf, taryh, edebiýat we jemgyyetçilik ylymlarynyň aýry-aýry pudaklaryndan belli derejede habarly bolmagy talap edýär.Onuň eseriniň her tarapy hakda ýörite iş ýazylmalydyr. Gynansak-da bu iş henize çenli edilmedik iş bolup diňe, şahyry käbir gündogaryň uly şahsyýatlary bien gysga görnüşde deňesdirmek heddinden geçmändir.
Magtygulynyň eseriniň her bir tarapyny gündogaryň belli bir tanymal şahsyýatlary bilen deňemek mümkindir. Emma Magtymguly olaryň her birine belli derejede çalym etse-de olaryň hiç biri bolman özüne gärä ýöriteligi we aýratynlygy bardyr. Başga bir söz bilen aýtsak, Mgtyguly diňe agtymgulydyr.
Magtymguly we Haýýam ikisi-de bu dünýäniň geçijidigini, gysgajyk ömrüň içinde gaýgy hasrat bilen geçirmän eýsem wagtyňy hoş geçirmelidigini, hatda ol dünýni gaýgy edip bu dünýäni bozmaly däldigini ündeýärler:
Magtymguly bu dünýäniň hamusyn,
Ýygyp düyrüp ýele berdim namysyn
Pikir derýasyna, aklym gämisin
Batyrmyşam çyka bilmen neýläýin?
Mollalar ahyrat sözün söýlärler.
Münkür olma, gerçek işdir eýlärler
Kim biler ki, ahyratda neýlärler?
Iýip, içip, gülüp, oýnap öt ýagşy.
Bedew ölse meýdan galar armanly
Hak yşgyna at sal meýdan ýoluksa
Är ölejek heňňam galar döwranly
Wagtyňy hoş geçir, döwran
ýoluksa.
Emma ýokarda ady geçen prof. Bertels
şeýle ýazýar: Şol agyr ýagdaýlarda galan “Omar Haýýam”, gaýgyny şerap
içmek, saz-söhbet bilen ýeňmeli diyen bolsa, Magtymguly Pyragy
onuň tersine: “
Mgtymgulyny Haje Hafez bilen hem deňemek
mümkindir. Sebäbi bularyň ikisi-de hakyky yşgyň, taňry
yşgynyň güýjüni, ebediligini wasp edip, ýalandan laf
urýanlary, ýaranjaň we ýüzleý ruhanylary
hem-de höküm sürýän agyr düzgüni hem zalym häkimleri, tasawwuf we irfana
mahsus bolan dil bilen tankyd edýärler:
Magtymguly hakdan pyýala çekse,
Pyýala joş
berip hyýala çekse,
Aşyklar kalbyndan bir nala çekse,
Dagy elendirer, daşy ýandyrar.
Her zaman
Magtymguly halk içre gezme laf edip
Sakla gybatdan
diliň ugrunda ynsaf edip
El uazatma köp pesada,yör
hudadan howp edip
Sopylyk esbaby hoşdur, geý içiňni
saf edip
Bolsa möý-möjek içim,bu
esgi şaly neýlerem.
Aşyk men diýp lap urarlar
ýalandan
Bellisini aýdar,sorsaň bilenden
Il gözüne kyrk ýyl tagat kylandan,
Ýagşydyr bir säher gözden ýaş gelse.
Yşgyň awazasyn diňle daşyndan
Jan jebrinden gorksaň,barma başyndan
Seriştäň kem bolsa yşgyň işinden,
Bar habar al,gören mübtilalardan.
Türkmen alymy Saýlaw
Myradfyň pikrine görä, Magtymguly öz döwriniň näsazlyklaryny has
gönüräk hem obýektivräk suratda
tankyt etse, Hafez onuň tersine has gytaklaýyn hem subjektiv
suratda tankyd edip bilipdir. Ol munuň sebäbini Hafeziň ýaşan
döwri hem jemgyýetine garanyňda Magtymgulynyň ýaşan
jemgyýetinde azatlygyň, erkinligiň köpüräk bolmagynda
görýär we “Magtymguly gündogar edebiýatynda ösüp gelýän
realizmi bir etap ýokary göterýär” diýip baha
berýär.
Biziň pikrimize görä Magtymguly
halkynyň beýik mugallymy , pedagogy hökmünde, hem
köpçüligiň,hem ýolbasçylaryň uýmalary gerek bolan
normlary hem-de her bir ynsana ýaraşykly we gerek bolan
gylyk-häsiýetleri ündäp öwmek bilen bir wagtyň özünde, köpçülige we
beýleki ynsanlara hem özüne ýaraşyksyz we zyýan getiriji
edim-gylymlary yzygiderli hem berk ýazgarmak arkaly, Il-Güni
terbiýelemekde, olary ruhy taýdan gözel gelejek üçin
taýýarlamakda alyp baran işi has-da ähmiyetli hem
deňi-taýy bolmadyk derjede ulydyr. Belki-de şu hakykaty göz
öňünde tutmak bilen Azerbeýjan edebiýatçysy Aryf
Hajyýef, şahyra şeýle baha berýär: “Magtymgulynyň
şahyrana eserleri yzygiderli suratda,onuň ömür ýoluny, çylşyrymly
dünýägaraýşynyň “ewolýutsiýasyny”
şölelendirýär.
Megerem sosýal mazmuny,
gündogaryň hiç bir şahyrynda edil Magtymgulynyňky yaly esasy orun
eýelän däldir…wagtyň umumylaşdyrylan sosyal etiki obrazy onuň
poeziyasynda ähli çeperçilik öwüşgünleri bilen görünýär…”
Belki biziň açyklamaga çalyşýan düşünjelerimizi Beýik
akyldarymyzyň öz goşgularynda has aydyňrak duýulýandyr.
Şonuň üçin sözümizi bu ýerde aýaklap, onuň diwanyndan
her sözi altyna deň bolan birnäçe beýt getirmek bilen sözi
şahyryň özüne berýäris.
Süleýman sen, mura bir gulak goýgul
Sözüni diňlegil,jogabyn aýgyl
Häkim bolsaň
halky gün kimin çoýgyl
Akarda suw, ýa
öserde ýel bolgyl.
****************************
Hiç könül şatlygy
çykmaz,
Bir köňül
ýykmaýan ärden
Ýagşylyk
tamasyn etme
Ýamanlyk çykmaýan ärden.
****************************
Adam bolup adam gadryn bimeýen,
Ondan ýene otlap ýören mal ýagşy.
Sözlegende, söz manysyn bilmeýen,
Ondan ýene sözlemeýen lal ýagşy.
***************************
Magtymguly, garap gözle daşyňy
Jaýyn bilip sarp et nanuw aşyňy
Kämil tapsaň goý ýolunda başyňy
Är yzynda gezseň, ärdek bolar sen.
**************************
. Bir
biwepa ýara gülüp bakandan
Şirin jany yşk oduna ýakandan
Ýad illerde musapyrlyk çekenden
Ursa, sökse, horlasa-da il
ýagşy
*************************
Uzak ýola bidöwleti baş etme
Allanyň emrinden köňlüň daş etme
Akmaga iç berip syryň paş etme
Galbyrda suw durmaz,gözemek bilen.
*************************
Sam-sam
adam bilen oturma turma
Zynhar
namart bilen sen söhbet gurma
Gadyrdan
dostuňdan ýüzüň öwürme
Barsaň
depesine täj eder seni.
*************************
Magtymguly,ýalan
ýaşryk sözleme
Nuksanyň
içinden haýyr gözleme
Egisgin
derdiňi, digin gizleme,
Il-Ulusdyr,
dosy-ýary ýekäniň.
************************
Goç
ýigidiň ady çykmaz
Döwleti,maly
bolmasa
Endişeli
iş bitirmez,
Meýdanda däli bolsa.
Gonmak täze ýurda ýagşy
Haly düşek törde ýagşy
Ol ýigitler görde ýagşy,
Başy gowgaly bolmasa.
Magtymguly bolsa başly
Uýalmaz gylyçly aşly
Duzy zor,duşmany güýçli
Dosy wepaly bolmasa.
**********************
Bimanynyň sözi janyňdan öter
Gybat edip, özi günäge batar
Ýamanyň zyýany iline
ýeter,
Nadanyň peýdasy,özüne degmez.
*********************
Sözüm nasyhatdyr,bir gulak salyň
Bendesi men söze hyrydar guluň
Kyrk oýnaşly hatyn,ýagşydyr
biliň,
Şereňňiz, köpdilli kethudalardan.
**************************
Derwiş ýerde daldyr, ýa gökde
aýdyr
Doňuz derýa neýlär,it
üýrüp aýa.
*************************
B. Gereý
dangatar@web.de
Berlin-May 2000
Edebiýat:
1-TSSR-niň taryhy, Aşgabat-
1959
2-Magtymguly, Saýlanan
eserler, Aşgabat-1983
3-M. Kösäýew,
;Edebiýat barada söhbet; Aşgabat-1956
4-Türkmenistanda
neşir edilen aýry-aýry gazýet-žurnallardky makalalar.