A.     Gürgenli:

 

CADILANAN MILLET


 

 

 

 

B

iri bar eydi, biri yok eydi al asmanýñ astýnda cennete meñzeþ türkmen iylinde Alla tagaladan baþga adýl bir soltan bar eydi. Onuñ Erkin diyen bir oglý bar eydi. Bu oglan batýr hem päliwan bir yigit bolup yetiþgeç, geplände iyl agzýna añk bolardý, yörände dabanýndan ot çýkardý, nagra dartanda daglar titrärdi. Arslan yürekli Erkin agzýbir iylatýnýñ sayasýnda duþmanlarýna gün bermän, iyenlerini awý, geyenlerini mawý eyläp, gündüzlerini giycä aylandýrardý.

   Günlerde bir gün zalým duþmanýñ aksakgallarý, molla-müftileri bir yere üyþüp, Erkiniñ mähnetinden dýynmak üçin kel kellerini gaþap, agýr oya batýp, oña duzak gurmagýñ yollarýný agtaryarlar. Ahýrý birisi:"Pars han, sen gýyzýñý Erkine bercek diyen bahana bilen oný galaña çagýrt, þo yerde hem baþýný kes, þeytmeseñ baþga alaç yok" diyyär. Onuñ bu maslahatýný goldan Pars han gatý þat bolyar.

 

 Pars hanýñ näçe yýldan bäri äre barýp bilmän, esräp yatan gelþiksiz edrenç, diyþleri çüyrän, saçlarýþen ”Cebriye” diyen garrý gýyzý bar eydi, ine, þol gýyzý berip, Erkiniñ ayagýný duþaklamagý neyet edinyärler.

   Ertesi Pars han dört yana çapar gönderip, galama-gala sökdürip:"Pars han owadan gýyzýný äre beryär, ol kimi halasa han oný þoña bercek hem-de ol yigidi öz mirasdüþeri, yerine patýþa etcek" diyip car çekdirip, ala galmagal turuzyar.Cebriyäniñ çüyrük diþlerini tayý görülmedik hünci sadaplar bilen becerdip, saçlarýný atýñ guyrugýnýñ gýllarý bilen örüp bezeyärler, adýný bolsa Cebriyeden ”Farsiya” üytgedyärler.

   Günlerde bir gün eydip-beydip Erkin begi Pars hanýñ galasýna getiryärler. Onuñ ayagýnýñ astýna iñ owadan zatlarýþeyärler. Yumakçý soytarlar Erkini öwüp:" Pähäy, bu yigde gýrk

gýyz gurban bolmuþ" diyip, yañsýlayarlar. Erkin galada göwüniniñ islän keypini edip, iyip-içip geziberyär. Emma ol yaný bilen öz iylinden alýp gelen çöreginden günde bir döwüm iymegi unutmayar. Pars hanýñ galasýna gaytmazdan öñ, Atasý:" Oglum, bu çörek seni Pars hanýñ pis niyetinden gorar, ol saña tükenmez hem yeñilmez güyç berer" diyenmiþ.

   µndi habarý kimden alaylý, Erkin begiñ iylinden alaylý.

    Erkiniñ yutdan çýkýp gidenini eþiden Ors han derhal Pars hana çapar yollap, þu mahal bu yeri yagmalamagýñ amatlýdýgýný yatladyar. µkisi, iki yandan Erkin begiñ topragýný talap, iyl-ulusýný gýrýp, yurdý öz aralarýnda paylaþyarlar.

   Niyetine yeten Pars han, begencinden donuna sýgman, ulý toy tutup, süñk dosý Ors haný toya çagýryar. Ol, ayrý-ayrý yurtlardan basýp alan mallarýndan nökerlerine bol-bol serpay yapyar.

   µne, Ors han, Pars hanýñ toyna bu wakanýñ ýyz yaný goþulýp durþý eydi. Olar þerap dolý bulgurlarýný öz yeñiþleri üçin galdýryarlar. Ors han, dostý Pars hanýñ toyna hey-de eli eli boþ gelermi? Ol yanýndaký kiçiräcik sandýkdan henize deñiç görülmedik acayýp bir togalak çüyþäni çýkaryarda:ne, bu-da menden Farsiya gýyzýmýza sowgat" diyyär. Pars hanýñ gözleri yýldýr-yýldýr edip, gýssanýp elini çüyþä uzadanda, Ors han çaltlýk bilen onuñ elini ýyzýna itip:"Yok, can dost, bu ayýlganç howuplý yaragdýr, güyçli partlaycýdýr, oný nesip bolsa Erkiniñ yurduna yumurtga togalap, yer bilen yegsan etcek günümiz ulanarýs, onyança töweregiñden sýr sakla" diyip, berk sargayar.

   Bu arada Pars han hem onuñ aksakgallarýdýr molla-müftileri Erkini öldürcek günlerina, hem-de oný niçik öldürceklerini maslahatlaþyarlar. Olar Erkiniñ Farsiyanýñ köþgüne barcak giycesi üstüne elleri gýlýçlý cellatlarý iybermegi niyet edyärler. Köþkde cellatlarý gizläp goyyarlar.

   Gýyzýñ sarayna giren Erkiniñ gözi hýzmatçý çorýlarýñ içinde bir gýyza düþüp, huþý baþýndan uçyar. Ol Farsiya däl-de hýzmatkär gýyza garþý yöräberyär. Bu gýyz türkmen iylinden yesir alnýp gala getirilen "Aya sen dogma, men dogdum" diyen görkana gýyzlardan birisi  eydi. Ol-da Erkinde öz dogduk iliniñ alamatýný görüp tanýþlýk beryär, þol bada-da köþgüñ içinde gizlenip duran cellatlar Erkine garþý topulyarlar. Türkana gýyzýñ þeyle owadanlýgýndan huþý baþýndan giden Erkin onuñ dadýna özüne gelip duþmanlarýnýñ üstüne arslan bolup towusyar, köþgi hem galaný olarýñ baþlarýna ymuryar, canlarýný cähenneme iyberyär. Erkin bilen Türkana gýyz weyrana öwrülen galanýñ harabalarýnýñ arasýnda gezip, Pars hanýñ can çüyþesini tapýp, oný yere urup döwyär, þonda öñlerinde ulý bir derweze peyda bolup, Erkin, Türkanañ Gýratýñ ardýna alýp:"nirdesiñ dogduk ilim?! diyip ugraberyär.

    Erkin þähere girenda yurtda ençeme üytgeþikligiñ bolandýgýný añyar. Bir topar adamýñ irkilþip, bir gözlerini yumup, eylekisinem zordan açýp, ýsgýnsýz sesler bilen gürleþyändiklerini, añýrrakda bolsa yene bir toparýñ ownuk zadýñ üstünde bir-birleri bilen yakalaþýp durandýgýný, garawullarýñ bolsa günälini däl-de günäsizi tutup äkidyändigini görüp, gatý geñ galyar. Ençeme yýllap iyl gaygýsýndan baþga gaygýsý bolmadýk, þonuñ üçinem Gazgýsýz adýný alýp, adýllýkda höküm süren han Atasýnýñ yerne bolsa Pañmýrat tagta çýkanmýþ. An, onsoñ Erkin atasýnýñ yanýna barýp nämäniñ nämedigini soranda, Atasý:

-"Oglum, birisi Pars hanýñ galasýndan yýldýrawuk bir çüyþe getirdi, her kim oný alcak bolup canserek boldý, bir-birini öldürmek diyersiñmi, þugulçýlýk diyermisiñ, binamýýlýk diyermisiñ, ay garaz,yagþýlýk yat bolup, bu ile  erbetlik barý ornaþýp gitdi. Olarý hernäçe agzýbirlige çagýrsamam, meni diñlän bolmadý. µki yüzli hilegär wezirim Pañmýrat bu yagdaydan peydalanýp, özüne howandar tapmak üçin çüyþeden isläne bir gýyýlçak  berip, adamlarý cadýlap baþladý, þeydibem yurdiñ täç-tagtýna eye boldý. µndi haçan hem nädip bu tilsimi çözüp, cadýlanan halký oyarýp bolarka" diyip, gözlerinden siyl kimin yaþ akdýrýberdi.

   Yagdaya göz yetiren Erkin, garþýdaký belent dagýñ üstüne çýkýp, þähere seredip, çuñ oya batdý. Ol, halkýnýñ þeyle agýr güne duçar bolandýgýna gatý tukat bolup, yüregi agzýndan çýkara gelip, gam derysýna gark boldý.Ana, onsoñ ruhý teninden uçup, özi-de ullakan bir daþa öwrülip yatýberenmiþ. Mundan günler, aylar, yýllar ötyär. Köçeden baryan yaþulý ene-atalar ogrýnça: "Hanha seret, Gaygýsýz Atamýzýñ oglý Erkin beg dagýñ üstünde otýr" diyip, balalarýýna dagýñ üstünde garýlýp görünyän äpet daþý görkezyärler.

Erkin beg bolsa þol yerden þol yerden gözi yaþlý, bagrý baþlý öz iyline seredip iliniñ çekyän cebir-cepasýna bagrýný yakýp otýr.

 

                        23.11.97