news.turkmens.net
makalalar.turkmens.net
habarlar.turkmens.net

a member of



MAKALALAR

Amerikada yüz beren waka hakinda

September ayiniò 11-inde Amerikada yüz beren ayliganç we yigrenji waka köpleriò yüregini ezen bolsa gerek. Bu hereket her kimiò tarapindan we her bahana bilen edilen hem bolsa aklar yali bir zat däl. Emma edil shular yali mahal, partlamak bombalamak öyi üstüne yikilmak yali görgileri her gün janlari ganlari bilen duyup yören adamlariò derdine oylanmaga we düshünmäge pursat döredip hem bilyä. Amerikanlilariò öç almak üçiyn bir yä näçe yurduò depesinden bomba yagdirmagi mumkiyn. Yöne olariò sheyden yerinde hiç bir dügüniò çözülmejegi iki uwçsiz. Kiynçiligiò köki niyrede, shoni tatip, yok etjek bolmali. Meò bilshime göre, haçanda bir iyl doliligina ayak astinda depelenip gezse, hiyç mahal bular yali hereketleri düybinden yok edip bolmaz. Birini öldürseò, müòisi dörär. Diòe bir shertde arkayin yashap bolyar: hemme iylleriò yuwrtlariò deò hukuwkli deò hormatli yashap bilmegi, we hiyç kimiò bashga bir iyli yuwrdi güyç bilen öz gol astina geçirmezligi.

Howa bu derdiò dermani bir iyli yuwrdi girginçiliga salmakda däl. Döwlet terorçiligini goy bolsun edilmese, gariypligi aradan armagiò aladasi edilmese, hemme iylleriò yuwrtlariò deò hukuwkli yashamagina mumkiynçilik döredilmese, ol bir jani yanani atsaò, beylekileri nädersiò?

Bu pajiga Amerikanlilara bir näçe uli sapaklar berip biler. Diòe olariò diòlemegi we oylanmagi gerek:

Dünyä agalik edip, bashgalari äsgermän, halaniòi edip uzak yashap bolmajagi.
Palestinalilariò bashinda Ezrayili musallat edip goymaginiò tersdigi.
Öz bashiòa düshen belaò agraminiò götermeginiò agirdigi.
Bir taraplayin däl, iki taraplayin alada edilmese, bular yali hereketleri düybinden yok edip bolmajagi.
Bu heretiò bir näçe yaramaz netiyjelere alip barmagi hem çakdan dashda däl:

Her bir çidaman haykiran adamiò maòlayina "terorist" peçadiniò basilmagi.
Amerikaò dünyä edip yören agaliginiò öòkidenem has artmagi.
Bu hereketiò kölgesinde, ayak astinda depelenip yören iylleriò yuwrtlariò hakgayt owradilmagi.
Owgan iyliniò yene bir gezek girgina salinip yuwrduna talaò düshmegi.
Bardigeldi urush turayan yerinde, onuò konotroll astindan çikmagi.
Bu yüz beren pajiga bir näçe gowi netiyjeler hem berip bilyä:

Mollalariò Owgan halkiniò depesinden tozadulmagi.
Ilki bashdan bu yerde bir näçe sorag döreyä:

Bir yuwrduò depesinen bomba yagdirip partladip, ol yuwrduò hökumetini agdarip bormi?
Meò düshünüshime göre bu zat mumkiyn däl. Ol bashliklar, iyl girilsin men galayin diyip otiyrlar. Olari iyliò depesinden partlama yagdirip aradan ayrip bolmaya.

Yerden çozup barip Owganistani basip almaga Amerikada güyç barmi?
Owgan halki öò bir gezek shu zamaniò adamlarina öz gujur gayratini görkezen bolaysa gerek. Shoni görüp bilmedik adamlar, bir yalòishiò ikiläp gaytalanmagina alip bararlar. Elbet bular yali görgiler adami kän bir oylandirip hem duranok.

Amerikalilariò akila gelip, beyle bir agir görgiò çekmeginiò kiyndigini aòip, insana bolan garayishini bir az üytgetmegi hem hakiykatdan dashda däl.
Bu yokarda sanalan mumkiynçilikleriò hiyç haysi garaz öz özünden bulubermeyä. Bulariò her haysina bir näçe shertler gereklik edyä. Kä bir shertleriò döredilmegi gati kiyn. Kä bir shertler shey bir aòsat. Olariò iò aòsadi, her iyliò yuwrduni özine tabshirip, deò hukuwkli deò hormatli yashamak. Bu zat giysga wagtiò içinde agir bolup görünmegi mumkiyn, yöne uzaginda shundan aòirda möhüm ädip boljak ädim yok. Yogsam bu urushda kimiò yeòish gazanjagi belli däl.

Çindan hem dürli halklariò bile yashamagi göz öòüne tutulyan bolsa, onda ol erkinlikde, her kimiò öz islegi bilen amala ashirip boljak iysh.

Soòunda bu howupli gün, amerikanlilara jan saglik, uzak yash, sabir we adamkärçilik
düshünsheleriniò artmagini Taòridan dileg edyärin.

ANNAGULI


Biziò birleship bilmeyänligimize näme zat sebäp bolyarka?

Bu soraga her kim bir hili jogap tapip biler. Belki olariò barisi dogri dir. Meò düshünishime görä bu sebäpleriò köki bir yerde: her kim özini beylekiden ökderäkdir, akillirakdir öydyä. Öòde biyrine gel arkalaship iyshläli diyip hat yazamda, bile iyshlemek üçiyn derejäò deò bolmali diyip jogap gaytaripdi! Men oò mert adamdigina täze düshünüp galdim. Ol göni aydip bilipdi. Meò pikirime görä, egerde biz bular yali nejiys inamlari tashlap bilmesek, hiç haçan ne birleship bileris nede iyle kömegimiz yetip biler. Men öò bir çikishimda, "shu gün iyl üçiyn bir näçe janindan malindan geçip biljek adam gerek" diyipdim. Bu gün pikirimi bir az üytgetmeli boldum: "shu gün iyl üçiyn bir näçe özüni beylekiler bilen deò derejede görüp bilen adam gerek". Belki her kim iyle bash bolmak niyeti bilen özüni beylekiden ileri sayyandir. Bu düshünükli. Iyle basham gerek. Emma iyliò bu gün diòe bashi agiranok. Ondan beterräk onuò iynçe keseli tutup duwr. Geliò diyäniòiz dogri bolsa, dogridanam derejäòiz beylekilerden ulirak bolsa, ilki bashdan shu derde em tapjak boluò.

Galiberse, meydana çikip bu göreshe gatnashjak bolyan adamlar öz öòlerinde bir sherti goyup görsunler: "iyl bähbidini öz bähbiydiòden, keypiòden öòde goymak". Her kim shu sherte inanip oòa amal edip bilmese, iyl üçiyn janindan hem geçip bilmez. Geliò özümizi aldamaliò. Herimiz oturup oylanip göreliyò. Öz bähbiydimizi, öz keypimizi tereziyò bir tarapinda, iyliò bähbidini ol bir tarapinda goyup göreliò. Haysi agir gelyä? Eger Taòriyò öòünde durup özümize dogri jogap berip bilsek, iyli aldap bilmeris.

Bu yagday iyli aldamak niyeti bilen döremedik bolayan yerinde-de axir bir shoòa alip barya.

Geliò, diyäniòiz dogri bolsa, bir fond açip, erkinlik gazanmak ugrunda göreship yören adamlar dir guramalara, kimligine we ideasine garamazdan, goldow bereliò. Her haysimiz her ayda däl her yilda, bir süyshe aragiò däl bir süyshe arpaò suwiniò puluni shol hasaba dökeliò. Yagdayi gowi bolan adamlar köpräk kömek etsinler. Meò özüm her ayda 100 dollar yardam berip biljek. Diòe sheydilen yerinde agzi birlikde dörär, biyri biyriòe hormat goymakda. Goyuò iyshlejek adamlara yol bereliò. Diòe bir gurama diòe bir yol diyip oturmak axir bir gün diktatirçiliga alip barar.

Geliò shu gün, gelejekde dörejek diktatiri, enesiniò göresinde bogaliò. Ertiyr giyç bor. Türkmeinstaniò dashinda yashayan türkmenler diyseò köp. Olariò bir topari Europada we Amerikanda yashayarlar. Bolmanda shu iki böleginiò iktisadi goldow bermäge gurbi çatjak.

Bu zatlardan ötüri özümize bir ser edip göreliyò. Iki däp türkmeniò däpleriniò arasinda baydak bolup duwr: 1- miyhmani 'çay' bilen garshi alip hormatlamak. 2- biyrek biyrege 'arma' diymek. Biz bu gün shu iki däbi yöredip bilyärismi? Eger jogap howa bolsa onda bari zat düzeler. Yokda bolsa onda geliò bilelikde bu derde derman tapjak bolaliyò.

ANNAGULI


Iki müò yillik

Yaòi yakiynlikda iki müò yillik dabaralandi. Men bu yerde ol ugurda bolan sansiz çikdajilardan gürrüò bermekçi däl. Oni oòaryan adalara tabshiryarin. Bärde bashga bir zad bar: meò iylimiò üstünden näçe müò yil geçdikeä Nädip geçenkeä yäde nädip geçirenkelerä Kim bu agir yüki biziò yarawsiz egnimiziò üstünden geçirdikeä Kä soraglara jogap yok! Emma bärki yillariò nädip geçenligi we kimiò geçirenligi belli. Ol natanish däl. Dashardanam gelenok. Ol edil öz içimizden çikdi! Baga düshen gurçuk yali bolup edil içimizden sawurdi. Häzir kökümiziò guwrap baryanligi her bir göze iyläyenem yok. Haçan yapraklarimiz dükülüp, partda jomrulamizda shonda düshünmek islänlere giyç we kiyn bor.

Iyller öz ösüshüni toy eden bolsa, onda bize toy etmäge esasam yok! Dogridanam biziò üstümizden näçe müò yil geçenkeä Türkmen hiyç haçan ol yildan ol yila yetenligini uli toy bayram edip millete göz eden däl bolsa gerek! Yöne bu günki shagalaò her zatdan öò giyò çölde azashan adamiò öz dashina aylanshina ogshaya!

Elbet agiymizam beyleki milletlere yokup baranok. Öòde biyri maòa seò ulanyan hapa sözleriò meò yüregime urya diypdi! Shon yali biziòde agiymiz bulariò yüreklerine urya!

Türkmen shahiyrlari we janköyerleri içerde giynag astina salinya, yöne olariò üstüne dashar yuwrtlarda-da onçalki yagti gün düshüp duranok! Türkmen boldigi bes! yöne meni mundan beter alada goyyan zad: batip baryan gämä elimiz bosh, dilimiz lal, duysakda duygusuz, ser edip durayan yali! Kälerimiz dashinda galayjak yali, emma bu gämi bariymizi özi bilen bilelikde alip gider. Kä gämiler teriyò suwa batanda, yetmedikleriò galkip çikaymasi bolyar, emma batga batan gämiden weliyn....

Türkmen öòemä bir yashandir weliyn, beyle bir ejiyligiò deòindenem geçen däl bolsa gerek! Her biyri öz hani türkmen bu gün erkini bir näçe nadaniò eline tabshirip, gaygisiz yatayan yali! Yöne meni geò goyyan zad bashga bir zad: biz bir öliyni öwüp yören millet, bu gün nähiylli bir oynatgini Taòriymiz edinip otiyrisä yäde indi türkmen Taòrisini niyrde yitirip elden berenini bilmän shol yaynap yörshimikeä

Biyri maòa: hiyç mahal diyri adami öwme diyip öwüt beripdi! Belki ol bu aydan sözüniò arkasinda näme yatanligini bilyän däldir! Bu söz biziò tariyxi giligimiz. Indi bu millet neneò beyle bir aldaga düshüp özüni yitirip diòe bir basha çokundi oturuberdi!

Iò yamani, dashardan barip öò yarawzis hayallap oturan iyle edil Ezrayilini kanuwni taydan ömürlik bashinda sakji edip goydilar, gaytdilar. Sonini sayman bu iyshe bash goshan adamlar erteki gün göni durup türkmeniò yüzüne ser edip bilermikelerä Belki olar yüz yildan soò bari zad unudilar öydyändirler. Belkide sheyle bor, yöne bäsh gün sürjek bolup bir uli iyli beyle bir biylinden jomurmak dogri bolup bilmez.

Asli türkmen ne Niyazofa nede ondan beterrägine bash egmez. Yöne, türkmende hiyç haçan bash bolmandir, her türkmen öz bashii diyip, gabarmaga esas yok. Bu gün hokman bashiò bolaymali. Bash bolmasa gshwre läsh! Bashi bolup göwresi läsh bolup oturan iyliò akilli bilimli bashi bolmasa näme boljaginiò bellisi yok. Gözi gizil Ezrayil äwmän bir birden yignap duwrka, oòa muòa jaò edip uli iyliò tarapindan sorayan yali bloup jogap isleyänem bar: bar yazik sende boldi, sen ülümine sebäp boldiò! özüò sakla yaradan!

Taòkiyt ösüshiò payasi, yöne ol öz yerinde bolsa yagshi. Diyri adam yalòishsiz bolmaz. Diòe öli adam yalòishman yatip biler. yalòish etseò taòkiydam ediler. Yöne diyän sözüòi bilip diyseò yagshi! Garaz tapaniòdan yaòrap otursaò oturubermeli, zad diyän adam yok. Her zad öz çeni bilen.

Howa, bu yol iynçe, bu yol uzak, aylançak. Her kim bu yoldan gitjek bolsa, janini ayasinda göterip gezmeli. Ertesi gün ökümjek iyshiòi shu gün etme.

Näçe bendiyò biziò zindanlarimizda çüyräp yatanligi belli däl, emma bir zad belli: biziò garaòki guylarimiza ziòilanlariò yaninda ertekileriò gahrimanlariniò yaninda bolushi yali gushuò yelegi yok, çirkizäyer yali. Dogrisi, sesleri hem kän bir dashar çikip duranok. Sheyle bir yagdayda bir yere üyshüp, atyan okuòi bir tarapa gönükdirmegiò wagti gelip yetishmedimikeä

Meni geò goyyan zad ol tilkiyò bir uli iyli beyle bir aldaga salip bilenligi däl. Meni geò goyyan zad bu iyliò nähiylli beyle bir aldaga düshüp uli uwka batanligi. Egerde özüò ayag üstüne galip öz hakiòi islemeseò, dashardan gelip seò hakiòi alip berjek adam tapilmaz, oòarmazam.

Eysem dogridanam biz bu iki müò yillik dabarasina shayat bolandigimiz üçiyn bagitlimiä Belki türkmenler iki müò yilligida garinjalar yali biyrek biyregiò gulaklarina pishirdayandirlar!

ANNAGULY


Ilki oturshikda edilen çikish






Shuni az görmäliyò birek birekden
mahal mahal adam boljak boldim men
Bapba

Bir arzuwum bari türkmen birikmek
her kim barip öz ikbalin yolsadi
wah meniò dänedey pitiran ilim
gaytadan dolanip yurda gelsedi

1. Bir sorag döräpdir: öòe düshyän adam kimò Siz. Öòe düshyän adam siz. Menide oyaran siz, yerli yerden çikish edip bir zada etmeli how diyip gigiriberdiòiz. Ine ediò etmeli bolsa. Bir zat däl, on zat ediò.

2. Men diòe bir eden iyshim bar: Shu tarihi pursatiò gelenligini aòdim. Shundan bashga meò eden iyshim yok. Dürli guramalariò bashini tutanda siz, shol guramalar we siyasi hereketler sebäpli horluk çeken we yurtdan kawulanda siz, we iò soòunda çidaman indä birleshmeli diyip çikish edip gigiranda siz. Indi shu oturshuguò netijesi her näme bolsa özüòizden görüò. Hiç kime minneti yokdir. Elbet, olariò ikisiniòde bashini birikdirip bilmersiò diyenem az däl. Men azindan ikisiniò-ä bashini çatip bilerin diyip öòe düshdüm. Egerde iki bashdan artikmaç bolsa onda men göz öòüne tutan maksadimda üstünlik gazananligim iki uwçsiz.

3. Her yurdiò, her iliò, we her kimiò özine has geçmishi bardir. Her kimi yalòishi bilen yepbekläp bor eger maksat shol bolsa. Her kimiò garshisina diymägede söz tapip bor eger hadap shol bolsa. Geliò düshünship oòushjak bolayliò. Elbet aydilmali zat we açiklanmali zat bar bolsa ol edil shu mahal ediläymeli. Hiç kim soò men diyjegimi diyip bilmedim diymesin. Yöne diyilen zat düshünshmek üçin diyilse yagshi. Shuni unutmaò: öz geçmishine taòkiyt gözi bilen ser edip bilmedik adam, öz gelejegini düzeldip bilmez. Men siziò düshünshmäge gelendigiòize inanyarin. Sebäbi yogsam bu yere gelmäge esas yok. Hemmesine aydildi bu oturshuk görme görish üçin däl. Bu oturshuk düshünshmek we iyshe bashlamak üçin guruldi.

4. Bu urush iki adamiò urushi däl adamlar. Bu göresh iki adamiò göreshi däl. Shol sebäpli biziò birleshmek borjimiz bar. Indi her kim bu borji yerine yetirer yetirmez oni özi bilyä. Hiç kimi hiç bir zada mejbur edip bolmaya, mejbur etmek dogrida däl. Yöne men hemmämiziò ilimiziò öòünde borçli bolup erteki gün jogap bermelidigini hemmeleriò yadina salasim gelyä.

5. Emma güyç soòunda yeòäyän ekeni. Orsça Prsça geplemek biziò din imanimiz boldi. Özümizi bir eyyäm unutdik. Özüni unudan adam kesekini tanamali bor, bashga çäre yok. Indi bu gün özümizi tanamagiò ugruna düshmäge bir may boldi. Geliò shu pursati elden bermäliò adamlar. Bol diyenimizden dabay diyenimizi gowrak gördik. Soòralar oòada hiç kim düshünmedi. Parslar bari zadimizi elimizden alip, bize diòe gedaylikdan bashga beren zadi yok. Emma Orslar bari zadimizi alanda bolsa yöne iki sani gowi zat bize berdi: 1- Arak. 2- Kart. Öòler palani nirä gitdi diyende, künji ekmäge gitdi diyip jogap berilende yüregiò düòkülläp giderdi. Shükür indi palani niyrä gitdi diyip soranda, kart oynamaga gitdi diyip jogap berilyä. Öòler iò gowi görilyän miyhmana çay hödürlenyän bolsa, indi çay yetnelik edyä, arak hödürlenyä. Sheydip hem biz diyndik, hem olar.

6. Kän gepledik, häzirde yol berseler yadajak zadimiz yok. Indi bes edeliò. Indi amal wagti boldi. Bari öyke kiyneleri tashlap täzeden bashlamak gerek. Diòe shol mahal bu iysh netije berip biler. Bir netijä yetilmän hiç kim shu yerden gitmesin.

7. Çagirilanlariò arasinda gelmedik köp. Elbet gelseler begenerdik, yöne gelmedi diyip kinanmak hakimiz yok. Gelmedikleò bir bölegi doli sorag we yene bir bölegi doli jogap. Bu jogaplar shol soraglariò jogaplari. Näme dir bu soraglar we jogaplar dushushmakdan gorkyarlar, oni men bilemok. Emma bu dügüniò çözülmesi kiyn, bilyärin. Sorag kän, bilyärin. Yöne sorag kän diyip yatan adamlara men düshünemok. Soragi bar adam sorag etmeli. Diòe sorag bar diyip yataniòdan jogap yok.

8. Bir hayishim: hiç zada yüzleyje ser edip üstünden böküp geçmän. Çekishmän bekishmez. Galibersede, eger özümiz öz kellämize urmasak, kishiler biziò kellämize urarlar. Urubam gelyärler.

9. Geliò sipayçiliga yol bermäliò. Her kim oòarjak iyshini oòarmajak iyshini ayitsin. Hiç kimden oòarmajak iyshini talap edilmesin. Ine men oòarjak iyshlerim shulardan ibarat: 1- Goshgi. 2- Birleshik ugurda hereketler. 3- Demokratiyalashdirmak ugurda hereketler. 4- Pul kömegi. 5- Orta yolda dänmesizlik. 6- Kamputer iyshleri. Indi geliò sizde oòarjak iyshleriòizi aydiò. Oòarmajak iyshleriòiz bilen iyshim yok, emma oòarjak iyshleriòizi ertesi gün aç-açan islärin. Her kim wada beren iyshine emel etmeli bor. Egerde biri men hiç zat elimden geljek däl diyse oòa hiç kimiò zat diymek haki yok, yöne söz beren adam sözüne emel etmeli bor.

10. Her haysiymiz azindan 40-50 yil pikir edip gezipdiris. 40 yil diymek, bir yol saylap almaga yeterlik. Shol sebäplidir belkide 40 yashi kämilligiò bashlangiji bilyärler.

11. Arkadaglam yurt tozdi. Yurt hemmäòize elini serip dur, yurt hemmäòize gujagini açip dur. Yurt üçin il üçin birleshmek gerek, yogsam adam yekelikde-de oòar. Yurt bir adamiòki däl, yöne käler janindan malindan ayaman azatlik ugrunda göreshmeli bolyarlar. Belki olari beylekilerden saylayan zat yürekleriniò düybinde gopyan tolkundir. Emma bir bilmeli zat bar: men azatlik ugurunda göreshdim diyip özüni beylekilerden ileri tutmaga hiç kimin haki yok. Eger eden bolsaò öz bilimiò oòa sebäp bolandir. Hiç kim seni mejbur edenok.

12. Biziò öòemä bir bashimizdan geçen zat azlik we yeòillik edenok. Parslariò we orslariò salan tagmasi egnimizden gider yali däl. Emma bu gözi gizil Tilkiò edip yören ishleri köne tagmaò üstüne posli dirmik çekmekden ayri bir zat däl.

Aydimçilar aydiò aya aydimim
yalòishmasin giyje uka batmasin
awçilarmiz yildizlari awlanda
garaòkida yashriyn gelip atmasin

Yurt, yaòi bir täzeden dünyä inipdi welin, yashliga yetmän garradi. Öò biylinden jomrulan il bu bolyan zatlara kän bir dikkat bilen ser edibem oturmadi.

Her mahal bolmasa yashligi iliò
garrilik hem öz ornunda bolanok
gabat yerde gül geryänler marala
yalòishanok garri güli yolanok

13. Bizde guramada köp, yolda köp, shol yollardan baryanda azlik edenok. Emma her haysiymiz bir yolda we nirä baryanimizam bilemizok. Mundan galibersede bizde araba yok. Egerde özümiz araba yasamasak, kishiò arabasina münip gitmeli boris. Bashga çäre yokdir. Geliò gepden amala geçjek bolayliò. Bir gisga ädilen ädim, müò uzin ädilmedik ädimden gowirak.

Är dogdi är gezsin är gitsin ilim
iò soòki dilegim iò soòki derdim
diòirgenme menden ayp edip yörme
özim üçin bolsa shu gün giderdim

14. Yöne goyuò bir zadi aydayin: men bu oturshuguò netije berjegine inanyarin. Africa-ò garalari ak-rasistlar bilen, Palestinalar Ezrayillar bilen bir saçagiò dashina üyshüp oturup bilyän bolsalar, onda bize gülkünç shu ishi basharmasak. Birinjidenä, aòriymizi gözläp otursaò hemmämiz bir. Ikinjidenem biz birek birekden ganli däl. Eger ganli adamlar bile oturup bilyän bolsalar onda iki dogan bile oturup bilmezmike. Men siziò ak yürek bilen düshünshmäge gelendigiòize inanyarin. Nä derejede men yalòishyandirin yä yalòishyandäldirin oni gelejek görkezer.

Öläy arasinda ik-at depishse
yöne welin biytaraplik etmegin
eshek münip giden gayrat iyzindan
çuw yalaòaç piyadaja yetmegin

Sag boluò!
ANNAGULY


Göresh






Bir ömir bir milletiò boynindan zinjir asilsa, ol millet zinjira öwrenshen borli! Ondan soò ol millet zinjiri girmagiò aladasini etmän, oni saplap owadanlap, boynina gelshik bermäge sinanshyar! Onsoò, öwrenshen el ayak bagi yolmaya! Haçanda bir-birine göz edip, iyza galan, eshek aòirdi oynalanda, bu dügüniò çözmesi kiynligini täze shonda bilip galyaò!

Gurçuk gelip bir bagiò içini iyip bashlasa, ol gurçuk bagi deship dashar çikmasa yäde dert özinden güyçli bolup bagiò yapraklari solmasa, yä bag edil biylinden jomrilmasa, dashindan gürüp hiyç zadi aòip bolmaz! Hökman kä bagiò yaninda duran yeriòizden oniò shatirdisini eshidensiòiz! Kä mahallar, iyip gutarmak gurçuga gati uzaga çekyär. Kä baglariò, çidaman omrilshini göryäris!

Bir diktaturi olda bolsa Saparmurat Niyazovi yalbarip toba getirjek yä tagtdan düshürjek bolyanlar yalòishyarlar. Olar hem özlerini aldayarlar hemde ili. Bir diktaturi diòe güyç bilen tagtdan düshürüp bor. Bu ish üstünlikli bolar yali uli iyliò birleshmegi gerek. Parahatçilikda çeyneship yören itlerde gurt görenlerinde birleshyärler. Emma bize näm boldi, men bilemok. Biler yali bolsa Magtimguli bilerdi. Olam bilmän geçdi.

Ösüsh, öòe gidish, we aslinda her bir hilli üytgeshiklik, diòe köp pikirlilik bilen we gorkman öz pikiriòi aytmak bilen emele gelip biler. Yöne bir sherti bar, olam bir saçagiò dashina üyshüp otutrup bilmek. Eger türkmen üyshüp bir çanakdan iyyän bolsa, onda ol manisiz däldir. Emma goyuò bir düshündirish bereyin: birleshmek diyilende hokman hemmesiniò pikiri bir bolmak diymek däl. Beyle bolan yerinde ösüsh bolup bilmez. Dogri birleshik döredip biljek we bizi ösüshe tarap iteläp biljek, diòe köp pikirlilik bolup biler. Elbet özlerinde hiyç bir hilli dogri pikir yok adamlar, her bir ayri pikiriò döremeginden gorkyarlar. Sebäbi bir demokratik düzgünde olar bäsdeship öz pikirlerini yarisha goymali bolyarlar.

Yene bir zadi aydip geçmeli: garamayak diyilip yören türkmen iyline, demokratik prensiyplerini öwretmeli, häzir olar demokratiyalashdirmaga tayyarçiligi yok diyän adamlar, diòe iyliò ganiymi bolup bilerler. Olar häzirde basip alijilariò gepini gaytalap yörler. Emma türkmende bir näçe müò yil mundan öò demokratik düzgünler bolupdir. Ilki araplar, soò orslar we parslar ol düzgüni öz yollarina dogri gelmeyäni derekli, bash-ak düòderipdirler, we biziò hemme zadi özlerinden ögrenendigimizi boyumiza goyupdirlar. Biziò derdimiz iyliò siyasi düshünjesiniò etek bolmaginda däl. Eysem siyasatçilarimiziò demokratik düshünjeleriniò az bolmaginda. Howa biziò hemme derdimiz we bedbagtçiligimiz diòe shonda.

Bu zadi iki yerde görse bolyar: 1- Her kim özüni beylekiden bilimliräk we akillirak dir öydya. 2- Bashgalari bagishlap bilyän adam git. Köpler diòe özlerini bagishlap bilyärler. Diòe özlerini.

Kim köp bilyändir, kim az bilyändir, men oò bilen iyshim yok. Yöne egerde beyle bir bilimiò köp bolsa onda edil shu mahal gaykarip yatmagiò özi bir jenayat. Käler dereksiz peda bermejegini nigtayarlar. Bu zat düshünükli, yöne olara ayitmak gerek, Mertebe guramasiniò jogapkär yolbashçilariniò we agzalarniò hiç haysi hem gara yerden çikip gelenok. Olariòam enesi atasi we dogan garindashlari bar. Emma olar yitgi bermän gara zulumi aradan ayrip bolmajagina göz yetirdiler.

ANNAGULI


Shahirçilik






Müòde bire ikbal diyen zat berilyär, yöne egerde insap wejdan bolmadik yerinde ikbal ters oturyar. Shol mahal ol hemmeleri gara güne salip bilyär. Shahir bir özi bolup, bir özi üçin yashap bilmeyär, yashamalam däl. Shol zerarli eden etdikleri bir özine bagli bolup galmayar. Biri öwüp yazyar, ol biyri söwüp yazyar, ikisi hem shahirmiò Onda shahir söziniò siylagi hormati payhasi hani? Kä mahallar bu shahirlari görende, egerde reklam edip interviewdan geçen adamlariò iò ökde we dilewarina goshgi yazmagi tabshiraymak oòat bolmazmika diydiryär. Belkide shahir bolayin diyp shahir bolup bolyan bolsa yäde birini shahir edip bolyan bolsa, onda bu ugurda kinçilik galmazdi. Gahriman yasap bor emma shahir yasatmaz. Bir shahiri ulaldibam bolmaz. Oni diòe owradip bor. Beyik dagi ulaldip bormi? Diòe bir uwjindan gädip kiçeldip bor. "Dag yikilsa dere dörär."

Iò yamani, bir zadi yazandan soò oòa iye çikip, oni diòe özinki yali edip gözden dilden goramak. Ey akmak, eger öziò üçin yazyan bolsan, tashla galamiò.

Aslinda egerde bir el gazanja öwrilse onda ol el öz hünärini bara bara yitirer. Satlik dokalan hali-halça, tutluk dokalan hali-halça bilen deò bolup bilmez.

Yene bir zat: bilimden dogri we öz yerinde ulanmak gerek. "Bilegi güyçli birini yeòer, bilimi güyçli müòini".

Her bir iyshde iyshçiler birek birege kärdesh diyip yüzlenyärler. Yöne men beyleki shahirlara yäde yazijilara haysi söz bilen yüzlenmelidigini bilemok. Meò däbimde galamdash diyärler, emma hemme yaziji shahirlar galamdash bolup bilmeyär.

Diktatur hökümetleriò garshisina yazilyan yazgilariò köpisi yazijiniò içerde yäde dashardaligina bagli bolup galyar. Egerde bir yaziji güyç görüp, gorkup öz janini malini ogla-ushagini goramak üçin içerdekä bolup duran zulumiò garshisina zat yazman haçan dashar çikanda bilbil bolup sayrasa nähilli oòa inanmali? Bular bir yana, diktaturlari öwüp yazyanam köp. Soò dashar çikanlarinda özlerinden öòde zuluma garshi çikan yok bolya duriberyä!

Kä mahallar egerde bir az gowshagrak yöreseò göwniòe gowrak bolayjak yali, emma haçanda alip baryan yoluò netije bermese shonda senden aòirda piys adam yok! Yöne adam hemme diktaturlariò bilim bilen garshiligini göreòde shol mahal bilimiò nähilli güyçlidigine göz yetiryäò.

Her milletiò yaziji dir shahirlarindan islegi we garaship oturan zadi bolyar. Egerde bir bilimli adam bir mahal öz iyline sirtini öwirse onda shondan aòirda ol iyli owradip külüni çikarayjak zat bolmaz.

Yene bir zadi unutmali däl: käler bashgalara yol görkezip onuò dashinada çizik çekip shondan çikmali däl edip goyyarlar. Egerde ol shol çizikdan çikayan yerinde oni aradan ayirmaga sinanshyarlar. Shol zat sebäp bolya köp adamlar öldirilip soò jan berilyär. Olam her kim öz islegine görä. …adamiò yasan zadi Taòriò yasan zadi bilen deò bolup bilmeyä.

Millet shahirini öldirip, onsoò ondan pigambar yasap hem özini aldaya hemde bashgalari aldamaga sinanshyar. Emma hemmesinden öò shahirini aldaya we oni yene bir gezek öldiryär. Sebäbi egerde bir shahiriò elinden shahirçiligini alsaò ondan soò onda hiç zat galmaya. Birini ulika yikip yikilandan soò ulaldip bolmaya.

Pahir ahir bir gün tarihiò sahipalarindan tapilyar. Shonda oni yerden çikarip, uçurmagiò ugruna düshyärler. Yöne ütülen ganatlar, yillar boyi üsti basirilip yatansaò ol agir göwräni göterip bilmän, yere gaçiryar. Sheydip uçurjak bolup göge oklap durshularina ganatlar tüytmelenip öòkisindenem galyar.

"Dil bela dish gala". Aydan söziòe ökünip diliòi diyshläyen mahaliòam bolyar. Yöne egerde aydjak zadiòi aydip bilmeseò bu dili kesip äpberäyeniò gowi dälmike?

Elbet söwmeli däl biynamisa, mende-de ärzish barow diyp gilow alar.

Annaguli


Yalòishiò agiri

Her kim öz bilimine görä dogrini yalòishi bir birinden saygarya. Diymek bir ishiò dogri yäde yalòish bolup görünmegi ser edyän kishiyniò bilimine bagli. Birine yalòish bolup görünen ish beylekilere dogri bolup, we tersine birine dogri bolup görünen ish beylekilere yalòish bolup görünüp bilyä. Diymek her ish bilim ölçegine salinya. Bilim diyen zat hiç bir iki kishiniò yaninda deò bolup bilmeyä. Shol zerarli düshünjeler ayra ayra.

Yalòishmadik yäde yalòishmajak kishi yokdir. Yöne öz yäde bashgalariò eden yalòishlarindan sapak almak gerek. Käler geçenden sapak alip bilmän eysem oni görelde edinyärler. Sheydip tarih gaytalanip dur. Biziò beylede bir birek birege dänip bolmajk baglanshigmizi göz öòine getireòde, bu yalòishlariò ilki bashdan kime öwrilip geljegine düshünäymek çetin bolmayar. Yalòish edsem görgisini özüm görerin, ishiòiz bolmasin diymegiò özi yene bir yalòishlik. Muni aydan kishi öz akmakligindan bashga azdi aòladip bilmez! Iò bäri bashindan tutaòda, bu görgi senden öò mashgalaò bashina inyä. Öyde hiç kimiò sesini çikartmajak bolup, heley oglan ushaginida özi bilen guya ziòyanlar az däl. Dash tamdiri yali bolup tüsseläp otiranlari göz öòine getiriò!

Içgi, tüsse, we yene shuna meòzesh zatlar, yok mahali, elgermek üçin, her ish etmäge boyun edyä. Öwmek, aldamak, yalbarmak, aglamak, iò bärki görnishlerinden. Düshegini satip yören, namisini satip yörende az däl. Bu zatlari bu yerlerde-de görse bolyar. Yöne bulariò sani bellije. Biziòkileriò günine aglamak gerek. Olara goldow beryäniò yokligi beylede dursun, Huday uran bashliklar olariò shu yoldan çaltrak gitmegine yardam beryärler. Muòa düshünmek kiyn däl: Içgä, tüssä bulaship yatan kishiniò iòòirdisi bolmaya. Bolayan yerinde oni yatirmak yenede içgi bilen tüssä galya.

Emma yalòishlariò iò agir we yikginjisi syasi yalòishlar. Bir syasi yalòish isleseò islemeseò bir uli ili bütinleyin injidip bilyä, ösüshini yillarça iyza çekip bilyä. Iò agir görnishinde, hiç haçan bashini galdirmaz yali edyä. Tarihda yiten illeriò deòinden göziòi yumup geçer yali däl. Erteki gün yitjek iliò kimligi bu gün hiç kime anik bellisi yok, yöne bir öyde nahar bishyänligini bilmek üçin ol öye girmek derkar däl, dashrakda duran yeriòden-de nahariò isi burnuòa kakip bilyä.

Yöne barindan yamani bilimsizlik. Ilim bilen bilimiò parhi kän. Bu ikisini gatishdirmaò. Men ilim bilen iyshim yok. Diòe bilim bilen iyshim ba. Öz yalòishiòi bilip bilmeseò shondan aòirda bilimsizlik yok. Egerde biri duyduranda boyun almasaò, onda ol gedemlik we saòsarlik.

Kim buladi duri suwi durnalar
kim oò yanda otiyr içip bilmäni
kimi gitdi gayip görünmän yari
garaship dur kimi geçip bilmäni

Annaguli


Oylanara bir sellem

Egerde biz heriymiz bir shahs, bir gurama, bir idea, bir yol, bir höwes bolup bir saçagiò dashinda üyshüp oturup bilsek, diòe shol mahal agzi birlik döräp biler. Oòam birinji hatimda yazishim yali yekeje sherti bar: öz derejäòi beylekileriò derejesi bilen deò bilmek. Aslinda dereje diyen sözi türkmeniò dilinde yogam. Belki dejeresi beyik adamlar bu sözi biziò dilimize giyrizendirler. Sorag munda däl, bashga bir yerde: Kim bu sözi siylag sözi bilen bir hatarda goyup bilipdir? Bu iki sözüò bir uli parxi bar: siylagi, iyliò saòa nä hili garayishindan, siylagindan aòip bolya. Siylag, siylag bilen ölçenyä.

Iyl okayanmishim diyip menem haltami gershimden asip, Taòridan medet diläp öwrenilän yere tarap ugradim. 40-dan gowirak adam bilen bir otakda oturtdilar. "Yokar okuw jaylariniò 'spesial pedagogik' bölümine hosh geldiòiz!" Oturanlariò özlerinden razidigi yüzlerinden gözlerinden akip duwrdi. her kim özüni tanatmali boldi. Gulak eshityänçe, yürek iyni gani öz ugruna uryardi. Köplere, berilen yarim minut azlik edyärdi. Bara bara batga batan yali boldum. Eymenen yürek döwshäp döshümiò böwrine depyärdi. Eginden turyan porsi deriò iysi öz burnumam kän bir yokup duranokdi. Biyri mugalliym, biyri pedagog, ol biyrisi psykolog, yene biyrisi palan yeriò bashligi. Dogrisi ne olariò näme üçiyn gelendigine düshünyärdim, ne özümiò. Düshüner yali bolmadi. "Maòa azaòrak wagt beräyseòizdän!" diyp yalbaranimi aòman galdim! Bilipmi yä bilmän, yarim minutimi gülüp geçirdiler. Adimam eshitmän galdilar. Sesim özümem görünmän gaçip gitdi. Mugalliym, yeserje bakip, wagt bolmadigi üçiyn ötünç sorap, "gelejekde köpräk wagt bereris!" diyip ötä gitdi.
 

ANNAGULI


10 ıyl diımek

    10 ıyl diımek näme? 10 ıyl taryh üçin az salymlyk wagtdyr. Ol külterlenip- -külterlenip, taryhyò çuòuna gidıän asyrlar bilen deòäniòde bary-ıogy iki ıylyò barmaklarynyò jemidir... Eıse,  10 ıyl diımek näme? Hakykatdanam 10 ıylyò many-mazmunyny  türkmeniò ºu güni bagtyıar güni bilen ölçeseò, joºup duran kalby bilen baha berseò onda onuò taryhy asyrlara ıetse gerek. Türkmeni dünıä tanadan, türkmeniò ıiteòkirlän ruhuna ruh, ömrüne direlik  goºan eıse ºol gudratly "On ıyl" dälmi?

    Yylyò ıyldan, aıyò aıdan günüò-günden parhy köp. Biz taryh we edebiıat dersiniò üsti bilen geçmiºde ata-babalarymyzyò nähili günleri görendigini bilıäris, sebäbi biz Garaºsyzlygymyzyò ikinji ıylynda birinji klasa bardyk. Emma biz gün geldigiçe  Garaºsyzlygyò datly miwelerinden datdygymyzça Garaºsyzlygymyzyò many mazmunyna dolulygy bilen düºünıäris. Eziz Diıarymyza guwanıarys. Emma bu zatlar ıöne bolıan zat däl ekeni. Onuò üçin ilki bilen türkmeniò öz ıüreginden önen ogly, öz halkyny günkibi söıüp biljek ogul oòa Baº bolmaly eken. Baº onda-da giden bir halkyò Baºy. Türkmenleriò Baºy.
Türkmenbaºy. Halk özüniò Serdar ogly Beıik Saparmyrat Türkmenbaºyny özüne Baº hasap edıar, halk özüniò Arkadagy hasaplaıar, oòa sygynıar, oòa uııar.

        Beıik Türkmenbaºy diımek.
        Beıik Türkmenistan diımekdir.
        Beıik Saparmyrat Türkmenbaºyny  söımek.
        Beıik Türkmenistany söımekdir.
        Beıik Türkmenbaºa uımak
        Beıik Türkmenistana uımakdyr.
        Beıik Serdar üçin baºyòy goımak.
        Beıik Watan üçin baºyòy goımakdyr.
        Serdar hem Watan-Türkmen ykbal
        Bu iki Beıiklik- ıürekde ykrar!

    Ynha bu jümleler türkmeniò ıürek töründen çykan owazdyr. Biziò Beıik Saparmyrat Türkmenbaºymyz öz ömrüni, tutuº barlygyny Türkmenºstan diııen  Watanyò hatyrasyna, onuò ıagty ertirlerine ºöhratly ºu günleriniò hatyrasyna goıdy. Beıik Garaºsyzlygyò 10 ıyly... Bu 10 ıylyò ºan-ºöhratyna  buısanyp oturanòda hökman göz öòüòe gelıär.
ªu toprakda biziò ºu bagtly günlerimizi arzuwlap naça gerçek baºyny goıdykaò!

    Bize munuò anyk jogabyny tapmaga yene-de bize Beıik Serdarymyz kümege gelıär. Sebäbi ºu sowal diòe biz bizi ıaº nesliò sowaly bolman ulularyò kem ıüreginde berç bolup duran sowal. Muòa bize jogap tapmak üçin ºaherimiziò Garaºsyzlyk seıilgähinde gurlan Garaºsyzlyk binasyna baraımaly. Bu ıerde Türkmeniò gadymy taryhyny gowgaly günlerini baºdan geçirip,ºu günki günde öz nesliniò ºu bagtyıar güne ıetenine buısanıan ıaly bolup duran türkmen pederleriniò heykellerini görıäris. Olaryò ıüzlerinden bolsa:"Balalarym, ºu bagtyıar günüòiziò gadyryny biliò. Sizi ºeıle bagtyıarlyga ıetiren öz Serdar ataòyzy goraò. Edil siz ıaly türkmeniò garagöz çagalary ºeıle asuda, parahat durmuºy arzuwlap, öz ıürek töründe saklap, arzuwlaryna ıetip bilmän bu dünıäden geçmeli boldular. Siz bagtly döwrüò balalary. öz eziz Diıarymyza, Beıik Serdaryòyza, halkyòyza hemiºe wepaly boluò" diııän ıaly sözleri okamak bolıar. Hawa, biz dogurdan hem bagtly döwrüò nesilleri.

Beıik Saparmyrat Türkmenbaºy:

    "Biziò ertirki günimiz, altyn asrymyz, ilki bilen, geljekki nesli nehili terbiıeläp biliºimize baglydyr, çagalara gowy terbiıe bermegi ıola goımagymyz-ertirki bagtymyzdyr."
Dogrudan hem Serdar atamyz bize uly ynam edıär, biz hakda uly aladalar edıär.

    10 ıyl. Bary-ıogy  10 ıyl. 10 ıylyò içinde edilen iºleriò birnaçesine ser salalyò. ösüp barıan ıaº nesliò dünıä derejesinde bilim almaklygyna ak ıol açyldy. İndi hudaıa ºükür, öò arzuw edilıän daºary yurt diıilıän özümizde döredi. Haısy mekdepde bilim alasyò gelse, haısy dili öwrenesiò gelse, özüò saılamaly. Kompyuter ögrenjek diıseò hem öwrenibermeli. Okajaga, bilim aljaga ıol açyk. Diòe arassa, halal, gowy okamak gerek. ªu zatlary üçin Serdar atamyza minnetdarlygymyzyò çägi ıok.

    Daº-töweregimizde, beıleki döwletlerde bolıan dawa-jeòjelleri eºideniòde, öz türkmen topragymyzyò asudalygyna, parahatlygyna buısanıarsyò Türkmen Bitaraplygyna hakykatdan hem türkmen döwletiniò, türkmen halkynyò daºyna çekilen parahatlyk guºagydygyna düºünıärsiò. ıene bir gezek ºeıle toprakda dünıä ineniòe, ºu toprakdan dem alıandygyòa buısanıarsyò. Bütin dünıäni aòk etdirip, öz halkyna gazy, togy, agyz suwy, nahar duzuny mugt bermegi hem ºu  10 ıylyò iò datly miwesidir."

    Türkmen hakynyò öz gallasy bilen öz çöregini biºirmegi bu-da türkmen halkynyò Galla Garaºsyzlygydyr. Yüzüòe sylaımaly türkmen manadynyò dolanyºyga girizilmegi yurduò hukuk, dünıewi, demokratik döwlet bolmagy, Maksatnamalaryò kabul edilmegi, yurduò haısybir pudagyna barsaò öwrüliºikleri barmak basyp sanap çykmak mümkindal.

    Beıik Saparmyrat Türkmenbaºynyò ?a serpaıy hökmünde Mukaddes Ruhnamasynyò dünıä inmegi bolsa türkmen halkynyò mydama ruhunyò belent bolmalydygynyò alamatydyr. Sebäbi ruhy belent halkyò iº ediºi, ıaºaıºy, okaıºy hem belent bolıar. Beıik Serdarymyzyò gözünden hiçzat sypmaıar. Ol halkyny ruhupeº, müzzerilip duran halda görmek islemeıär. Türkmen diıilende dünıäniò niresinde gezse gaıºaryp gezıän türkmeni gürmek isleıär. Biziò bu sanan pursatlarymyz Garaºsyzlygyò birnäçe pursatlary. 10 ıylyò içindäki ıetilen sepgitleri sanap çykmak üçin näçe tomlar ıetmese gerek...

    Bu gün türkmen Garaºsyzlygyò gül sepilen ıoly bilen öòe sary Altyn asyryna barıar. Bu ıollar ıöne ıollar däl, bu ıollar haıyrly, sogaply, ynsaply ıollar, bu ıollar gadymy taryhyò bäº müò ıyllyk gatynda galyp, ºu günki günlere çenli ºöhraty bize gelip ıeten Oguz  türkmeniò ıoly. Bu ıol XX asyryò soòky 10 ıyllygynda öz halkyna baky Garaºsyzlygy alyp beren, baky bitaraplygy alyp beren Beıik Saparmyrat Türkmenbaºynyò ıoly.

    Bu onıyllyk ıol-ertekilerde waspy edilip, halky eºretli günlere eltıän gadym-pederleriò arzuw-hyıallarynyò hasyl bolan ıoly. Ony bize ºu 10 ıylyò içinde Beıik Ynsan Mähriban Serdarymyz berdi: ºahyr aıtmyºlaıyn 10 ıyl: Beıik Saparmyrat Türkmenbaºynyò On ıylda alawlap ıanıan ıüregi "İlim, ilim"diıip, janyndan ötri Türkmenine serpaı eden çemeni.

    Arzuwlap, apalap guran döwleti
    Serdarymyò päk ıüreginiò yagydyr
    On ıyl diımek Beıik Türkmenbaºynyò
    Bu toprakda guran jennet bagydyr.

    ªonuò üçinem bu on ıylyò many mazmuny her bir türkmen raıaty üçin juda uludyr, mukaddesdir. ªu günki gün Türkmenstanyò gazanan Garaºsyzlyk, Bitaraplyk derejeleri öz gözbaºyny Beıik Saparmyrat Türkmenbaºynyò köòül kelamyndan alyp gaıdıar.

    Eger-de Garaºsyzlyk Türkmeniò diriligi ıaòadan dünıä inmegi bolsa, onda Bitaraplyk onuò gaıtadan ganatlanmagydyr. Mähriban Serdarymyzyò akyl-paıhasyndan dörän Ruhnama bolsa, aby-köwser suwy mysaly türkmene tenekardyr.

    Howa, Bu gün Türkmenistan, jennet ıurdumyz Beıik Saparmyrat Türkmenbaºynyò baºda durmagynda garaºsyzlygymyzyò onıyllyk toıuna barıar. Men hem Garaºsyzlyk zamanasynyò ıaº nesliniò adyndan Eziz Diıarymyzyò ähli halkyny, Beıik Serdar atamyzy ºu tutumly toı bilen tüıs ıürekden çaga kalbym bilen gutlaıaryn. Goı, eziz halkymyz bu gün
Garaºsyzlygyò 10 ıyllygyny belleıän bolsa, ıeneki ıyllarda 20 ıyllygyny, 100 ıyºllygyny, 1000 ıyllygyny belläp geçip we ºol toılarda Serdar atamyzyò ady belentden belende göterilsin!
 
Goı, dünıä dursun
Türkmenistan dursun,
Goı, dünıä dursun
Beıik Saparmyrat Türkmenbaºy dursun!