Ýüpekdendir tar-tar saçyñ….

 

Alyslardan çagalygymda beýnimde mäkäm ornap galan ýakymly hüwdiniñ sesi gelýär:

Ak gaýanyñ etegi,

Torgaý guşuñ ýatagy,

Ýel öwsende ülpüldär,

Uzugymyñ gulpagy…

 

Ýel öwsende ülpüldeýän gulpaklar mährem ene hüwdüsiniñ jadylaýyjy owazy bilen ösdi, uzady. Soñra bahar gelip, ýaz ýagşynyñ buşlukçysy “garry mama sanajyny kakyp” başlandan, çagalar ýagşyñ aşagynda iki-baka ylgaşyp sanawaç bilen öz ýürek arzuwlaryny asmandan ýagýan ak nurdan dileýärdiler:

 

                        Ös saçym ös,

            Ösmeseñ bes,

            Atyma duşak,

            Bilime guşak.

                       

Ene mährinden dörän hüwdi bilen asmandan inýän ak nur bir Owadanlygy – Türkmeniñ ar-namysynyñ nyşanasyny, Zenanyñ Gözelliginiñ nusgasyny – Gara Saçlary döretdiler…

Beýleki halklarda-da saçlara üns berilse berilýändir. Ýöne Zenan gözelliginiñ özeni bolan saçlar nakda Türkmen halkynyñ arasynda däp-dessurlar, yrym-ynançlar diýseñ kän.

Türkmenler çaga dünýä inenden beýläk onuñ saçlary hakda aladalanyp ugraýarlar. Ol çileden çykandan soñ, ýagny doglandan 40 gün geçenden soñ onuñ saçjagazlaryny syryp, ilkinji gezek “Gulpak toýuny” toýlaýarlar. Çile saçyny arassaja, depelenmejek ýerde gömýärler. Sebäbi hapa ýerlere çaganyñ saçy düşse, “al-arhawyñ oýnamagyndan” howatyr edýärler. Beýle çagalar ulalanda keselbent, kelleagyryly boljakmyş diýip gorkýarlar. Çaganyñ saçyny daýysyna, ýagny çaganyñ enesiniñ erkek doganyna syrmagy ynanýarlar. Eger-de daýysy gaharjañ, gazaply bolsa, çaganyñ saçy hem ösegen we gür bolýarmyş diýip yrym edýärler.

Gyzjagazlaryñ saçlaryna aýratyn ähmiýet berýärler. Olaryñ saçlaryny kiçijikliginden örüp başlaýarlar. Saçlarynyñ örüminiñ arasyna ak- we gara yüpek bilen işilen alaja bagyny goşup örýärler we göz degmek belasyndan goraýarlar. Mañlaý saçlaryny ikä bölüp, alyn saçlaryny açýarlar. Sebäbi eger gyz alyn saçyny açsa bagtly bolýarmyş diýen düşünje bar. Şeýle bolansoñ, halkyñ arasynda “Alny açygyñ, bagty açyk” diýen pähimiñ hem döremegine sebäp bolupdyr. Gyzlar saçlaryhy iki örüp gerdenleriniñ üstünden aşyryp öñ tarapa goýberýärler. Gözelligiñ aýdymçysy beýik Türkmen şahyry Garajaoglanyñ söýgi setirlerinde bu barada şeýle aýdylýar:

                       

Gara zülpüñ akja gerdenden aşar,

                        Ösen ýeller zülpleriñden tel alar – ýada

 

                        Ala gözli Türkmen gyzy,

                        Çeker gider göçlerini.

                        Daramyş, gerdene dökmüş,

                        Tel-tel ýüpek saçlaryny…

 

Gyzlara diñe durmuşa çykanlaryndan soñ, toý gününiñ ertesi örülen saçlaryny yzlaryna atmaga rugsat berilýär. Toý gününiñ ertesi täze gelniñ ýene-de bir kiçijik toýy başlaýar. Oña “Baş salmak” diýilýär. Gelniñ saçyny örüp, gerdeninden yza goýberýärler we gyzyñ tahýasyny ýa-da ýaglygyny dnuñ baldyzyna ýagny öýlenen oglanyñ gyz doganyna sowgat berýärler. Bu däp, gyzyñ saçyny örüp yzyna atmak bilen oña Täze durmuşyñ başlaýandygyny sessiz habar bermekdir.

Türkmeniñ saýrak bilbili, aşyk ýürekleriñ aýdymçysy, yşk mülküniñ şasy şahyr Mollanepesiñ sözi bilen taraşlasak gelşikli boljak:

 

                        Otyr ýarym gara zülpün daranyp,

                        Darap boldy başa öýme bürenip.

                        Emaý bilen mahmalyny bürenip,

                        Köñle hyýal saldy, mahmalyñ çeti.

 

Şahyrlaryñ kalbyny gozgalaña salan gara zülpleriñ Eýesi bolmak Türkmenlerde uly bir wezipe. Sebäbi saçlaryny hapa saklaýan ýa-da kesip ony harlaýanlar hem şahyrlaryñ gazaply nazarlaryndan sypmaýarlar. Mysal üçin XX asyryñ beýik Türkmen şahyry Kerim Gurbannepesow “Döwür şeýle, döwür” diýen goşgusynda:

 

            Men-ä seni tanamadym? Gözleriñ-ä örän tanyş,

            Wiý-wiý, Berdiñ gyzymy sen! Saçyñ näme ýarty garyş?

Dört örümiñ şemal degseseslenerdi şowur-şowur,

İller kesdi, menem kesdim,

Döwür şeýle, döwür.

                       

Umuman Türkmenleriñ arasynda saç kesmek halanmaýar. Sebäbi ir döwürlerde adamsyna biwepalyk eden aýallaryñ ýüzlerine gara çalyp, saçlaryny syryp ýa-da kesip atasynyñ öýüne gaýtarýar ekenler. Bu hereketler bilen aýalyñ hossarlaryna onuñ näme bilen aýyplanýandygyny düşündüripdirler. “Ýüzigara”, “Saçykesilen” bolsa özüne berlen adyñ aşagynda azap çekmeli bolupdyr. Bu hereketler terbiýeçilik taýdan gaty ähmiýetli bolup, gelin-gyzlar öz buýsançlaryny uzyn gara saçlarynyñ abraýyny saklapdyrlar. Ondan başga-da halkyñ arasynda diñe ýas wagty, ýagny adam ölende onuñ golaý naçar hossarlary saçlaryny açyp ýaýyp gezse aýyp görülmeýär. İki ogluny bir günde ajala aldyran serkerde beýik şahyr Seýitnazar Seýdiniñ “Goşa pudagym” dessanynda şahyryñ aýal dogany Orazbagtyñ agysynda şeýle diýilýär: 

 

                                   Naçar apalaryñ gelip,

                                   Ýatsyn dünýäm ýanyn alyp.

                                   Saçyn ýaýyp, başa salyp,

                                   Dünýäm boý, boý, boý… 

 

Türkmeniñ poeziýasynyñ Adalat aýdymçysy şahyr Mämmetweli Kemine gözelleriñ zülpleriniñ “Söwdasyny” edýär:

 

                        Zülpleriñ her taryna ýüz-müñ tümen isteseñ,

                        Nagt bereýin pullaryn, bir-bir sana, zülpüñ.

 

Saçlaryñ taryny sanamak mümkin bolmansoñ şahyr, gözeliñ zülpleriniñ hiç hili bahasynyñ ýokdugyny aýtmak isleýär. Şahyrlar gözelleriñ zülplerini daglaryñ genji-hazynasyny saklaýan aždarha ýaly marlara, saçlarynyñ garalygyny gijemikä diýip ukladýan garañkylyga, günäkäriñ boýnundan ildirilen kemendi dara ýagny dar agajynyñ ýüpüne meñzedip, çeperçilik bilen onuñ tarypyny ýetiripdirler.

Goý, mundan beýlägem Türkmen gözeliniñ saçlarynyñ waspy uzyn saçlary ýaly uzasyn, aşyklaryñ biliniñ guşagy bolsun!

 

            Türkmen edebiýatyny öwreniji filolog – Maýa Semizade Sapar gyzy.