Türkmen taryhynyñ Eýran-Pars medeniýetine täsiri…

 

Türkmen halkynyñ geçmişine göz aýlasañ, gadymyýetiñ çuñluklaryndan asyrlaryñ agyr günlerini başdan geçiren – bir gadymy halkyñ owazy gulagyña gelýär. Türkmen halky ajyly-süýjüli günleri arkasyna atyp ýegşerilmän şu günlere ýetip geldi. Şo boldy – ýurt eýeledi, aryf-dana boldy – akyl berdi, ema “Miweli agajyñ başy aşak” diýilşi ýaly, hiç wagt men-menlik satmady. Beýle häsiýet bolsa, Türkmeni jahana tanatdy. Türkmen halky ýaly bütün ýer ýüzünde uly bir migrasiýany (ýaýraýyşy) geçiren halk az-azdyr. Onuñ hem sebäbi soñky müñýyllykda Türkmen halkynyñ içinden dörän imperatorlyklar, şalyklar, beglikler, hanlyklar sebäp bolupdyr. Haýsy mekanda ýaşasalaram öz TÜRKMEN adyna ysnat getirmän, gaýtam şol ýurduñ soltany-begi derejesine çenli göterildi. Türkmeniñ adyny arşa göteren şahsyýetleriñ Hytaýdan başlap Hindistana, Ýewropa ýurtlaryndan tä Amerika çenli adyny eşitmek mümkin. Türkmen taryhy, medeniýeti, edebiýaty, sungaty ony bütün jahana aýlady.

Asyrlaryñ jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan Türkmen taryhy Oguzlaryñ-Türkmenleriñ 24 şahasynyñ ýer ýüzünde nähili we nirede ýaýrandygyna käbir mysallary getirmek isleýärin: Hytaýda Hytaý dilinde “Gansu şao şu min žu” ýagny “Gansu welaýatynda az sanly milletler” diýen kitabynda Gansu welaýatynda ýaşaýan Salyr Türkmenleri hakda maglumatlar berilipdir. “Gündogar halklary” atly akademik neşiriñ ýazyjylary bolsa “Salyrlaryñ XIV asyrlarda Hytaýa göçendigi hakynda maglumat beripdir. Salyrlaryñ Garaman urugynyñ Gansu we Sinhaý etraplarynda ýerleşendiklerini habar berýär.” Ondan başga-da, Hindistanda Türkmeniñ Gaýy urugynyñ, Yrakda Baýandyr urugynyñ, Owganystanda Ärsary, Saryk we Salyr taýpalarynyñ, Türkiýede Gaýy, Baýandyr, Salyr taýpalarynyñ wekilleri ýaşaýar. Olaryñ käbiri köp sanly milletleriñ içinde ýitip gitmezlik üçin öz taýpa-tire atlaryny familiýa edip göteripdirler. Mysal üçin: Garaman, Akman, Gaýy, Togtamyş, Utamyş, Bekdili, Sa-luri, Teke, Çowdur, İgdir atlylaryñ ata-babasynyñ yzyny yzarlasañ Türkmen bolup çykmagynyñ mümkindigini gepiñ gerdişine görä aýtmalydyrys.   

Umuman, Türkmenleriñ jahana ýaýramagy bilen onuñ medeniýeti, sungaty, edebiýaty, däp-dessury hem jahana ýaýrapdyr. Köp sanly milletleriñ içinde ýaşasalar-da olar öz medeniýetlerini ýitirmän şu günlere ýetipdirler. Munuñ hem sebäbi Türkmen halky dünýäniñ köp ýurtlaryny basyp alyp, agalyk edensoñ, şol ýurda öz medeniýetini ornaşdyrypdyrlar. Türkmen taryhynyñ saralan sahypasyna ser salsañ, esasan hem Eýran döwleti bilen serhetdeş bolup birnäçe ýüzýyllyklar Eýran şalary Türkmenlerden bolansoñ, Türkmen medeniýetiniñ “aýak yzy” mese-mälim bildirýär. Eýranda Oguzlaryñ ýörüşi we taryhy hakynda ýazylan Taslalah Reşideddiniñ “Oguznama” kitabynda, “Oguzyñ Bagdada, Basra we goñşy ülkelere ýörüşi” diýen bölümde, Oguz ýigidi Gara suluk atasy Ýöşi hojanyñ ýanyna gelip: “Biz häzir İsfahany basyp alyp bilmedik. Bize ýol görkez” diýip maslahat sorapdyr. Gara Sulugyñ atasy ogluna söweş mekirligi bilen İsfahany ýeñip almagyñ ýoluny görkezipdir we 90 müñ goşun bilen şäheri eýeläpdirler. Soñra Reý, Hemedan, Gazwin şäherlerini ele alyp Damawendiñ ýazyny halap bu ýerde iki ýyl galypdyr. (Damawend Tährandan 60 km uzaklykda ýerleşendir). Soñra Oguzyñ Mazenderana, Gürgene, Dehistana, Kuhistana, Horasana ýörüşi we basyp alyşy hakda bölüm bar. Bölümde Oguzlaryñ İsfraini we Sebzewary basyp alyşy, Nişapury basyp almak üçin gören kyn ýeñişi hakynda gürrüñ berilýär. Tutuş “Oguznama” Oguzlaryñ jahana eden ýörüşleriniñ ýazgysy diýsek ýalñyşmarys. Oguz ýörüşünden soñ Eýranda Seljuk Türkmenleriniñ hem hökümdarlyk eden döwri bolupdyr. Seljuk döwletiniñ XI asyrda döräp, ony Mikailiñ ogullary Çagryl beg we Togrul beg dolandyrypdyrlar. Seljuk döwleti Kiçi Aziýa we Kawkaza çenli bolan aralygy öz içine alypdyr. Togrul beg Eýranda hökümdarlyk eden wagty Reý gülläp ösýär we ylmyñ, medeniýetiñ pajarlap ösen ýerine öwrülýär. Togrul begiñ mazary Tähranyñ gadymy şäher ady bilen tanalýan böleginde gadymy Reý şäherinde saklanýar. Mundan başga-da Şirazda XII-XIII asyrlarda hökümdarlyk eden Atabeg Türkmenleri we Pars welaýatynda (paýtagty Şiraz) 1148-1287 ýyl aralygynda Salyr Türkmenleri Şunkar beg Madud hökümdarlyk edýär.

Şol ýyllarda Lorustanda Atabeg hökümdary Abu Tahyr soñra Howzustan welaýatyny birikdirip soñra Mongol hökümdary Abaga sowgat beripdir. Umuman aýdanyñda Eýran taryhynyñ soñky müñýyllygy tutuşlaýyn diýen ýaly Türkmenler bilen bagly. Oguz Türkmenleriniñ ýörüşinden başlap, tä Owşar Türkmeni Nedir şanyñ hökümdarlyk eden ýyllaryna çenli Eýranyñ taryhy Türkmeniñ ykbaly bilen berk bagly. Soñky müñýyllykda Eýranyñ gadymy medeni we edebi taryhy dünýä medeniýetine uly bir taryhy ýadygärlikleriñ ansamblyny peşgeş berdi. Maşadyñ gündogarynda ýerleşen Aýaz hanyñ minarasyny Köneürgenjiñ minarasyndan kem görer ýaly däl. Bu minara Beýik Ýüpek ýolunyñ ugrunda ýerleşipdir. Biziñ çagalygymyzdaky okan Aýaz han ertekimiziñ janly şaýady bolan bu ýadygärlik Seljuklaryñ döwrüne degişli bolup, Horasanyñ taryhy gymmatlyklarynyñ biridir. Ondan başga-da Nişapurdaky kerwensaraýlar, Sebzewardaky buzhanalar, Tusdaky gadymy zyndan we Yslamyñ alymy Muhammet Gazalynyñ mazary, Şahruddaky tutuş Türkmensährada (şähri Jurjanda) bar bolan gadymy ýadygärlikleriñ ählisinde Türkmeniñ ady bar. Toponomik atlar (ýer-ýurt atlary) hem bu ýerde Türkmeniñ Göroglylarynyñ Gyratlylarynyñ aýak aşaklarynda depelenendir diýmäge esas berýär. Türki dilde Parslara düşnüksiz bolan ýer-ýurt atlary bu ýerde Türkmenleriñ bolandygyna güwä geçýär. Mysal üçin: Hoşýaýlak (Semnan welaýatynda), Garluk (Horasan welaýatynda. Garluklar Oguz ýörüşinde bu ýerde garly ýerlerden geçip bilmän galan Türkmenlerdir. Olaryñ dili Türkidir). Gyzylgantökülen, Aladag, Çeşmehan, Erik, Armytlu, Goçant, Deregez atlary mysal bolup biler. Horasanyñ Bujurnt, Ysfraýyn şäheriniñ töwereklerindäki obalarynyñ arasynda özlerini Pars diýip tanasalar-da Pars dilini belmän ýörenleri-de bar. Olar arassa Türki dilde gepleýärler. Oguz ýörüşinden soñ Türkmenleriñ gadymy Pars topragyna aýagyny basandan soñ Türkmen soltanlarynyñ we şalarynyñ niýeti ýurdy dargatmak däl-de, ösdürmekdi. Şonuñ üçin hem Türkmen medeniýetiniñ bu ýurda giñden ornaşandygyny aýtmalydyrys. İlki bilen Türkmen medeniýetiniñ bir bölğgi bolan taryhy binalar, edebi ýazuw ýadygärlikleri, ylym ojaklary, ady dünýäde tanalan Türkmen halysy, şaý-sepleri, halk döredijiligi bularyñ ählisi hem Türkmeniñ özi bilen deñ gadam urupdyr.  

Nişapurda gadymy kerwensaraýda Seljuklaryñ we Sefewidleriñ döwrüne degişli bir muzeý döredilipdir. Muzeýde bar bolan eksponantlaryñ içinde şol döwürde Nişapurda ýasalan şaý-sepleriñ bir toparyny goýupdyrlar. Gelin-gyzlaryñ dakynan gülýakalarynda we bileziklerinde çekilen nagyşlarynda Türkmenleriñ göçburuk, garagoçak, kyrkgoçak nagyşlary mese-mälim dur. Ondan başga-da at üçin esbaplarda hem Türkmenleriñ halan reñk öwüşgünlerini we atkeçelerini görmek bolýar. bu ýerde eýerleriñ gaşyna hakyky pöwrüze daşlaryny goýup bejermekde hem ökde ussat zergärler bolupdyr. Başga-da Mahmut Gaznawynyñ hökümdarlyk eden döwründe Pars edebiýatynyñ iñ meşhur eposy “Şanama” ýazyldyb Mahmut Gaznawynyñ hökümdtarlyk eden döwürlerinde ylym we medeniýet gülläp ösdi. Ol Orta Aziýadan we Eýran alymlaryny bir ýere jemledi. Olaryñ arasyndan ensiklopediýaçy alym Abu Reýhan Biruni hem bardy. Soñra Mahmud Gaznawy ölenden soñ Seljuk weziri Nyzam-uy-mülk “Syýasatnama” kitabynda beýuk Seljuklar döwletine hökümdarlyk etjeklere Mahmut Gaznawy ýaly medeniýeti we edebiýaty ösdürjek boluñ diýip ýazýar.   

Soñra Muhammet Togrulbeg döwründe hem Eýranda ylym gülläp ösýär. Ol ýüzlerçe medreseler, binalar, metjitler saldyrýar. Togrulbege metjide “hutba” okadylyp, soñra “HALKYÑ SÖÝGÜSİ” diýen at berilýär. Gadymy Türbet-Jam şäherinde şyh Ahmet Jamynyñ mazaryna dünýä ýüzünden alyma hormat goýýanlar zyýarata gelýänler köp, seljuklaryñ soñky hökümdary Soltan Sanjar hem bu ýere gelip, metjidiñ salnan güni bir gün alymyñ hormatyna işläpdir diýip aýdýarlar. Umuman aýdanyñda medeniýeti taryhsyz, taryhy-da edebiýatsyz, edebiýaty-da sungatsyz göz öñüne getirmek kyn. Eýran medeniýetiniñ agramly bölegini tutýan Türkmen taryhynyñ gürrüñi uzak. Munuñ üçin Eýrandaky ünsden düşürülen ýadygärlikleri (mezheb) meselesi bilen gözden salnan ýadygärlikleri öwrenilse, diñe bir Türkmen-Pars medeniýetiniñ taryhy däl-de, dünýä üçin gymmatly bolan maglumatlar alnyp bilner. Bu ähmiýetli meselä Türkmen döwleti bolan atawatan Türkmenistan we ähli Türki halklaryñ enesi bolan Türkiýe döwleti hem baş galdyrsa ýene-de bir gezek Oguz hanyñ, Togrulbegiñ, Çagrylbegiñ, Mahmud Gaznawynyñ, Alparslanyñ, Türkmeniñ 24 şahasynyñ wekilleriniñ ruhy şat bolardy. 

Maýa Semizade

Eýran, Türkmensähra, Kelala şäheri.

E-mail: didar_samayzadeh@yahoo.com