ÇÖZÜMLENMEMİŞ LÂTİN HARFLİ METİNLER

 

SYNAG

Ol gün Oraz üçin iň şatlykly günleriň biri boldy. Kakasy ony özi bilen  a­wa alyp gitdi.

Olar çaýyrly ýoldan ýöräp gelişlerine, köne jaryň guran gamyşlaryny bas­gy­lap, Jeýhunyň kenaryna ýetdiler. Amyderýa düwme ýasap, däli-por­han bolup oý­na­ýar. Gyşyň aňzagyna boýun bolup, onuň doňjak gümany ýok. Oraz aňyrsy ça­ňap görünýän derýany mähir bilen synlap, göwnün­dä­ki­ni dile getirdi:

- Kaka, heý, Jeýhun derýamyz ýaly owadan hem oýunçy derýa bar­my­ka?

Halmyrat aga ädiginiň palçygyny suwa ýuwup bolup, uçup giden iki ýa­şyl­ba­şa garady.

- Jeýhunyň owadan däl zady bolmaz, oglum! Üstesine-de çörekli, be­re­ketli der­ýadyr bu. Gör, Garagumy nädiberdi ol.

Awçylar Jeýhunyň kenaryny synlap, kän ýörediler. Indi çep tarapynda jeň­ňe­llik başlanýardy. Gije ýagan gar ýeri, agaçlary kümüş dona büräpdi. Jeň­ňel üm­sümdi, parahatdy. Ne tilki görünýärdi, ne-de şagal, käte bolsa keý­pi joşýan ala gargalar duşýardy. Diňe şahalary burjy baglan igdeler, ýyl­gynlar, toraňňylar ir­kilişip, dymyşyp otyrdylar. Bir açyklyga ýetdiler welin, Hal­myrat aga garyň üs­tündäki guş yzlaryna siňe garap, tüpeňine ok saldy. Sül­güniň yzy. Şu töwe­rek­de­dir olar. Gözüme kaklyşdygy, sypdyrman.

Oraz güne ýaldyraýan kümüşleç töweregi synlady. Hiç zat ýok. Diňe gün düş­ýän pudaklardan gar tokgajyklary ýere gaýyp düşýärdi. Halmyrat a­ga awuny yzar­lap ugrady.

Orazam kakasynyň yzy bilen barýardy.

Tüpeňli awçy birden ullakan toraňňa ýaplanyp, tüpeňiň gulagyny gaý­tar­dy. Hol aňyrda iki sany sülgün gary dörüp, iým çöpleýärdi. Oraz olary gö­reninden, ýü­regi gürsüldäp urmaga başlady. Kakasy bir gözüni ýumup, sül­günleri nyşana alan­da bolsa, Oraz onuň synyndan ýapyşyp, ýalbarmaga durdy:

- Atmasana, kaka...

- Näme üçin?!

- Atsaň, senden örän gaty öýkelärin, kaka!

- Weý, munuň aýdýanyny! Uçmankalar, tüwdüreýin ahyryn...

 

Halmyrat aga şeýle diýdi-de, ýene çemelendi. Emma Oraz ony bar güý­ji bi­len silkeledi.

 

- Sen ýaňy Jeýhunyň ähli zady gözel diýmediňmi näme?! Indi näme şol gö­zel zatlary atjak bolýaň?!

 

Halmyrat aga oglunyň goýmajagyny bilenden soň, tüpeňiň mäşesini öň­ki ýe­rine eltdi-de, oňy omrup, nilindäki oklary çykardy. Orazyň egnine e­li­ni goýdy:

 

- Oglum, menem-ä tokaýy, derýa kenaryny, sülgünleri, gumrulary go­wy gör­ýärmikäm diýýärdim welin, sen mendenem ozdurjak. Men seni sy­na­dym, og­lum. Tebigatymyza nähili garaýanyňy duýjak boldum. Sülgün meýdan-lary­my­zyň gelşigi. Olary goramagymyz gerek - diýdi.

                                    Ç. Çaryýew

 

 

 

         TÜWELEÝ

 

Pyrlanyp-pyrlanyp ik ýaly

Gelýär gözleri ýok ýaly.

Gelýär, gelýär basgylap

Ýol ugrunda bar zady,

Urup-ýykyp gelýär ol.

Ol bezzadyň bezzady.

Köp pyrlanyp-pyrlanyp,

Aýlanandyr kellesi.

Belki şonuň üçindir

Urup-ýykyp gelmesi?!

Gelýär-gelýär tüweleý,

Tiz öňünden sowul-eý!

 

                     K. Nurbadow

 

PAGTA ÇIGIDI

 

Gyşyň sowuk günleridi. Çal serçe hem açlykdan ýaňa ganatlaryny zor­dan ýa­ýyp, iým gözleýärdi. Birden kesekleriň arasynda ýatan nohut ýaly ga­ra zady gör­di. Ol pagta çigididi. Serçe çokjak bolup çüňküni uzatdy we­lin, birden çigit dil­lendi:

- Eý, guşjagaz, sen meni çokma! Ýeke çigitden aňryňa zat düşmez. Wag­ty ge­lende meniňem saňa ýagşylyk eden ýerim bolar.

- Şeýlemi?

- Gowusy, meni hiç kim görmez ýaly, ýylyjak ýerde ýygşyr. Serçe o­nuň diý­şi ýaly etdi. “Özümiň sowukdan doňup barýan halyma ony gizlän bol­-ýan-a. Ýog­sa-da, ol maňa näme ýagşylyk edip biler?” diýip pikirlendi. Çi­git ýene-de ses­lendi:

- Bahar paslynda ýanyma gel, şonda görersiň. Ahyry bahar hem gelip ýet­di. Çal serçäniň hälki çigit ýadyna düşdi. “Habar alaýyn, ol şindizem şol ýer­de ýa­tyr­myka? ” diýip, ýygşyryp goýan ýerine geldi. Görse iki gulaklyja gä­mik ösüp otyr.

- Çal serçe, näme, meni tanamadyňmy? Men şol çigitden çykan gämik-dä! - Ser­çe geň galyp, onuň gapdalyna gondy.

- Be, sen kiçijik garaja zatdyň-la?

- Serçe, hany ýadyňa sal, sen birwagtlar meniň saňa ýagşylyk edip bil­jek­di­gi­me ynanmandyň. Indi men seni tomusda jokrama yssydan halas ede­rin. Güýz­de bolsa saňa sowgat bererin.

Serçe gämigi özüne dost tutunyp, şol ýerde höwürtge ýasanyp çağa­jyk­la­ry­ny ösdürip ugrady. Güýzde gündizlerine howa yssy bolsa-da, gije­le­ri­ne sowaýar­dy. Pagta çigidinden ösüp çykan gowaça ulalyp, tas adam bo­ýy boldy. Onuň şa­ha­larynda goçak-goçak gozalar düzüm-düzümdi. Soňra o­lar patrak ýaly açyl­dy­lar. Çal serçe bu ýagdaýa örän geň galýardy. Şa­hala­ryn­daky gozalar biri-biriniň yzyn­dan açylyp, ýylgyryşyp, ýüzüňe bakyşyp dur­dy. Körekleri ýaryp çykan pag­ta süýümleri şeýle bir mylaýym hem ýe­ňil­di.

- Eý, serçe, şu süýümleri ýygnap, öýüňe daşa, hökman gerek bolar -di­ýip, go­waça dillendi.

Çal serçe pagtalary ýygnady. Ol çigidi aýrylan pamykdan ýüplük egrip, ma­ta dokady. Çagalarına geýim-gejim tikdi. Çigitleri bolsa, gyşda üşemez ýa­ly, ýy­ly ýerde ýygşyrdy. Indi olara gyş gorkuly däldi.

                                                                      A. Çopanow

 

 

      MEN AŞGABATLY

 

Gije ýene gerdi gara perdesin,

Sansyz harabany gizledi gözden.

Binaçy motorlar bes etdi sesin,

Binaçylar syldy çaňyny ýüzden.

 

Çaňly çadyrymyň ygyna geçip,

Otyryn bir özüm oduň başynda.

Göwün guşum ýene ganatyn açyp,

Pelpelleýär höwürtgäniň daşynda.

     

Otyryn armanly, eşit, Aşgabat,

Seniň hesretiňden ýüregim otly.

Gözel günleriňi ýene edip ýat,

Otyryn umytly men Aşgabatly.

 

Otyryn. Kä ýerde ýanan yşyklaň

Ýaraly göwnüme berýär teselli.

Hany seniň hoş sapaly köşükleň?

Dert azaby derdi çekene belli.

 

Adalatsyz apy-tupan belasy

Seni bir deminde eýledi weýran.

Ülkämiziň göwher-täji-galasy,

Seniň mertligiňe uly il haýran...

Damsa damsyn oda gözümiň ýaşy,

Aýyp däl aglamak iliň derdine.

Bu gije ýassanyp ýatsam-da daşy,

Bilýärin, otaga salarsyň ýene.

 

Öýden aýrylsam-da, ojagym sönüp,

Sendedir ýüregmiň örki, Aşgabat.

Men neneň derdimi diýmäýin ýanyp,

Gözümiň guwanjy, görki, Aşgabat!

 

Bu halyňda ýaramasam derdiňe,

Haram bolsun maňa çeşmeleň suwy.

Zehinim, zähmetim seňkidir diňe,

Aşyklar şäheri, şahyr arzuwy.

 

Ölsem-de adyňdan aýrylmaz ýürek,

Men seniň baryňda bagtly, batly.

Söýýärdim, söýýärin, söýerin jan dek,

Men seniň öz ogluň, men Aşgabatly.

 

                                         A. Atajanow

     

 

 

 

 

 

DÖWHE GOJA OGLY DÄLI DUMRUL

BOÝUNY BEÝAN EDER

 

Oguz illerinde Döwhe goja ogly Däli Dumrul diýen bir är bardy. Ol bir gu­ry ça­ýyň üstünden köpri ýasap, kim şondan geçse, otuz pul alyp, geç­me­dik­den bol­sa ura-ura kyrk pul alardy.

Beýle etmeginiň sebäbi, onuň özüne göwni ýetýändigindendi. Ol "Dün­ýäde me­niň bilen söweşer ýaly menden däli, menden güýçli är bar­my­ka, bir meniň bi­len söweşse, meniň adym Ruma, Şama ýaýrasa!" diýip ö­wü­nerdi we yrsarardy.

Bir gün şol köprüniň ýamajyna bir oba göçüp geldi. Şol obada bir ýag­şy ýi­git ölýär. Kim ogul diýu, kim gardaş diýu, aglaşarlar. Ol ýigit üçin uly ýas bag­lan­dy.

Nägehandan Däli Dumrul şol oba çapar etdi. Aýdar:   

- Meniň köprümiň ýanynda näme üçin aglarsyňyz, bu ýas, bu gowga nä­me? - di­ýip olaryň üstüne gygyrdy.

Olar:

- Hanym, biziň bir ýagşy ýigidimiz bardy, şol öldi, şonuň üçin agla­şa­rys - di­ýip jogap berdiler.

Däli Dumrul:

- Siziň ol ýigidiňizi kim öldürdi? - diýdi.

Olar:

- Allatagaladan buýruk boldy, al ganatly Ezraýyl onuň janyny aldy... - diý­di­ler.

Däli Dumrul:

- Ol adamyň janyny alýan Ezraýyl diýýäniňiz kimdir? - diýip sorady.    -Eý, ka­dyr Alla, barlygyň haky üçin Ezraýyly bir meniň gözüme görkez, o­nuň bilen bir söweşeýin, çekişeýin, bu ýagşy ýigidiň janyny gutaraýyn hem in­dikide ýagşy ýi­gitleriň janyny almaz ýaly edeýin! - diýip dolanyp, öz öýü­ne bardy.

Hak tagalaga Dumrulyň sözi ýaramady. - Serediň-le, ol däli meniň bir­li­gimi bil­mez, şükür kylmaz, meniň uly dergahymda men-menlik eýlär - diý­di, Ez­ra­ýy­la buýruk berdi:

- Eý, Ezraýyl! Bar, ol Däliniň gözüne görün, meňzini sarardyp, har­la­dyp ja­ny­ny algyn! - diýdi.

Däli Dumrul ýigitleri bilen öz öýünde iýip-içip oturardy. Şol wagt Ez­ra­ýyl onuň ýanyna geldi, onuň girenini gapy saklaýanlar hem görmediler. Bir­den-de Dä­li Dumrulyň görer gözi görmez boldy, tutar elleri tutmaz bol­dy, dünýä-älem onuň gözüne garaňkyrap göründi.

Däli Dumrul Ezraýyla garap gygyrdy:

- Sen ne haýbatly goja sen, gapyçylar seni görmedi, çawuşlar seni duý­ma­dy, me­niň görer gözüm görmez boldy, ellerim ysmaz boldy, meniň ja­nym joşa geldi, al­tyn käsäm elimden gaçdy, agzymyň içi buz kibi boldy, süňk­lerim toz kibi bol­dy. Eý sakgaljygy akja goja, gözjagazy çöňňe goja, ne haýbatly goja sen, diýgil ma­ňa! - diýdi, -  Gadam belam tokunar bu gün sa­ňa - diýdi.

Muňa Ezraýylyň gahary gelip:

- Eý, Däli, gözümiň çöňňeligini ne halamaz sen. Men gözi owadan gyz­la­ryň, gelinleriň janyny köp aldym. Sakgalymyň aklygyny ne halamaz sen, ak sak­gal­ly, gara sakgally ýigitleriň janyny köp aldym. Ine, sakga­ly­myň aklygynyň ma­nysy budur - diýdi. - Hä, ýeri, sen: "Ezraýyl bir elime düş­se, ony öldürüp ýag­şy ýigitleriň janyny onuň elinden gutararyn" di­ýer­diň. Ynha, men seniň janyňy al­maga geldim. Janyňy berermiň ýa-da meniň bi­len jeň edermiň? - diýdi.

Däli Dumrul:

- Şol al ganatly Ezraýyl senmi? - diýdi.

Ezraýyl:

- Hawa, men - diýdi.

- Şu ýagşy ýigitleriň janyny alýan hem senmi?

- Hawa, men.

Däli Dumrul:

- Aý saklawlar, gapylary ýapyşdyryň! - diýip gygyrdy. Soňra Ezraýyla ga­rap:

- Men seniň bilen giň ýerde duşuşmagy arzuw ederdim. Emma dar ýer­de eli­me düşdüň, indi men seni öldürip, ýagşy ýigitleriň janyny gu­tara­ryn! - diýdi.

Ol gara gylyjyny syryp, Ezraýyly çapmak üçin hemle kyldy.

Ezraýyl kepderi sypatyna öwrülip, penjireden çykyp uçup gitdi.

Däli Dumrul el çarpyp loh-loh güldi.

- Ýigitler, görüň Ezraýyly, men ony gaty gorkuzdym, ol gyssanjyna giň ga­py­­ny taşlap, dar penjireden guş bolup uçup gitdi, her ýere gitse-de men   o­ny syp­dyr­maryn - diýdi.

Ol ýaraglanyp atlandy, kowup gitdi, meýdanda bir-iki sany gögerçini öl­dü­rip, öýüne gaýtdy.

Ýolda Ezraýyl onuň atynyň gözüne göründi - at ürkdi. Däli Dumruly gö­te­rip, ýere çaldy. Ezraýyl onuň üstüne münüp, bogup başlady. Däliniň bo­gazy har­la­maga başlady.

Däli Dumrul:

 

- Aý Ezraýyl, aman!

Taňrynyň birligine ýokdur güman,

Men seni beýle bilmez idim,

Ogryn jan aldygyň duýmaz idim,

Ne sözledim, bilmedim,

Janym alma, Ezraýyl, medet -

diýdi.

Onda Ezraýyl aýtdy:

- Aý, Däli, maňa näme ýalbarar sen? Allatagala ýalbar. Men hem bir ýu­muş og­lany, başga bir elimden gelýän zat ýok.

 Däli Dumrul:

- Ýa-da jan berip, jan alýan Allatagalamy? - diýdi.

- Hawa, şonuň özüdir.

- Onda sen bu ýerde näme işlär sen? Sen aradan aýryl, men Allanyň ö­zi bi­len habarlaşjak.

Soňra ol Alla ýüzlenip:

- Sen hemmelerden belentsen, sen musulmanlar dilinde hemişe ýatla­nar sen. Eger meniň janym almakçy bolsaň, özüň al, meniň janymy Ezra­ýy­la aldyrma - diý­di.

Däli Dumrulyň bu sözleri Hudaýa hoş geldi:

- Eý, Ezraýyl, Däli meniň birligime şükür kyldy. Eý Ezraýyl, Däli Dum­rula söz­le, eger Däli Dumrul jan ýerine jan tapyp berse, onuň öz jany a­zat bolsun! - diý­di.

Ezraýyl Hudaýyň buýrugyny Däli Dumrula habar berdi:

- Eý, Däli Dumrul, Allanyň emri - sen jan ýerine jan tapmaly, seniň ja­nyň azat bolsun!

Däli Dumrul aýdar:

- Men nähili jan tapaýyn? Ýöne meniň bir garry atam bilen garry enem bar. Gel şolaryň ýanyna gideli, belki, ikisinden biri janyny berer.

Däli Dumrul sürdi, atasynyň ýanyna geldi, onuň ellerinden ogşap, söý­le­miş, gö­reliň, ne söýlemiş:

- Ak sakgally, eziz, yzzatly, janym atam, eşider bolsaň, şeýle bir waka bol­dy. Küpür söz sözledim, bu sözler hem Hudaýa ýaraman, Ezraýyla buý­ruk be­rip­dir. Ezraýyl uçup gelip, garnyma basyp mündi, hyrryldadyp meniň süý­ji janymy alar boldy. Men indi senden jan diler men. Sen janyňy berer­mi sen, ýogsa "Ogul, Dä­li Dumrul" diýu aglarmy sen?

Onda atasy aýdar:

- Ogul-ogul, aý ogul, janymyň parasy ogul, dogdugynda dokuz bugra öl­dür­di­gim, arslan ogul, tüýnügi altyn bowun ak öýümiň gabsasy ogul, ga­za meň­zär gy­zymyň, gelnimiň bezegi ogul. Eger garşyda ýatan gara dagym ge­­rek bolsa, söý­le Ezraýyla, gelsin onuň ýaýlasy bolsun. Sowuk-sowuk suw­­larym gerek bol­sa, oňa içit bolsun. Telbe-telbe şabaz atlarym gerek bol­­sa, oňa minit bolsun. Ha­tar-hatar düýelerim gerek bolsa, oňa ýüklet bol­sun. Agyldaky akja goýnum ge­rek bolsa, oňa iýmit bolsun. Altyn-kümüş pul gerek bolsa, oňa harçlyk bolsun. Em­ma meniň üçin dünýä we şirin jan süý­­jüdir, men janymy gyýa bilmen. Sen şo­ny belli bilgil. Ýöne söýgüli  eneň ýa­­nyna bar, belki, ol janyny berer.

Däli Dumrul atasyndan ýüz tapman, sürüp enesiniň ýanyna bardy. Ol aý­dar:

- Ene, bilermi sen näler boldy? Gök ýüzünden al ganatly Ezraýyl uçup gel­di, me­niň göwsüme basyp mündi, harladyp janymy alar boldy. Atamyň ýa­nyna jan di­läp bardym - bermedi. Sen näder sen, janyňy berermi sen, ýog­sa saçyňy ýolup, ýü­züňi ýyrtyp: "Ogul, Däli Dumrul" diýu aglarmy sen? A­jy dyrnak ak ýüzüňe ça­larmy sen? Garga kibi gara saçyň ýolarmy sen? E­ne!

Bu ýerde enesi söýlemiş, göreliň ne söýlemiş.

Enesi aýdar:

 

- Ogul-ogul, aý ogul!

- Dokuz ýyl dar garnymda göterdigim ogul,

On aý diýende, dünýä ýüzüne getirdigim ogul,

Dolap-dolap ak süýdümi emdirdigim ogul,

Akja burçly hysarlarda tutulaýdyň, ogul,

Sasi dinli gäwür elinde tutulaýdyň, ogul,

Altyn akja güýjüňe sygyban, seni gutaraýdym, ogul,

Ýaman ýere barmyş sen - bara bilmen.

Dünýä şirin, jan eziz, janymy gyýa bilmen,

Belli bilgil.

 

Enesi hem janyny bermedi. Ezraýyl Däli Dumrulyň janyny almaga gel­di. 

Däli Dumrul aýdar:

- Eý, Ezraýyl, aman!

Taňrynyň birligine ýokdur güman.

Onda Ezraýyl aýdar:

- Ýeri Däli, indi näme aman diler sen? Ak sakgally ataň ýanyna bardyň - jan ber­medi. Ak bürenjekli eneň ýanyna bardyň, jan bermedi, dagy kim jan berse ge­rek!

Däli Dumrul aýtdy:

- Meniň aýalym bar, iki çagam bar, meniň olara aýtjak zatlarym, etjek wes­yet­lerim bar. Maňa biraz rugsat ber, şondan soň janymy alar sen.

Ol sürdi, aýalynyň ýanyna bardy, aýdar:

 

- Bilermi sen näler boldy? Gök ýüzünden al ganatly Ezraýyl uçup gel­di, me­niň göwsüme basyp gondy, meniň şirin janymy alar boldy. Atamyň ýa­ny­na bar­dym - jan bermedi, enemiň ýanyna bardym, jan bermedi, "Dün­ýä şirin, janymyz süý­ji" diýdiler. Indi:

Ýüksek gara daglarym saňa ýaýlag bolsun,

Sowuk-sowuk suwlarym saňa içit bolsun,

Telbe-telbe şabaz atlarym saňa minit bolsun,

Tüýnügi altyn bowun öýüm saňa kölge bolsun,

Hatar-hatar düýelerim saňa ýüklet bolsun;

Gözüň kimi tutarsa,

Köňlüň kimi söwerse,

Sen oňa bargyl.

Iki oglanjygym oňsuz goýmagyl-

diý­di.

Onuň aýaly söýlemiş, göreliň, ne söýlemiş:

Ne diýer sen, ne söýlär sen,

Gözüm açyp gördügim,

Köňül berip söwdügim,

Goç ýigidim, şa ýigidim,

Garşy ýatan gara daglary senden soňra men neýlärem,

Ýaýlar olsam, meniň görüm olsun,

Sowuk-sowuk suwlaryň içer olsam,

Meniň ganym olsun,

Altyn akjaň harçlar olsam,

Meniň kepenim olsun,

Telbe-telbe şabaz atyň müner olsam,

Tabytym olsun,

Senden soňra bir ýigidi söwüp barsam, bile ýat-sam,

Ala ýylan bolup meni soksun,

Seniň ol muhannes eneň-ataň

Bir janda näme bar, saňa gyýmandyrlar!

Arş tanyg olsun!

Kürs tanyg olsun, ýer tanyg olsun,

Gök tanyg olsun, kadyr taňry tanyg olsun -

Meniň janym, seniň janyňa gurban bolsun! -

 

diýip, janyny bermäge razy boldy.

Ezraýyl ol aýalyň janyny almaga geldi. Emma adamsynyň ýoldaşyna gö­zi gyý­mady. Ol Hudaýa ýalbaryp başlady.

- Eý, uly taňrym! Uly ýollar üstünde seniň üçin ymaratlar saldyraýyn, aç gör­sem, doýraýyn - seniň üçin - ýalaňaç görsem, don edeýin - seniň ü­çin - alsaň, iki­miziň janyny bile al, goýsaň hem, ikimiziň janyny bile goýgul! - diýdi.

Däli Dumrulyň bu sözleri Hudaýa hoş ýakdy, ol Ezraýyla emr etdi.

- Däli Dumrulyň atasynyň, enesiniň janyny al, ol iki halala ýüz kyrk ýyl ö­mür berdim! - diýdi. Ezraýyl onuň ata-enesiniň janyny aldy.

Mundan soň Däli Dumrul öz ýoldaşy bilen ýüz kyrk ýyl ýaşady.

Dädem Gorkut geliben, boý-boýlady, söý söýledi: "Bu boý Däli Dum­ru­lyň­ky bolsun, muny menden soňraky alp erenler söýlesin, alny açyk jo­mart erenler diň­lesin" diýdi. Ýom bereýin hanym, ýerli gara daglaryň ýykyl­ma­syn, kölegelije ga­ba agajyň kesilmesin, akgynly görkli suwuň gura­ma­syn.

 

                                (Gorkut Ata Eposyndan)

 

 

 

 

 

 

           DAGLAR

 

Garrygala myhman barsaň,

Gujagyny geren daglar.

Soňudagy, Çendir, Hasar

Müň hasraty gören daglar.

 

Kellesine duman geýip,

Arkasyna gök don geýip,

"Salam!" diýsem, "Salam!" diýip,

Jogabymy beren daglar.

 

Her kemeriň her bir ýoly,

Müň asyryň ömür ýoly.

Magtymgulyň şygry ýaly

Kökün ýere uran daglar.

 

Gatbar-gatbar daşyňyz bar,

Galkan-galkan döşüňiz bar.

Bilmen nije ýaşyňyz bar,

Dünýe döräp duran daglar.

 

Daşyňyzdan aýlanaýyn,

Daşyňyzdan aýlanaýyn,

Başyňyzdan aýlanaýyn,

Pyragyny gören daglar.

                

                   Kerim Gurbannepesow

     

 

TÜRKMENL­­ERIŇ DAŞ KEŞBI

 

Türkmenleriň daş keşbi Orta Aziýanyň beýleki Türk halklarynyňkydan ma­za­ly tapawutlanýar. Türkmenleriň boýlarynyň uzynlygy we bedenleriniň berk­ligi me­se-mälim göze ilýär we göýdük ýa-da keselbent adamlar olaryň a­ra­synda sel­çeň duş gelýär. Munuň olaryň durmuşynyň agyrlygy, ýarym çar­wa halk bolan­dyk­lary we elpe-şelpelikde aýnadylmandyklary bilen dü­şün­dirilmegi müm­kin, on­soňam keselbent çagalar wahly çykmankalar ölüp gid­ýän ekenler.

(M. Saraý)

 

TÜRKMENLERDE MAŞGALA WE ÖÝ DURMUŞY

Türkmenler öz maşgalalaryny örän oňat görýärler. Aýallary oňat ek­läp-sak­la­ýarlar, olara ärleri hormat goýýarlar. Türkmenleriň arasynda bir­den köp aýal al­mak hemmelere mahsus däl, bu meselede olar Orta Aziýa­nyň beýleki musul­man Türk halklaryna meňzeş däl. Diňe atly-derejeli hanlar ýa-da begler iki ýa-da üç aýal alýarlar. Adatça, olar öz çagalaryny dost-ýar­la­ry­nyň çagalaryna öýe­renlerini gowy görýärler. Dostlukly gatnaşykdaky maş­galalaryň käbir çagalary örän ýaş wagtlary adagly edilýär. Olary ýaş ýet­ginjekkäler hem nikalap bilýärler. Em­ma olar birnäçe ýylyň dowamynda a­ta-eneleriniň garamagynda ýaşaýarlar. Soň olara öz maşgalalaryny gur­ma­ga rugsat berilýär. Adat-düzgün boýunça, og­la­nyň ata-enesi ýaş gelniň ýa­şa­ýyş zeruriýetini üpjün eder ýaly, gyzyň ata-ene­sine başlyk (belli mukdar­da pul we geýim-gejim, ýagny häzirki manysynda aý­da­nyňda "galyň") ber­ýär. Türkmen jemgyýetinde aýallar öz maşgalalarynyň için­de örän täsirli bol­ýar we öz kowumlarynyň umumy işlerinde edil erkek ki­şi­ler ýaly sözüni ge­çirip bilýär. Olar öz öý işleriniň köpüsini edýärler we öz maş­ga­lalarynyň pul­larynyň hasabyny ýöredýärler. Olar şeýle hem örän oňat urşu­jy­dyr­lar. U­mu­man aýdanymyzda, ýarym çarwaçylyk jemgyýetde Türkmen erkek ki­­şi­leri Türkmen aýal-gyzlaryna garanyňda az öndüriji agzalar bolup durýar­lar. Er­kek kişiler öz wagtlaryny atlaryna seredip we sürülerini bakyp geçir­ýär­ler, em­ma oturymly ýerlerde erkek kişileriň tutýan orny örän tapawutly, o­lar hojalyk ýö­retmek we senetçilik bilen meşgul bolýarlar. Türkmen­le­riň ykdysady dur­mu­şyndan belli bolşy ýaly, olar diňe bir ýer işleýän eke­ran­çy­lar däl-de, eýsem ga­ty ussat senetçiler hökmünde-de tanalýar. Olaryň ýa­sa­ýan kümüş şaýlary bü­tin Orta Aziýada meşhurlyk ga­za­nyp­dyr.

(M. Saraý)